Amerikanyň Birleşen Ştatlary uzak wagtyň dowamynda durmuşy gowulandyrmak ugrunda göreşýän, tebigi weýrançylykdan soň dikeldiş işlerini alyp barýän ýa-da azat hem demokratik ýurtda ýaşamak isleýän beýleki ýurtlaryň halklaryna ýardam berýär. Hut şu hem ABŞ-nyň tapawutlandyryjy aýratynlygy bolup milletimiziň hakyky häsiýetini tutuş dünýä görkezýär.
Amerikanyň Birleşen Ştatlary daşary syýasatyny amala aşyryp we beýleki ýurtlara ýardam berip, ösüp gelýän ýurtlarda bazar ykdysadyýetini giňeltmek we ilatyň ýaşaýşyny gowulandyrmak ugrunda iş alyp barýar. Şu maksatlary amala aşyrmak üçin USAID hökümet býujetiniň 0.5% göterimini ulanyp, bütün dünýäde öz işini alyp barýar.
USAID-iň taryhy Ikinji Jahan urşyndan soň Ýewropany täzeden dikeltmek barada Marşal meýilnamasyndan we Trumanyň administrasiýasynyň maksatnamasynyň 4-nji bölüminden başlanýar. 1961-nji ýylda Prezident Jon Kennedi daşary ýurtlara goldaw hakynda akta gol çekip, ony kanuna öwürdi hem-de Prezidentiň buýrugy bilen USAID agentligi döredildi.
Şol dowürden bäri, USAID heläkçiliklerden soň dikeltmek işlerini alyp barýan, garypçylygy aradan aýyrmaga çalyşýan we demokratik özgertmeleri durmuşa geçirýän ýurtlara ýardam berýän ABŞ-nyň esasy hökümet edarasydyr.
USAID – bu Amerikan hökümetiniň garaşsyz federal agentligi bolup, daşary syýasaty barada umumy gözükmeleri ABŞ-nyň Döwlet Sekretaryndan alýar. Biziň alyp barýan işimiz durnukly we hemmelere elýeterli ykdysady ösüşi goldaýar we daşary syýasat maksatlaryny aşakda görkezilen ugurlaryň üsti bilen öňe sürýär:
- Ykdysady ösüş, oba hojalygy we söwda,
- Tutuş dünýäde saglygy goraýyş
- Demokratiýa, çaknyşyklaryň öňüni almak we ynsanperwer kömegi.
Biziň Turkmenistandaky işlerimiz bilen tanyşmak üçin web-sahypamyza girip “USAID näme?”, “USAID-iň maksatnamalary” we “USAID-iň maksatnamalarynyň gysgaça beýany” bölümlerini okap bilersiňiz.
Täzelikler
ABŞ-nyň Halkara ösüş agentligine (USAID) degişli täzelikleri “Ilçihananyň täzelikleri” sahypamyzdan okap bilersiňiz.