Aşgabat şäherindäki ABŞ-nyň Ilçihanasynyň Maglumat we medeniýet bölümine ABŞ-nyň hökümetiniň Türkmenistanda alyp barýan maksatnamalary we syýasatlary barada maglumat almak üçin ýüz tutup bilersiňiz. Maglumat we medeniýet bölümi dürli maksatnamalary we hyzmatlary hödürleýär:
- Bilim we hünär kämilleşdirmek ugryndan alyş-çalyş maksatnamalary
- ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň “Medeni mirasy gorap saklamak üçin Ilçiniň gaznasy” atly halkara maksatnama Türkmenistana öz medeni mirasyny gorap saklamaga ýardam etmek üçin niýetlenendir.
- Amerikan merkezi – ABŞ-nyň medeniýeti we jemgyýeti, şeýle hem Türkmenistanyň raýatlary üçin iňlis dili okuwy barada maglumat hödürleýär.
- Dürli mowzuklardan hünärmenleri çagyrmak maksatnamasy – bu maksatnama barada biziň täzelikler sahypamyzdan okap bilersiňiz.
- ABŞ-nyň hökümeti tarapyndan maliýeleşdirilen alyş-çalyş maksatnamalarynyň gatnaşyjylary üçin her dürli çäreler we maksatnamalar – bu çäreler barada “Alyş-çalyş maksatnamalarynyň uçurymlary” bölüminde okap bilersiňiz.
Habarlaşmak üçin:
Andalyp köçesiniň 70-nji jaýy,
Halkara işewürlik merkeziniň 3-nji gaty.
Tel.: (+99312) 473503; 473506; 473581; 473584
Faks: (+99312) 473529
Elektron poçta: irc-ashgabat@state.gov
Habarlara ýazylmak üçin şu ýere basyň.