Doktor Rajiw Şah, ABŞ-nyň Halkara ösüş agentliginiň ýolbaşçysy

Dr. Rajiv Shah, USAID Administrator

Doktor Rajiw Şah 2009-njy ýylyň 31-nji dekabyrynda ABŞ-nyň Halkara ösüş agentliginiň (ÝUSAID) 16-njy ýolbaşçysy bolup kasam kabul etdi. ÝUSAID amerikan hökümediniň agentligi bolup 50 ýyla golaý wagtdan bäri dünýä döwletlerine ykdysady we gumanitar ýardamyny berip gelýär.

Mundan ozal, Doktor Şah oba hojalyk ministiriň barlag, bilim we ykdysady soraglar boýunça orunbasarydy hem-de ministirlikde uly ylmy işgär bolup işledi. Onuň borçlary bolup Birleşen Ştatlarynda howpsuz, durnukly, we bäsdeşige ukyply azyk we oba hojalyk harytlary bilen upjin etmek we şeýle-de ylmy agtaryş, derňew, we bilim bileleşmeleri arkaly jemgyýetleriň, maşgalalaryň, we ýaşlaryň berkemegi bolup durýardy. Bu kärde ol ylmy ýagny azyk harytlar we oba hojalyk barada Milli institudyny döretdi. Bu institut beýleki esasy ylmy toparlaryň derejesinde boluşy ýaly, oba hojalykdada edilýän ylmy işleriň möçberini we maliýeleşdirilmegini artdyrdy. Rajiv Şah bioenergetika, klimat, bütindünýä azyk haryt howpsuzlygy, ýas çaganyň semremegi/gipertrafiýa ýaly ugrlarda täze başlangyçlary döretdi.

Prezident Obamanyň Administrasiýasyna goşulmazdan ozal, Jenap Şah Bil we Melinda Geýts gaznasynyň oba hojalygy ösdürmek toparynyň başlygy bolup işledi. Ýedi ýylyň dowamynda, ol Geýts gaznasynda Strategik mümkinçilikleri bölüminiň başlygy we Bütindünýä saglygy goraýyş meýilnamasynyň syýasy we maliýa barada orunbasary bolup işledi. Iş döwründe, ol Bütindünýä ösüş meýilnamasyny işläp taýýarlamaga we başlamaga ýardam berdi we Afrikada Ýaşyl özgeriş birleşigini (AGRA-ýagny bu birleşme oba hojalygyň durnukly ösmegi arkaly azyk harytlaryň üpjünçiligini gazanmagyň ugrynda işleýär) we Immunizasiýa üçin Halkara maliýe mümkinçiligi döretmäge kömek etdi. Bu kömek çaga bedeniniň göreşijilik ukybyny berkitmäge niýetlenen meýilnama 5 million amerikan dollaryndan gowrak pul serişdesini toplady.

Geýts fondunda işlemezden öň 2001-njy ýylda, jenap Şah prezidentlige dalaşgär Albert Goryň saýlow döwründe saglygy goraýyş syýasaty boýunça maslahatçysydy we Pensilwaniýa Ştatynyň häkimi Ed Rendeliň administrasiýasynda saglygy goraýyş bölüminiň agzasydy. Ol “Health System Analytics” diýen kompaniýanyň we günorta aziýaly amerikanlar üçin niýetlenen “IMPACT” meýilnamanyň döredijileriň biridir. Mundan başgada, ol Britaniýanyň Parlamentinde syýasy kömekçidi we Bütindünýä Saglygy Goraýyş guramasynda işledi.

Aslynda, Rajiw Şah Miçigan Ştatynyň Detroit şäherinden. Ol Pensilwaniýa uniwersitetiň medisina fakultetinden magistrlik derejesi we Warton institudynyň biznes fakultetiniň saglyk ykdysadyýetinden magistrlik derejesi bar.

Jenap Şah London ýkdysadyýet institudynda okady, Miçigan uniwersitetini tamamlady, we saglyk syýasatyna we global ösüşe degişli makalalary çap etdi.

Rajiw Şah Afrikada Ýaşyl özgeriş birleşiginiň (AGRA), Sietldäki döwlet kitaphanasynyň we Sietl jemgyýetçilik kolejinin direktorlar geňeşinde işledi. 2007-nji ýylda Bütindünýä ykdysady forumynda Rajiw Şah “Bütindünýä ýaş ýolbaşçy” diýen ada mynasyp boldy.

Şu wagt Rajiw Şah aýaly we iki sany çagasy bilen Waşingtonyň Kolumbiýa okrugynda ýaşaýar.