Fulbraýt Mugallymçylyk ussatlygyny kämilleşdirmek maksatnamasy

ABŞ-nyň Türkmenistandaky Ilçihanasy halkara mugallymlara öz dersleri boýunça tejribe toplamak, mugallymçylyk ukyplaryny ýokarlandyrmak we ABŞ barada bilimlerini artdyrmak üçin ajaýyp mümkinçilikleri hödürleýän 2024-2025-nji ýyl üçin “Mugallymçylyk ussatlygyny kämilleşdirmek” maksatnamasy üçin açyk bäsleşlik yglan edýär. Gatnaşýanlar 2025-nji ýylyň ýanwar ýa-da sentýabr aýyndan başlap alty hepdelik maksatnama üçin ABŞ-a syýahat ederler. Bu ylmy dereje bermeýän okuw maksatnamasy okuw usulyýetini, sapak meýilnamalaşdyrylyşyny we okatmagyň strategiýalaryny, şeýle hem kompýuteri internet, ýazuw we okuw guraly hökmünde ulanmagy öwredýän okuw işlerini we intensiw taýýarlyk okuwlaryny öz içine alýar.Akademik maksatnamanyň bir bölegi hökmünde gatnaşyjylar öz ýurtlarynda derslerde ulanmak üçin sapaklaryň birnäçesini taýýarlamaga we düzmäge mümkinçilik alarlar hem-de maksatnamanyň dowamynda geçiriljek maslahatda hödürlemek üçin sapaklaryň birini gysga açyk sapak hökmünde taýýarlamaga mümkinçilik alarlar. Bu alty hepdelik maksatnama halkara gatnaşyjylar bilen amerikan mugallymlarynyň we okuwçylarynyň arasynda ysnyşykly we işjeň gatnaşyklary ýola goýmak üçin orta mekdepde kyrk sagatlyk tejribe işini hem öz içine alýar. Maksatnamanyň dowamynda gatnaşyjylar medeni syýahatlar we doly okuw goldawy bilen hem üpjün ediler.

Meýilnama şu aşakdakylar bilen üpjün edýär we doly maliýeleşdirýär:

  • Dalaşgärleriň iňlis dil bilim derejesini anyklamak üçin TOEFL synagynyň tölegi
  • J-1 görnüşli wiza goldawy;
  • Maksatnama gitmezden ozalky taýýarlaýyş duşuşygy
  • Gatnaşyjynyň ýaşaýan ýerinden ABŞ-a we onuň içindäki uçar harajatlary (maksatnama gatnaşmak üçin)
  • Maksatnamanyň tanyşdyryş we ýypylyş dabara maslahatlary
  • Okuw maksatnamasy üçin tölegler;
  • Ýaşaýyş jaýy (maksatnama beýleki ýurtlardan gatnaşýanlar bilen paýlaşylýan) we iýmit bilen bagly çykdaýjylar
  • Betbagtçylyk we syrkawlama ýagdaýlary öz içine alýan lukmançylyk ätiýaçlandyrylşy
  • Tejribe geçilýän mekdebe çenli ulag çykdaýjylary;
  • Akademik maksatnamanyň dowamynda iýmit we garaşylmadyk çykdaýjylar üçin gündelik pul serişdeleri;
  • Syýahat üçin niýetlenen pul serişde
  • Uçurymlar üçin geçirilýän çärelere gatnaşmak mümkinçiligi

Meýilnama kimler gatnaşyp bilerler:

  • Dalaşgärler azyndan 5 ýyl iş tejribeli (doly iş güni), we häzirki döwürde orta mekdeplerde ýa-da bilim merkezlerinde iňlis dili, matematika, takyk ylymlar ýa-da jemgyýetçilik ylymlary dersleri boýunça okadýan mugallymlar bolmaly.
  • 12-18 ýaş aralygyndaky okuwçylary okatmak; goşmaça synp derejelerini okatmaga jogapkär mugallymlar orta ýa-da uly ýaşly mekdep okuwçylaryna iş wagtynyň 50% -den gowragyny sarp eden bolmaly.
  • Maksatnamadan soň bäş ýyllap mugallymçylygy dowam etdirmegi meýilleşdirýän mugallymlar.
  • Meýilnama arza berilen wagtynda hem-de maksatnama döwründe Türkmenistanyň çäginde ýaşaýan bu ýurduň raýat
  • Maksatnama tamamlanandan soň mugallymçylygy dowam etdirmek we hünär borjuny görkezjek dalaşgärler bolmaly.
  • Sowalnamany doly we dogry görnüşde tabşyrmaly.

*** Bilim ulgamynda işleýän dolandyryjylaryň (Bilim ministrliginiň wekilleri ýa-da işgärleri hökmünde) we azyndan 50% sapak bermeýän mekdep dolandyryjylaryň, mugallymlara tälim berijileriň, uniwersitet fakultetleriniň agzalarynyň, hususy iňlis dili mugallymlarynyň we ilkinji nobatda daşary ýurtlylara hyzmat etmek borçlary bolan mekdep mugallymlarynyň meýilnama gatnaşmaga hukugy ýokdur.

Dalaşgärlere bildirilýän talaplar:

  • Ýokary bilim (uniwersiteti tamamlandygy) barada diplom ýa-da şonuň bilen deň derejeli resminama
  • Iň azyndan bäş ýyl mugallymçylyk tejribesi
  • TOEFL synagy boýunça azyndan 450 bal ýa-da internet arkaly görnüş sunag netijesi 45 bal (synag meýilnamanyň çäginde hödürlener)

Şu aşakdakylara gabat gelýän mugallymlary maksatnama tabşyrmaga çagyrýarys:

  • Zenanlary, jynsy, etniki, dini we geografiki azlyklary, maýyplygy bolan adamlary öz içine alýan, ýöne bular bilen çäklenmedik wekilçiligi az we ýagdaýy pes jemgyýetlerden bolan okuwçylary okadýan ýa-da şeýle jemgyýetden bolanlar.
  • ABŞ-a syýahat etmek mümkinçiligi örän az ýa-da hiç bolmadyk
  • Ozal “Fulbright” mugallym grantyny almadyk
  • ABŞ-da soňky bäş ýylda jemi 9 aýdan gowrak döwürde okuw, mugallymçylyk, gözleg ýa-da iş ýaly tejribesi bolmadyk.

Sowalnamalar

2025 “Fulbraýt Mugallymçylyk ussatlygyny kämilleşdirmek” maksatnamasy üçin anketalar 2024-nji ýylyň 16-nji fewral, sagat 23:59-a çenli kabul edilýär.

Dalaşgärler sowalnamany (PDF 2 MB) we edara tarapyndan goldaw, salgylanma formasyny (PDF 559 KB), işleýän ýeriniň işde bolmajakdygyny tassyklaýan formany (PDF 559 KB) hem-de Fulbright TEA maksatnamasynyň internet arkaly dalaşgärler üçin gollanmasyny (PDF 1 MB) ýükläp bilerler ýa-da AshgabatEducation@state.gov e-poçta talapnama ibermek arkaly alyp bilerler.

Habarlaşmak üçin:
ABŞ-nyň Ilçihanasynyň Maglumat we medeniýet bölümi,
Andalyp (1958) köçesiniň 70-nji jaýy,
Halkara işewürlik merkeziniň 3-nji gaty.
Tel.: (+99312) 473503; 473506; 473581; 473584
Faks: (+99312) 473529
E-poçta: AshgabatEducation@state.gov