ABS-da bilim almak

ABŞ-da bilim almak
ABŞ-da bilim

Türkmenistandaky ABŞ-da bilim mümkinçilikleri barada maslahat beriş merkezi “EducationUSA” – ABŞ-nyň Döwlet Departamentiniň bütindünýä “EducationUSA” ulgamynyň bir bölegi bolup, Size we Siziň maşgalaňyza ABŞ-nyň ýokary okuw jaýlarynda okamak hakynda ajaýyp mümkinçilikler, okuw üçin soragnama-arzasyny tabşyrmak we ABŞ-da okuw üçin taýýarlyk görmek hakynda dogry, düşnükli we iň täze maglumatlary hödürleýär. Merkezimiziň maslahatçysy ABŞ-da okamak isleýän türkmen raýatlary üçin hünärmen, bakalawr, magistr we doktor ylmy derejeleri barada maglumat berip soragnama-arzasy üçin zerur resminamalary taýýarlamakda kömek edip biler. Mundan daşary, biziň Maglumat serişdeler merkezimize we Daşoguz, Mary we Türkmenabat şäherlerinde ýerleşýän Amerikan burçlaryna gelip, TOEFL, GMAT, GRE ýaly standartlaşdyrylan synaglar, kollejlere we stipendiýalara degişli ýol görkezijiler barada örän köp maglumatlar ýygyndysyny görüp öz akademiki ukybyňyzy kämilleşdirmek üçin okuw sapaklara we çykyşlara gatnaşyp bilersiňiz.

Uçurymlar

Uçurymlar

Alyş-çalyş maksatnamalarynyň uçurymlarynyň halkara bileleşigine (IEAC) goşulyň. Bu websaýt ABŞ-nyň hökümeti tarapyndan maliýeleşdirilýän alyş-çalyş maksatnamalaryna gatnaşan häzirki we ösüp gelýän öňdebaryjy hünärmenler üçin websaýtdyr.

Iňlis dilini öwrenmek

Iňlis dilini öwrenmek

Daşary ýurt dili hökmünde iňlis dilini okadyň we öwreniň, Amerikanyň medeniýeti bilen ýakyndan tanyşyň we dünýäniň beýleki künjeklerinde iňlis dilini öwrenýänler bilen iňlis dilinde gepleşik alyp baryň.

Medeniýet we beýleki alyş-çalyş maksatnamalary

Medeniýet we beýleki alyş-çalyş maksatnamalary

Medeni we beýleki alyş-çalyş maksatnamalar barada, şol sanda medeni mirasy goramak, zenanlary we gyzlary hemmetaraplaýyn goldamak, hünär kämilligi, wirtual alyş-çalyşlar we ş.m. maksatnamalar barada maglumat ediniň.