“TechWomen” maksatnamasy

“TechWomen” maksatnamasy bu bäş-hepdelik, ylym, tehnologiýa, inženerçilik we matematika (STEM) ugurlarda işleýän hünärmen zenanlar üçin halypaçylyk maksatnamasydyr.

“TechWomen” maksatnamasy Afrika, Merkezi Aziýa we Ýakyn Gündogar ýurtlaryndan bolan ylym, tehnologiýa, inženerçilik we matematika ugurlarda işleýän öňdebaryjy zenanlary olaryň hünärmen egindeşleri bilen ABŞ-da halypaçylyk we alyş-çalyş maksatnamasy üçin duşuşdyrýar. “TechWomen” maksatnamasy gatnaşyjylara olaryň ukyplaryny doly güýçlendirmek üçin serişdelere we maglumat almaga ýol açýar. Bäş hepdäniň dowamynda zenanlar San Fransisko şäheriniň we Kremniý jülgesiniň öňdebaryjy kompaniýalarynda taslama esasynda halypalary bilen işdeş bolarlar, hünärmenler bilen duşuşyp ussatlyk sapaklaryna gatnaşarlar. Maksatnamanyň ahyrynda olar Waşington şäherinde ýörite ýygnaklara hem gatnaşarlar.

TechWomen maksatnamasy Kaliforniýa ştatynda we Waşington şäherinde tamamlanmaýar. Maksatnamadan soň, öňdebaryjy zenanlar öz egindeşleridir halypalary bilen olaryň Afrika, Merkezi Aziýa we Ýakyn Gündogar ýurtlaryna sapary döwründe duşuşarlar. Bu maksatnama ylym, tehnologiýa, inženerçilik we matematika ugurlarda işleýän öňdebaryjy zenanlary biri-biri bilen tanyşdyrmak, hyzmatdaşlygy ýola goýup güýçlendirmek, şeýle hem ýaş gyzlary ylym, tehnologiýa, inženerçilik we matematika ugurlaryny öwrenmäge höweslendirmek, hem de öňdebaryjy zenanlar bilen olaryň halypalarynyň arasynda durnukly gatnaşyklary ýola goýmak maksatlaryny göz öňünde tutýar.

Giňişleýin maglumat üçin hem-de anketany dolduryp tabşyrmak üçin şu aşakdaky internet saýtyna geçip bilersiňiz: https://www.techwomen.org/participants/eligibility-and-application.

Anketalary tabşyrmagyň iň soňky güni 2019-njy ýylyň 16-njy ýanwary.

Dalaşgärlere bildirilýän talaplar:

  • Ylym, tehnologiýa, inženerçilik we matematika ugurlarynda azyndan iki ýyl iş tejribesi bolan zenan bolmaly;
  • Ýokary bilimi bolmaly (bakalawr ýa deň derejeli diplom);
  • Iňlis dilinde gepleşik we ýazuw ukyplary bolmaly.

Goşmaça maglumat üçin ABŞ-nyň Ilçihanasynyň Maglumat we medeniýet bölümine ýüz tutup bilersiňiz: tel (+99312) 473503, goşmaça 231, ýa-da elektron poçta arkaly hat iberip bilersiňiz: AshgabatEducation@state.gov.