Sebitleýin howpsuzlyk bölümi

Diplomatik howpsuzlygy býurosy – ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň düzüminde möhüm orny eýeleýän özboluşly guramadyr. Ýagny, býuronyň agzalary bolan aýratyn agentler, inženerler, diplomatik kurýerlar, raýat gullugy hünärmenleri we şertnama esasynda işleýän potratçylar Döwlet departamentiniň öz syýasy missiýasyny howpsuz hem ygtybarly görnüşde ýerine ýetirmegi üçin agzybir topar bolup zähmet çekýärler.

Diplomatik howpsuzlygy býurosynyň iň wajyp jogapkärçiligi ynsan, maglumat we emläk howpsuzlygydyr. Daşary ýurtlarda Diplomatik howpsuzlygy býurosy ABŞ-nyň diplomatik gulluklarynyň ähli işgärlerini goramak üçin netijeli howpsuzlyk maksatnamalaryny işläp düzýär we ýerine ýetirýär. Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda Diplomatik howpsuzlygy býurosy Döwlet sekretaryny, ABŞ-nyň Birleşen Milletler Guramasyndaky ilçisini we Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna sapar bilen gelen ýokary derejeli myhmanlary goraýar. Diplomatik howpsuzlygy býurosy Döwlet departamentiniň 90-dan gowrak içki bölümlerini, we Döwlet sekretarynyň ýaşaýyş jaýyny goramak üçin howpsuzlyk maksatnamalaryny işläp düzýär we ýerine ýetirýär.

Diplomatik howpsuzlygy býurosy galp pasportlary we wizalary derňemek, işgärleriň şahsy işindäki maglumatlary barlamak, hem-de gizlin materiallara bolan rugsatnamalary bermek işlerini alyp barýar. Şeýle hem, Diplomatik howpsuzlygy býurosy ABŞ-daky daşary ýurt ilçihanalaryna we konsullyklaryna olaryň gulluklarynyň we işgärleriniň howpsuzlygy meseleleri boýunça kömek berýär.

1996-njy ýylda Daşary ýurt wekilhanalar boýunça gullugyň goşulmagy bilen Diplomatik howpsuzlygy býurosy ABŞ-nyň ähli daşary ýurt wekilhanalarynyň işlerini düzgünleşdirmek we olara hyzmat etmek jogapkärçiligini öz üstüne aldy.

Habarlaşmak üçin

Sebitleýin howpsuzlyk bölümi
Tel.: (+99312) 940045, goşmaça 2159