USAID-iň 2020-nji ýyldaky meýilnamalary

1992-nji ýyldan bäri amerikan halky ABŞ-nyň Halkara ösüş guramasy (USAID) arkaly Türkmenistanda ösüş maksatnamalaryna goldaw berýär.
1992-nji ýyldan bäri amerikan halky ABŞ-nyň Halkara ösüş guramasy (USAID) arkaly Türkmenistanda ösüş maksatnamalaryna goldaw berýär.
Ykdysady ösüş maksatnamalary:
  • USAID söwda we eksporty ösdürmäge, şeýle hem hususy pudagy ösdürmäge gönükdirilen ykdysady özgertmeleri amala aşyrmakda Türkmenistany goldaýar.
  • USAID iş ýerleri döretmek we Türkmenistanda ösýän işçi güýji üçin girdejileri ýokarlandyrmak üçin çalt ösýän pudaklaryň bäsdeşlige ukyplylygyny güýçlendirýär.
  • USAID akademiki alyş-çalyşlary ösdürýär we geljekki suw dolandyryjy nesiliň suw dolandyryş ýörelgelerini birleşdirmek ukyplaryny ýokarlandyrýar.
  • USAID şeýle hem hususy pudagyň gaýtadan dikeldilýän energiýa maýa goýumlary üçin täsirli gurşaw döretmek üçin işleýär.
Saglygy goraýyş maksatnamalary
  • Saglygy goraýyş pudagynda, USAID Türkmenistan hökümetiniň inçekesel we dermanlara durnukly inçekeseliň agyrlygyny azaltmak boýunça edýän tagallalaryny, hususanam ejis ilata ýokary hilli inçekesel hyzmatlaryň ähliumumy we deň hukukly elýeterliligini üpjün etmegi; we ýerli we sebitleýin mümkinçilikleri artdyrmak arkaly dermanlara durnukly inçekeseli tapmagy we bejergini gowulandyrmagy goldaýar.
  • USAID-iň bilim we ýaşlar maksatnamalary ýaşlaryň ýerli ykdysadyýete we olaryň jemgyýetlerine goşant goşmak ukybyny ýokarlandyrýar we Türkmenistanyň ýaşlarynyň zähmet bazaryna işjeň gatnaşmagyny we raýat borçlaryny ýerine ýetirmegi ösdürýär.
Dolandyryş maksatnamalary
  • USAID döwlet işgärleriniň halkara tejribesine we halkara ülňülerine täsir etmek arkaly dolandyryşy we raýatlara hyzmatlary gowulandyrmak ukybyny ösdürýär.
  • USAID raýat jemgyýetler guramalarynyň kanuny, kadalaşdyryjy, institusional gurşawda gezmek we raýatlara hyzmatlar bermek ukybyny güýçlendirýär.
  • USAID şahsyýetleriň içerki we daşarky adam söwdasyna bolan gowşaklygyny peseldýär, migrantlaryň howpsuz migrasiýa kanallary baradaky habardarlygyny ýokarlandyrýar we adamlaryň kanunçylyk we kadalaşdyryjy-hukuk binýadyndaky adam söwdasyna garşy göreşi güýçlendirýär.
Habarlaşmak üçin maglumat:

USAID-iň Merkezi Aziýa Sebitleýin Wekilhanasynyň Başlygy:

Kristofer Eduards
Kazibek bi k, 41
Almaty, Gazagystan 050010
Tel.: 7-327-250-79-12
chedwards@usaid.gov

USAID-iň Türkmenistandaky Wekilhanasynyň Başlygy:

Nino Nadiradze
Iş merkezi, blok A
Yunus Emre k. 1, Mir 2/1
Aşgabat, Türkmenistan 744017
Tel.: 993-12-456-130
nnadiradze@usaid.gov

USAID Türkmenistan boýunça Waşiňtondäki jogapkär işgäri:

Ilire Agimi
1300 Pensilwaniýa şaýoly, NW
Waşington, ABŞ 20523
Tel.: 202-712-1559
iagimi@usaid.gov