USAID näme?

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Halkara ösüş agentligi (USAID) Amerikan halkynyň adyndan hereket edip, adamlaryň dünýӓde durmuşlaryny gowulandyrmaga ýardam berýӓr. USAID amerikan hӧkümeti tarapyndan daşary ýurtlara ykdysady we durmuş taýdan ýardam bermek maksady bilen 1961-nji ýylda dӧredildi. Hӓzirki wagtda, USAID dünýӓniň 100-den gowrak ýurtlarynda işleýӓr.

USAID ӧsüp barýan ýurtlarda parahatçylygy we durnuklylygy goldap,

  • ykdysadyýetiň, oba hojalygyň we sӧwdaň ӧsmegine,
  • adamlaryň saglygyny goramaga,
  • adatdan daşary ýagdaýda ynsanperwer kömegini bermӓge,
  • çaknyşygyň ӧňüni almaga we
  • demokratiýany berkitmӓge ýardam edýӓr.

Dünýӓde millionlarça adamlaryň durmuş ýagdaýlaryny gowulandyrmak tagallalary ABŞ-nyň gymmatlyklaryny beýan edip osüp gelýӓn ýurtlaryň parahatçylygy we gülläp ösmegi ugrunda gyzyklanmalaryny öňe sürýär.

USAID Türkmenistan bilen ýurt garaşsyzlygyny alandan soň, ýagny, 1992-nji ýyldan bäri hyzmatdaşlyk edip gelýär. Şol wagtdan bäri amerikan halky USAID-iň üsti bilenTürkmenistanda jemgyýetçilik hyzmatlaryny kämilleşdirmäge, maglumat çeşmelerini elýeterli etmäge, bazar ykdysadyýetini we oba hojalygyny ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalary goldaýar.

USAID öz maksatnamalary arkaly ministrlikler, hökümet edaralary, işewürler we jemgyýetçilik guramalary bilen iş ýerlerini döretmek, girdeýjini artdyrmak, hünär bilimini ýokarlandyrmak we elýeter çeşmeleri ýerlikli dolandyrmak ugrunda hyzmatdaşlyk edýär.

USAID Türkmenistanyň hӧkümeti bilen ikitaraplaýyn ylalaşygy esasynda hereket edip, Türkmenistanda bir ýurduň adyndan hereket edýӓn ӧňde baryjy donor guramasy bolup durýar. Dürli ýerli we halkara guramalar kontrakt we grant arkaly USAID maksatnamalaryny Türkmenistanda amala aşyrýar.