Konsullyk bölümi

Amerikinayň Birleşen Ştatlaryna wiza

Türkmenistanyň raýatlary, beýleki köp sanly döwletleriň raýatlary ýaly, Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna girmek üçin wiza almalydyrlar. ABŞ-nyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň Konsullyk bölümi immigrasiýa rugsat bermeýän we immigrasiýa wizalary berip bilýär. Amerikan wizasy sahypamyzdan wiza hyzmatlary barada doly maglumat alyp bilersiňiz.

Şeýle-de, ABŞ-nyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň Konsullyk bölümi amerikan raýatlary üçin hem hyzmatlary hödürleýär.

Salgysy

Konsullyk bölümi ABŞ-nyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň jaýynda ýerleşýär:

Aşgabat şäheri, 1984-nji köçäniň (ozalky Puşkin) 9-njy jaýy.

Türkmenistanyň çäginde başga Konsullyk bölumi ýokdyr.

Habarlaşmak üçin

Wiza barada maglumat almak üçin Konsullyk bölümine (+993 12) 940049 telefon belgisi bilen hepdäniň duşenbe we anna günleri ýerli sagat 11:00-den 13:00-e çenli jaň edip bilersiňiz ýa-da consularashgab@state.gov elektron poçtamyz arkaly hat ugradyp bilersiňiz.