ABŞ-nyň Türkmenistandaky Ilçihanasy

Biziň websaýtymyza hoş geldiňiz diýýäris. ABŞ-nyň Türkmenistandaky Ilçihanasy 1992-nji ýylyň 17-nji martynda açyldy. Şol wagtdan bäri, Ilçihana bilimi, medeniýeti, ykdysady reformalary, energetikany, araçäk howpsuzlygyny, neşe serişdelerine garşy göreşmegi, saglygy we kanun reformalaryny öz içine alýan giň möçberli meseleler boýunça Türkmenistan bilen uzak wagtlyk hyzmatdaşlyk etmek ýollaryny gözläp gelýär. Mundan başga-da, Ilçihana ABŞ-nyň we Türkmenistanyň halklarynyň arasynda biri-birine bolan has gowy düşünmekligi artdyrmak ugrunda köpdürli maksatnamalary amala aşyrýar.

Şeýle hem biziň Instagram, Facebook, and IMO sahypalarymyz pikirleriň alyş-çalyşygy, iş tejribesini we suratlary paýlaşmak we, galyberse-de, aragatnaşyk saklamak üçin amatly şertler döredýär.