Ilçi Mettýu S. Klimow

Мettýu S. Klimow, ABŞ-nyň Türkmenistandaky Ilçisi

Ilçi Mettýu S. Klimow 2019-njy ýylyň maý aýynyň 30-na Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Türkmenistandaky Ilçisi hökmünde kasam kabul etdi. Mundan ozal, ol Ak Tamda, ABŞ-nyň Döwlet Departamentinde, Demirgazyk Atlantik Ylalaşygy Guramasynda (NATO) ýolbaşçylyk wezipelerde işledi, şeýle-hem ABŞ-nyň Ýaragly güýçlerinde serkerde bolup gulluk etdi.

Ilçi Klimow ABŞ-nyň Döwlet Departamentinde Döwlet sekretaryň dolandyryş meseleleri boýunça orunbasarynyň baş geňeşçisi wezipesinde işläp adatdan daşary ýagdaýlarda çäreleriň meýilnamasyny işläp düzmek bilen meşgullanýardy. Mundan ozal, ilçi Klimow Daşary syýasat gullugynyň baş müdiriniň uly geňeşçisi, hem-de ABŞ-nyň Döwlet Departamentiniň edarasynda daşary ýurtlarda işlemek boýunça uly geňeşçi bolup işledi. Bu wezipede ol “Diplomatik işgärleriň maşgala agzalaryndan ybarat rezerw korpusy” maksatnamanyň işe girizilmegine uly goşant goşdy.

2012-nji ýyldan 2015-nji ýyla çenli ilçi Klimow Belgiýanyň Brýussel şäherinde NATO-nyň Baş sekretarynyň kömekçisiniň orunbasary wezipesinde işledi. Bu wezipede ol NATO-nyň täze ştab-kwartirasy üçin şol wagtlar Ýewropada jemgyýetçilik işiniň iň giň möçberli taslamasy bolan dolandyryş we dessin meýilleşdiriş reformasyna ýolbaşçylyk etdi. Ilçi Klimowyň beýleki diplomatik işleri Dolandyryş we maglumat tilsimatlary dolandyrmak býurosynda ýerine ýetiriji müdir (2010ý-2012ý.), terjimeler bölüminiň müdiri (2008ý-2010ý.) we Konsul meseleleri býurosynda ýerine ýetiriji müdiri (2003ý.-2008ý.) wezipelerinden ybarat.

Ilçi Klimow Ak Tamyň administrasiýasynda ABŞ-nyň wise-prezidentiniň ýörite geňeşçisi (2002ý.-2003ý.), we ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň harby geňeşçisi (1995ý.-1998ý.) bolup işledi. Ilçi Klimow ýurt baştutanlaryň derejesinde geçirilen sammitleriň altysyna gatnaşdy; SNW-III ylalaşygyň esaslary bilen baglanşykly gepleşikler alyp barýan ýaraglara gözegçilik etmek boýunça edaraarasy toparyň agzalygynda boldy; Orsýet-NATO Geňeşiniň düzgünnamasyny işläp düzilmegine goşandyny goşdy, hem-de Bosniýa-Gersegowina we Kosowodaky çaknyşyklary parahatçylykly çözmek üçin gepleşiklere gatnaşdy.

Harby gullukda ilçi Klimow wzwoddan başlap tä brigada çenli pyýada goşunlara serkerdelik etdi, şeýle-hem Demirgazyk Karolina ştatynyň Fort-Bregg şäherinde harby howa güýçleriniň 18-nji desant korpusynyň dessin maksatly brigadanyň 2000 desant gullukçylarynyň serkerdesi boldy (1998ý.-2000ý.). Ilçi Klimow söweşjeň hereketleriniň weterany bolup söweşde görkezen gaýduwsyzlygy üçin ABŞ-da üçünji iň beýik baýragy bolan “Kümüş ýyldyzy” medaly bilen sylaglandy. 2000-2002 ýyllarda ştab serkerdebaşylar komitetiniň başlygynyň we orunbasarynyň ýerine ýetiriji kömekçisi bolup gulluk etdi. 2001-nji ýylyň sentýabr aýynyň 11-e terrorçylyk hüjümi bolan wagty ilçi Klimow Pentagondady, we ştab serkerdebaşylar komitetiniň başlygy hem-de goranmak ministri bilen bilelikde Ýaragly güýçleriniň dolandyryş merkezinde galyp harby taýýarlyk işleri utgaşdyrmaga ýardam berdi.

Ilçi Klimow Nýu-Ýork ştatynyň Jonson-siti şäherinde dünýä inip West-Poýntdaky ABŞ-nyň Harby Akademiýasyny tamamlady. Ilçi Klimowyň birnäçe çap edilen işleri bar. Ol döwlet dolandyryş ugry boýunça magistr derejesini, şeýle hem harby ylymlar ugry boýunça magistr derejesini gazandy; mundan başga-da Kanadanyň Kuins Uniwersitetinde harby saparlar maksatnamasynyň stipendiýasyna mynasyp boldy. Ilçi Klimowyň aýaly – maýor (otstawkada) Edit Gannels, olaryň ogly Deniel ABŞ-nyň Döwlet Departamentinde hukukçy wezipesinde işleýär.