Jon Barsa, USAID-iň administratory

Jon Barsa 2020-nji ýylyň 11-nji aprelinden bäri USAID-iň administratorynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirýär. Ol 2019-njy ýylyň 10-njy iýunynda USAID-iň administratorynyň Latyn Amerika we Karib basseyni býurosy boýunça orunbasary hökmünde kasam kabul etdi. Barsanyň döwlet we hususy pudaklarda gazanan möhüm tejribesi bar.

Jenap Barsa USAID-e Içeri howpsuzlyk ministrliginden (IHM) işe geldi. IHM-de ol Hyzmatdaşlyk we gatnaşyk bölümine ministriň kömekçisi wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji, soňra bolsa ministriň kömekçisiniň birinji orunbasary hökmünde ýolbaşçylyk etdi. Bu wezipelerde, ol IHM-iň gubernatorlar, häkimler, hökümet edaralar, hususy kompaniýalar, hukuk goraýjy edaralar we beýleki möhüm taraplar bilen alyp barýan hyzmatdaşlygyna ýolbaşçylyk etdi. Onuň ýolbaşçylygy, adam söwdasyna garşy göreşmek üçin niýetlenen «Gök kampaniýanyň» üstünlikli amala aşyrylmagyna uly goşant goşdy.

Jenap Barsa Prezident Trampyň administrasiýasynyň agzasy bolup, IHM-de ministr Jon Kelliniň ýörite kömekçisi hökmünde işläp başlady. Mundan öň, ol Prezident Trampyň administrasiýasynyň işe girişen döwri, IHM-e degişli meselelere jogap berýän toparyň agzasy boldy. 2017-nji ýyldaky tupan möwsüminiň dowamynda, Irma atly tupana taýýarlyk görmek we onuň getiren weýrançylyklaryny düzetmek üçin Barsa Günorta Florida iş saparda boldy. Mariýa tupanyndan soň, Barsa Puerto Rikoda Adatdan daşary ýagdaýlary baradaky federal agentliginiň taryhynda iň çylşyrymly hökümetara opersiýalarynyň birini taýýarlady we oňa ýolbaşçylyk etdi.

Jon Barsanyň ilkinji işlän hökümet edarasy Milli awiasiýa we kosmos agentligi (NASA) boldy. Ol NASA-da prezident Jorj W. Buşuň administrasiýasy döwründe işläp, hususy kompaniýalar bilen hyzmatdaşlyga we kanun çykaryjylyga degişli meselelere jogap berdi. Içerki howpsuzlyk ministrligi (IHM) döredilenden az salymdan soň, Barsa IHM-de Jemgyýetçilik bilen gatnaşyklar bölümini döretmek we oňa ýolbaşçylyk etmek tabşyryldy. Bu wezipede ol ministrler Tom Ridj we Maýkl Çertoff bilen işleşip, IHM-iň ähli gyzyklanýan taraplar bilen gatnaşyklaryny üstünlikli utgaşdyrdy.

Barsa döwlet gullugyna ABŞ-nyň goşunynyň rezerwiniň agzasy hökmünde başlady. Ol ilki 11-nji ýörite güýçler toparynda, soňra bolsa 450-nji harby däl meseleler boýunça batalýonynda gulluk etdi. Goşun rezerwinde bolan wagtynda, ol ABŞ-nyň Wekiller palatasynda kongresmen Linkoln Diaz-Balartyň (respublikan partiýasynyň agzasy, Florida ştatyndan) toparynda işläp başlady. Şol wezipede Barsa harby we milli howpsuzlyk meseleler bilen meşgullanýardy. Onuň wezipesi Kubada, Nikaraguada we Günbatar ýarym şarynda ýerleşýän beyleki ýurtlarda demokratiýany we adam hukuklaryny goldamaga degişli meseleleri hem öz içine alýardy. Şeýle hem, Barsa ABŞ-nyň immigrasiýa kanunlaryna üýtgetme girizen NACARA kanunynyň (Merkezi Amerikada ýerleşýän käbir döwletleriň graždanlarynyň belli bir toparlaryna ABŞ-a immigrasiýa etmekde ýeňillikleri berýän kanun) kabul edilmegine işjeň gatnaşdy.

Hususy pudakda Barsa goranyş senagatynda işleýän kompaniýalarynyň birleşmesinde, kiçi we iri kompaniýalarda, şol sanda ABŞ-nyň iň iri 100 sany kompaniýalarynyň sanawyna (Fortune 100) girýän kompaniýada möhüm wezipeleri eýeledi.

Kubadan gelen bosgunyň ogly bolup, jenap Barsa Florida ştatynyň Maýami şäherinde iki dilli we iki medeniýetli maşgalada ulaldy. Ol Florida halkara uniwersitetinden halkara meseleler dersi boýunça bakalawr derejesini aldy we Sirakuz uniwersitetiniň Milli howpsuzlyk boýunça maksatnamasyny tamamlady.