Söwda bölümi

Söwda etmek üçin serişdeler we hyzmatlar

Bazary öwrenmek üçin, söwda bilen baglanşykly çäreler we başlangyçlar hem-de eksport barada maglumat üçin ABŞ-nyň Hökümetiniň eksport boýunça portalyna giriň: Export.gov.

ABŞ-nyň Hökümetiniň Amerikan kompaniýalaryna ýardamy

ABŞ-nyň Hökümeti Waşingtonda ýerleşýän ABŞ-nyň Goldaw Merkeziniň üsti bilen Amerikan kompaniýalaryna ýardam berýär (http://www.export.gov/advocacy). ABŞ-nyň Goldaw Merkeziniň maksady – Amerikan kompaniýalary belli bir halkara kontraktlara ýa-da eksport ylalaşyklara gatnaşanda daşary ýurt firmalary bilen deň mümkinçiliklerden peýdalanmagyny üpjün etmek üçin ABŞ-nyň Hökümetiniň serişdelerini we ygtyýarlyklaryny sazlaşdyrmakdyr. Bu kömege Amerikanyň ilçihanasynyň we konsullygynyň berýän ýardamy , Amerikan işewürleriniň bähbidini ilerletmek maksady bilen belli bir işewürlik teklibini goldap hökümet edalarynyň hat üstindäki ýüzlenmeleri hem degişlidir. Olar ýaly ýüzlenmeler aragatnaşygyň dürli görnüşleri arkaly (hat üsti bilen, ýüzbe-ýüz duşuşyk ýa-da telefon arkaly ) amala aşyrylýar. ABŞ-nyň Hökümetiniň Amerikan kompaniýalaryna berýän ýardamyna degişli bolup bolmaýandygyňyzy bilmek hem-de Goldaw Merkeziniň edýän hyzmatlary barada ginişleýin maglumat almak üçin Goldaw Merkeziniň internet sahypasyna http://www.export.gov/advocacy geçiň. ABŞ-nyň Hökümetiniň Amerikan kompaniýalaryna berýän ýardamyna ýüz tutmak isleýän kompaniýa ilki bilen soragnamany dolduryp Goldaw Merkezi bilen parahorlyga garşy göreşmek baradaky ylalaşygy baglaşmaly.

Bazarda ornaşmak, maksatnama we söwda bilen baglanşykly berilýän ýardam

Halkara söwda Müdürliginiň Söwda düzgünleriniň ýerine ýetirlişine gözegçilik edýan edara Amerikan kompaniýalaryna beýleki daşary ýurtly kompaniýalar bilen deň mümkinçilikler döredilýändigi ugrunda iş alyp barýar. Eger-de kompaniýa özüne Türkmenistanda deň mümkinçilik berilmeýar diýip hasap etse, onda şol kompaniýa Halkara söwda Müdürliginiň Söwda düzgünleriniň ýerine ýetirlişine gözegçilik edýan edara bilen elektron poçta ýada internet arkaly habarlaşyp biler.

Poçta salgysy:

Trade Agreements Compliance Program
Office of Trade Negotiations and Compliance
U.S. Department of Commerce
14th Street and Constitution Avenue, NW
Washington, D.C. 20230

Amerikan hyzmatdaşlary we önümleri

Amerikan hyzmatdaş ýada önüm gözleyän daşary ýurt kompaniyalar ýada şahsy adamlar ABŞ-yň Söwda Gullugyna internet arkaly http://www.buyusa.gov/ ýüz tutup bilerler.

“Commercial News USA” žurnaly

“Commercial News USA” žurnaly ABŞ-yň Söwda Ministrligi tarapyndan çap edilip Amerikada öndürülen önümleri we hödürlenýan hyzmatlary öňe sürýär. Ony internet arkaly şu salgyda http://www.thinkglobal.us/ okap bilersiňiz.

SABIT

SABIT (Special American Business Internship Training) ýoriteleşdirlen Amerikan işewürlik okuw sapary maksatnamasy bolup, Ýewraziýanyň işewür ýolbaşçylaryna Amerikanyň işewür amallaryny öwredýär we hyzmatdaşlygy ýola goýmaga ýardam edýär. Bu okuw maksatnamalary bazar ykdysadyýet özgertmelerini goldap, göniden-göni Ýewraziýanyň ykdysadyýetiniň we raýat jemgyýetiniň ösmegine itergi bolýar we ABŞ –nyň senagatyna eksport we maýa goýum mümkinçiliklerini döredýär. Okuw maksatnamalar barada ginişleýin maglumat almak üçin http://www.sabitprogram.org/ internet sahypasyna geçiň.

Söwda bölümi bilen habarlaşmak üçin:

Eger-de ABŞ-nyň Aşgabatdaky Ilçihanasynyň Ykdysady we söwda bölüminiň berýän hyzmatlary barada soraglaryňyz bar bolsa, elektron poçta arkaly hat ugradyp bilersiňiz.

Siz bu işgärler bilen hem habarlaşyp bilersiňiz:

Dr. Brijet Buşe
Ykdysady we söwda bölüminiň başlygy,
Tel: (+99312) 940045 goşmaça: 2257

Jenap Geldi Myradow
Ykdysady we söwda meseleleri boýunça kömekçi,
Tel: (+99312) 940045 goşmaça: 2194

Jenap Alişer Bazarow
Ykdysady we söwda meseleleri boýunça kömekçi,
Tel: (+99312) 940045 goşmaça: 2161

Jenap Begli Annamyradow
Söwda meseleleri boýunça kömekçi,
Tel: (+99312) 940045 goşmaça: 2139