TechGirls maksatnamasy

STEM bilen gyzyklanýan, 15-17 ýaş aralygyndaky ýaş liderleriň we kämilleşdirilişiň tarapdarlarynyň  joşgunly jemgyýetine goşulmak isleýän ähli gyzlary TechGirls maksatnamasyna gatnaşmaga çagyrýarys!

Amerikan tehnologiýa bilermenleri bilen bilelikde başarnyklary ösdürmek arkaly ýaş gyzlary (15-17 ýaş aralygy) STEM ugurlarynda ýokary bilim we kär edinmäge höweslendirmek we güýçlendirmek üçin döredilen intensiw tomusky maksatnama gatnaşmak üçin ýüz tutuň!   TechGirls, Wirjiniýa tehniki uniwersiteti bilen hyzmatdaşlykda 2024-nji ýylyň iýul-awgust aýlarynda geçiriljek 24 günlük alyş-çalyş maksatnamasydyr. Bu maksatnamanyň gatnaşyjylary interaktiw tehnologiýalar we kompýuter lagerine gatnaşarlar we soňra ABŞ-nyň şäherlerinden birine gidip (Ostin, Çikago, Sinsinati, Denwer, Detroýt ýa-da Sietl) jemgyýetçilik hyzmatlaryna, gysga möhletli tejribe we medeni çärelere gatnaşmak üçin tehnologiýa kärhanalaryna  we ýolbaşçy merkezlerine baryp görerler.  Şu maksatnama arkaly gatnaşyjylar aşakda sanawy getirilen  ugurlardan taze hünärler bilen tanşarlar:

  • Java,
  • Web programmirleme,
  • Raýat we daş-töweregi inženerlemek,
  • Grafik dizaýn,
  • Maglumat ylmy,
  • Kiberhowpsuzlyk,
  • Maşyn öwreniş,
  • Molekulýar modellemek we informatika,
  • Elektrotehnika / Mikroprosessorlar we
  • Python programmirleme

Maksatnamanyň üç hepdelik tapgyryny tamamlanan we Türkmenistana gaýdyp gelenlerinden soňra, gatnaşyjylar öz okuw jaýlarynda  6 aýyň dowamynda iň bolmanda bir  bilim taslamasyny geçirmäge we/ýa-da ýerli jemgyýetçilik guramalarynda  meýletinçi  hökmünde tejribe almaga mümkinçilikleri bolar.

TechGirls barada has giňişleýin maglumat bilen  maksatnamanyň web sahypasynda tanşyp bilersiňiz https://techgirlsglobal.org/

Bu maksatnama Döwlet departamenti tarapyndan doly maliýeleşdirilýär şeýle hem içerki we halkara syýahat we wiza çykdajylaryny,  syýahatdan öň ediljek harajatlary  we maksatnamanyň ABŞ-daky  çäreleri bilen baglanyşykly beýleki ähli çykdajylaryny öz içine alýar.

TechGirls maksatnamasynda gatnaşmak üçin gatnaşyjylar:

  • maksatnama geçilirýän wagtynda Türkmenistanyň çäginde ýaşaýan Türkmenistanyň raýaty bolmaly
  • alyş-çalyş maksatnamasy başlanda gatnaşyjylar  15-17 ýaş aralygynda  bolmaly.  Ýagny 2007-nji ýylyň 6-njy iyuldan 2009-njy ýylyň 6-njy iyuly aralygynda doglan bolmaly 
  • tehnologiýa, ylym, inžinerçilik we / ýa-da matematika bilen gyzyklanmany görkezmeli
  • ýokary bilim we / ýa-da STEM, esasanam tehnologiýa pudagynda hünäri dowam etdirmegi meýilleşdirýändiklerini görkezmeli
  • iňlis dilini pugta bilmeli
  • zehinlik, çeýeligi we aç-açanlygy görkezmeli
  • maksatnama tamamlanandan soň jemgyýetçilik taslamalary  ýerine ýetirmäge  taýýar bolmaly.

Üns beriň:  Ozal ABŞ-a gitmedik ýa-da ABŞ-da çäkli wagtyň dowamynda tejribesi bolan gatnaşyjylara mümkinçilik (artykmaçlyk) beriler.  

ABŞ-nyň Döwletiniň bilim we medeni meseleleri boýunça ministriginiň maksatnamalary arkaly soňky üç ýylyň dowamynda  Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna gidip gelen bolsaňyz, TechGirls maksatnamasyna gatnaşyp bilmersiňiz.

TechGirls maksatnamasy  dürli derejeli we başarnykly raýatlardan , şol sanda mümkinçilikleri çäklendirilen (maýyp) gyzlardan  anketalary kabul edýär.

ABŞ-nyň Ilçihanasynyň ýa-da ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň işgärleriniň maşgala agzalary bu maksatnama gatnaşyp bilenoklar.

Möhüm seneler:

Oktýabr 17, 2023: onlaýn anketalaryň kabul edilşi başlanýar
Dekabr 8, 2023: onlaýn anketalaryň kabul edilişi ýapylýar
Fewral 2024: birinji tapgyrdan saýlanan dalaşgärlere habar berilýär we olar bilen söhbetdeşlik geçirilýär
Mart 2024: ahyrky saýlawdan geçen gatnaşyjylaryň  we alternatiw dalaşgärleriň sanawy  tassyklanylýar  we olara habar berilýär.
Iýul – awgust 2024: maksatnama ABŞ-da geçirilýär

Anketalary tabşyrmagyň möhleti

Iňlis dilinde doldurylan anketalar, 8-nji dekabra çenli tabşyrylmaly.  Anketalary şu görkezilen salgy boýunça tapyp bilersiňiz Sign In » Legacy International Online Application System (legacyintlleaders.org)

Biz bilen habarlaşmak üçin   

Bu maksatnama barada soraglaryňyz bar bolsa, olary mowzuk setirinde “TechGirls” maksatnamasynyň ady bilen AshgabatEducation@state.gov salgysyna hat üsti bilen iberip bilersiňiz.