Mark Grin, USAID-iň administratory

Mark Grin USAID-iň 18-nji administratory bolup 2017-nji ýylyň awgust aýynda kasam getirdi. USAID-a gelmezden öň, ol komersiýa däl guramasy bolan, Halkara respublikan institutynyň prezidentlik orunyny eýeleýärdi. Bu guramanyň maksady bütin dünýäde demokratiýanyň ösmegine we adam hukuklaryna üns berilmegine ýardam berýärdi. Jenap Grin “Global ösüș pudagynda bașlangyҫlar” atly komersiýa däl guramasynyň prezident we baș ýerine ýetiriji direktory kärlerini eýeleýärdi. Bu gurama uly korporasiýalaryň eýelerini biznesiň ösmegi we maýa goýumyň köpelmegi arkaly Afrikada garyplyk derejesini peseltmek ýaly ҫärelerine gönükdirilen ișlerine ҫagyrýar. Ol hem, 400 sany kärhanalary, hökümete degișli däl guramalary, syýasat pudagynyň bilermenleri we ABŞ-nyň dașarky syýasatyny durmușa geҫirmekde ulanylýan ösüș instrumentlerini goldaýan beýleki liderleri öz iҫine alýan, ABŞ-nyň liderleriniň global koalisiýasynyň baș direktory bolup ișledi.

Dașarky syýasatda we ișewür pudagynda tanalan, Jenap Grin Tanzaniýa ABŞ-nyň ilҫisi bolup 2007-nji ýylyň ortalaryndan 2009-njy ýyla ҫenli bellenilýär. Onuň ýolbașҫylygynda, bu missiýada 350-den gowurak amerikan we tanzaniýalylar ișleýärdi; ol ABŞ-nyň ýolbașҫylygynda alnyp barylýan, dünýäde iň uly birnäҫe ösüș meýilnamalaryna ýeke-täk jogapkärҫiligi ҫekdi.

ABŞ-nyň ilҫisi bolmazdan ozal, jenap Grin Wiskonsin ștatynyň 8-nji okrugyndan 4 möhletleýin ABŞ-nyň Kongresiniň Wekiller Palatasyna saýlanyldy. Kongresde ișlän döwrunde, ol “Müň ýyllygyň ҫakylygy” we president Jorj W. Bușyň taryhy AIDS-e garșy göreș ýaly möhüm syýasy bașlangyҫlaryň üstünde ișledi. Ol köpҫülik partiýasynyň kömekҫisi wezipesinde hem ișledi.

Häzirki döwürde, jenap Grin Prezident Barak Obama tarapyndan 2010-njy ýylda bellenilip, “Müň ýyllygyň ҫakylygy” diýen korporasiýasynyň eýýäm üҫünji möhletleýin direktorlar maslahatynda durýar. Ol hem Djordj W. Buș Institutynyň ýanyndaky adam hukuklary barada Maslahat bölüminde ișledi we bu guramanyň “Ösüș reformalary barada ylalașyk” (Consensus for Development Reform) atly bölüminde we maksadyňa ýetip syýasy ösüșiň netijeli bolmak üҫin urukdyryjy endikleri ýokarlandyryp täze prinsipleriň üstünde ișleýän syýasy liderleriň we ișewür dünýäniň uly eýeleriniň koalisiýasynda hem durdy.

Jenap Grin bakalawr derejesini Wiskonsin ștatyň Wiskonsin-O-Kler uniwersitetinde we ýurisprudensiýa pudagynda ylmy derejäni Wiskonsin ștatyň uniwersitetiniň ýuridiki fakultetinde aldy. Ol 2012-nji ýylda Jorjtaun uniwersitetiň șepagat uýalary taýýarlaýyș we medisina agtaryș fakultetiniň hormatly doktory diýen ada mynasyp boldy. 2014-nji ýylda Tanzaniýanyň Prezidenti Jakaýa Kikwete jenap Grine onuň düýpli goșandyny ykrar etmek maksady bilen Prezidentiň hormatly gramotasyny berdi.