USAID Türkmenistan basym garaşsyzlygyny alandan soň, 1992-nji ýylda hyzmatdaşlyk edip başlady. USAID-iň maksatnamalary Türkmenistanda jemgyýetçilik hyzmatlaryny kämilleşdirmäge, maglumat çeşmelerini elýeterli etmäge, bazar ykdysadyýetini we oba hojalygyny ösdürmäge öz ýardamyny berýӓr. USAID-iň maksatnamalary ministrlikler, hökümet guramalary, işewürler we jemgyýetler bilen birlikde iş ýerlerini döretmek, girdeýjini artdyrmak hünäri we bilimi ýokarlandyrmak we elýeter çeşmeleri ýerlikli dolandyrmak ugrunda hyzmatdaşlyk edỳär.
Habarlaşmak üçin maglumat:
Lorens Hardi
USAID-iň Merkezi Aziýa sebitleýin missiýasynyň direktory
Kаzybek bi köçesiniň 41-nji jaýy,
Almaty ş., Gazagystan 050010
Tel: (+7327) 2507912
https://www.usaid.gov/central-asia-regional
Nino Nadiradze
ABŞ-nyň Halkara ösüş agentliginiň (USAID) Türkmenistandaky wekili
Biznes merkezi, blok А
Parahat 2/1, Ýunus Emre köçesiniň 1-nji jaýy
Aşgabat ş., Türkmenistan 744017
Tel.: (+99312) 456130
nnadiradze@usaid.gov
Ilire Agimi,
USAID-iň Waşingtondaky Merkezi Aziýa jogapkär işgäri
1300 Ronald Reýgan binasy,
Pensilwaniýa köç., NW, Waşington, Kolumbiýa okrugy
Tel.: 202-712-1559
iagimi@usaid.gov
Ykdysady ösüş: Merkezi Aziýa Söwda taslamasy
2021-nji ýylyň dekabr aýy – 2026-njy ýylyň dekabr aýy
USAID-iň Merkezi Aziýa Söwda (TCA) taslamasynyň maksady, Merkezi Aziýanyň bäş döwletiniň hökümetine söwda päsgelçilikleri aýyrmak. Şeýle hem taslama, hususy kompaniýalaryň serhetaşa söwdanyň göwrümini ýokarlandyrmak üçin reformalar baradaky bilimlerini artdyrar. DAI kompaniyasy tarapyndan ýerine ýetirilýän, TCA taslamasy, reforma tagallalaryny güýçlendirmek üçin BSG-yň Söwda ýeňilleşdiriş şertnamasy boýunça borçnamalaryny ýerine ýetirmekde serhet söwda guramalaryna kömek eder. TCA taslamasy, şeýle hem, işewür birleşikleri we hususy kompaniýalaryň bileleşiklerini söwdany gowulandyrmak, umumy habarlylygy ýokarlandyrmak we söwda we eksport meseleleri barada maglumat alyşmak üçin birleşmäge höweslendirer.
Bu taslama Türkmenistanda, Täjigistanda, Özbegistanda, Gyrgyzstanda we Gazagystanda amala aşyrylýar.
USAID-de: Serdar Ýagmurow bilen habarlaşyp bilersiňiz
Elektron salgysy: syagmurov@usaid.gov
Ýerine ýetiriji gurama: DAI
Ykdysady ösüş: Gelejegiň energiýasy
2017-nji ýylyň awgust aýy – 2022-nji ýylyň maý aýy
Gelejegiñ energiýasy (taslamasy) elektrik energiýasynyñ lomaý we bölekleýin bahalaryny göz öñunde tutýan gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri ulgamyna hususy sektoryñ maýa goýumlary üçin netijeli we amatly şertleri döretmekligiñ üstünde işleýär. Gelejegiñ energiýasy (taslamasy) şeýle hem gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerine we energiýa tygşytlylygyna hem-de bilim we maglumat çalşygyna zerur bolan maýa goýumlar üçin kanuny we normatiw şertleriñ işlenilip düzülmegini goldar.
Bu taslama Türkmenistanda, Täjigistanda, Özbegistanda, Gyrgyzstanda we Gazagystanda amala aşyrylýar.
USAID-de: Çemen Jumaýewa bilen habarlaşyp bilersiňiz
Elektron salgysy: cjumayeva@usaid.gov
Ýerine ýetiriji gurama: Tetra Tech
Ykdysady ösüş: Sebitdäki suw we ejiz daşky gurşaw taslamasy (WAVE)
2020-nji ýylyň oktýabr aýy – 2025-nji ýylyň sentýabr aýy
USAID-iň Sebitleýin suw we ejiz daşky gurşaw taslamasynyň maksady, umumy suw çeşmelerini dolandyrmak we Sir Derýa we Amu Derýa derýalarynyň basseýnlerinde daşky gurşaw töwekgelçiligini azaltmak üçin sebitleýin mümkinçilikleri güýçlendirmek. Bu iş, gyzyklanýan taraplaryň gepleşikleri arkaly hyzmatdaşlygy güýçlendirmek arkaly çylşyrymly sebit suw meselelerini çözmek üçin köp derejeli dolandyryş çemeleşmesini alýar; subutnamalary we modelleri ulanyp, derýa basseýnini toplumlaýyn we durnukly dolandyrmak üçin umumy düşünjäni ösdürmek; we pudaklarda we dolandyryş derejelerinde bilelikdäki herekete goldaw bermek.
Bu taslama Türkmenistanda, Täjigistanda, Özbegistanda, Gyrgyzstanda we Gazagystanda amala aşyrylýar.
USAID-de: Serdar Ýagmurow bilen habarlaşyp bilersiňiz
Elektron salgysy: syagmurov@usaid.gov
Ýerine ýetiriji gurama: Tetra ARD
Ykdysady ösüş: Merkezi Aziýanyň Sebitleýin Elektrik Bazary (CAREM)
2018-nji ýylyň awgust aýy – 2022-nji ýylyň maý aýy
CAREM-iň umumy maksady ähli ýurtlara energiýa üpjünҫiligini adalatly we yzygiderli berjaý edýän netijeli sebitleýin institutlary we özleșdirilen energiýa bazary; umumy iș standartlary; adalatly we hiҫ taraplary kemsitmeýän bahalar; we elektrik ulgamyna doly giriș mümkinҫiligi bolup durýar.
USAID-de: Çemen Jumaýewa bilen habarlaşyp bilersiňiz
Elektron salgysy: cjumayeva@usaid.gov
Ýerine ýetiriji gurama: Tetra Tech
Ykdysady ösüş: USAID-iň Telekeçiligi ösdürmek taslamasy (FGI)
2019-njy ýylyň senýabr aýyň 30 – 2024-nji ýylyň sentýabr aýyň 29
USAID-iň telekeçilik we işewür gurşawy ösdürmek (FGI) taslamasynyň maksady – çalt ösýän pudaklaryň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak, netijede iş ýerleriň sanyny we Merkezi Aziýada işçileriň girdejilerini ýokarlandyrmakdyr. FGI, ýokary ösüş potensialy bolan kompaniýalaryň ösüşini goldamak üçin bazar ulgamlaryny üýtgetmäge kömek edýär. FGI, zenanlaryň we ýaşlaryň arasynda hünärli zähmet islegini kanagatlandyrmak üçin bazar dinamikasyny güýçlendirýär. Taslama ýokary ösüşli bazarlary kesgitlemek we bu bazarlara eksporty höweslendirmek üçin işleýär, şeýle hem bazaryň ýörelgelerine we hususy pudagyň gatnaşmagyna esaslanýan iş we ykdysady ösüş üçin amatly kanunçylyk gurşawyny güýçlendirmek üçin işleýär.
Bu taslama Türkmenistanda, Täjigistanda, Özbegistanda, Gyrgyzstanda we Gazagystanda amala aşyrylýar.
USAID-de: Serdar Ýagmurow bilen habarlaşyp bilersiňiz
Elektron salgysy: syagmurov@usaid.gov
Ýerine ýetiriji gurama: Palladium International, LLC
Ykdysady ösüş: Merkezi Aziýa Energiýasy taslamasy
2020-nji ýylyň oktýabr aýy – 2025-nji ýylyň sentýabr aýy
USAID Merkezi Aziýa Energiýasy taslamasy okuw bilimini ýokarlandyrmak we potensialy ýokarlandyrmak boýunça esasy maksatlary öňe sürýär; hususy pudaga maýa goýumlaryny artdyrmak; ýerli guramalaryň tejribesini ulanmak; we jyns taýdan deňligi we çetleşdirilen toparlaryň öz içine alyjylygyny üpjün etmek. USAID energiýa pudagynda ýerli hünärmenleriň güýçli kadrlarynyň döredilmegine goşant goşmak bilen ýerli jemgyýetleri we guramalary goldamaga taýýar.
Bu taslama Türkmenistanda, Täjigistanda, Özbegistanda, Gyrgyzstanda we Gazagystanda amala aşyrylýar.
USAID-de: Çemen Jumaýewa bilen habarlaşyp bilersiňiz
Elektron salgysy: cjumayeva@usaid.gov
Ýerine ýetiriji gurama: Tetra Tech
Saglygy goraýyş we bilim: USAID-iň Merkezi Aziýada dermanlara durnukly inçekeseliň öňüni almak, ýüze çykarmak we bejermek taslamasy
2019-njy ýylyň 16-njy sentýabry – 2022-nji ýylyň 15-nji sentýabry
Bu taslama inçekeseliň we dermanlara durnukly inçekeseliň agyrlygyny azaltmagy we ýerli hökümete ilata, hususanam ilatyň ejiz bölegine, ýokary hilli inçekesel babatda ähliumumy we adalatly hyzmatlaryny elýeterliligi üpjün etmegi maksat edinýär. Bu taslama, Bütindünýa Saglygy goraýyş guramasynyň inçekesel we dermanlara durnukly inçekesel babatda iň soňky hödürlän görkezmeleriniň çäginde tehniki ýardamy durmuşa geçirmegi we onuň möçberini giňeltmegi göz öňünde tutýar. Bu taslama, jemgyýetçilik guramalar, jemgyýetler we maşgala agzalary bilen bilelikde, inçekesel hassahanalarynyň ulanylyşyny rasionallaşdyrmak we ambulatoriýa bejergisini gowulandyrmak, ýagny hassahana idegden ambulatoriýa bejergisine geçirmek babatdaky halkara tekliplerini uýgunlaşdyrmak üçin, syýasaty ýöredijilere we saglygy goraýyş işgärlerine goldaw berýär. Dermanlara durnukly inçekesel bilen kesellänler we şol sanda çaga inçekeseli üçin ikinji hatardäki dermanlaryň hilini ýokarlandyrmaga we elýeterliligine we inçekesele garşy täze derman bejergisini halkara ülňülerine gabat gelýän Bütindünýa Saglygy goraýyş guramasynyň iň soňky hödürlän görkezmeleri esasynda durmuşa geçirmegi aýratyn üns berilýär.
Bu taslama Gazagystanda, Özbegistanda, Täjigistanda we Türkmenistanda amala aşyrylýar.
USAID-de: Nargiza Metýakubowa bilen habarlaşyp bilersiňiž
Elektron salgysy: nmetyakubova@usaid.gov
Ýerine ýetiriji gurama: Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasy
Saglygy goraýyş we bilim: USAID-iň Merkezi Aziýada inçekeseli ýok etmek taslamasy (ETICA)
2019-njy yýlyň 8-nji sentýabry – 2024-nji ýylyň 7-nji sentýabry
USAID-iň Merkezi Aziýada inçekeseli ýok etmek taslamasy, dermanlara durnukly inçekeseli ýüze çykarmak we bejermek üçin ýerli we sebitleýin mümkinçilikleri döretmek arkaly Merkezi Aziýada inçekeseli azaldýar. Bu taslama, Merkezi Aziýa institutlarynyň inçekesele ýolbaşçylyk, dolandyryş, maliýeleşdirmek we maglumat ulgamlaryndaky mümkinçiliklerini artdyrmak arkaly dermanlara durnukly inçekesel hyzmatlarynyň hilinde we elýeterliliginde ölçelip bolýan we dowamly gowulaşmalara sebäp bolar diýlip garaşylýar. Bu taslama, laboratoriýalarda we saglyk öýlerinde ökde we höweslendiriji işgärler we elýeterli dermanlar, üpjünçilikler we hyzmatlar barlygyna göz ýetirilip inçekesel hyzmatyny gowulandyrar. Bu taslama inçekesel stigmasyny azaltmak üçin jemgyýetler bilen işleýär we bejerginiň üstünlikli tamamlanmagyny üpjün etmek üçin inçekesel hassalaryna hemmetaraplaýyn goldaw hyzmatlaryny hödürleýär.
Bu taslama Gazagystanda, Gyrgyzstanda, Özbegistanda, Täjigistanda we Türkmenistanda amala aşyrylýar.
USAID-de: Nargiza Metýakubowa bilen habarlaşyp bilersiňiž
Elektron salgysy: nmetyakubova@usaid.gov
Ýerine ýetiriji gurama: Abt Associates, Inc hyzmatdaşlar konsorsiumy bilen
Saglygy goraýyş we bilim: USAID-iň Häzirki zaman hünärleri ösdürmek taslamasy
2021-nji ýylyň 1-njy oktýabry – 2026-njy ýylyň 30-njy sentýabry
Bu taslama a) iş bazaryna girmek üçin zerur bolan we talap edilýän başarnyklary ösdürmek arkaly ýaşlaryň işini we telekeçiligini artdyrmak we b) ýaşlar, iş berijiler we mugallymlar tarapyndan dolandyrylýan ýaşlar üçin häzirki zaman endiklerini ösdürmek üçin bilim we okuw ulgamlaryny güýçlendirmek. Taslamanyň umumy maksady – 15-25 ýaş aralygyndaky ýaşlaryň häzirki zaman bazar ykdysadyýetinde özbaşdaklygy we hünär endiklerini ösdürmek üçin ýşlara ähli taraplaýyn zähmet resurslaryny döretmekdir we öz jemgyýetleriniň raýat durmuşyna goşant edip biljek we Watanda galmak üçin karar berip biljek ynamly, gowy taýýarlykly we özbaşdak pikirlenýän işçi güýjüni döretmekdir.
Bu taslama diňe Türkmenistanda amala aşyrylýar.
USAID-de: Wepa Berdiýew bilen habarlaşyp bilersiňiz
Elektron salgysy: vberdiyev@usaid.gov
Ýerine ýetiriji gurama: QED GROUP LLC
Dolandyryş: Türkmenistanyň Döwleti dolandyryş ulgamynyň kӓmilleşdirilmegine ýardam bermek taslamasy
2019-njy ýylyň 17-nji apreli – 2023-nji ýylyň 29-njy apreli
Bu taslama halkara iň gowy tejribeleri arkaly türkmen hӧkümet işgӓrleriniň bilimlerini ӧzgertmӓge we ilata edilýӓn hyzmatyň hilini ýokarlandyrmaga ýardam berýӓr.
Bu taslama Türkmenistanda amala aşyrylýar.
USAID-de: Nargiza Metýakubowa bilen habarlaşyp bilersiňiž
Elektron salgysy: nmetyakubova@usaid.gov
Ýerine ýetiriji gurama: QED GROUP LLC
Dolandyryş: Merkezi Aziýada howpsuz migrasiýa taslamasy
2019-njy ýylyň 1-nji sentýabry – 2024-nji ýylyň 31-nji awgusty
Bu taslama, USAID-iň Merkezi Aziýa sebitinde geçiren öňki migrasiýa we adam söwdasyna garşy işlerine esaslanýar, şol sanda adamlaryň içerki we daşarky adam söwdasyna bolan gowşaklygyny azaltmak, migrantlaryň howpsuz migrasiýa ýollary baradaky habardarlygyny ýokarlandyrmak we adam söwdasyna garşy göreşi we kanunçylyk we kadalaşdyryjy-hukuk binýadyny güýçlendirmek baradaky başlangyçlary öz içine alýar. Bu taslama, hökümet, raýat jemgyýeti we hususy pudagyň hyzmatdaşlygyny we mümkinçiliklerini gowulandyrmak bilen bir hatarda ulgamlaýyn kynçylyklary, höwesleri we adam söwdasy üçin amatly şertleri aradan aýyrmaklyga täzeden üns bermek bilen hukuklara esaslanýan migrasiýany ösdürmek üçin çäreleri dowam etdirer. Sebitleýin ünsi artdyrmak bilen, bu taslama ýurt derejesinde geçen maýa goýumlaryny gurmaga we serhetaşa çemeleşmeler üçin sebitleýin hyzmatdaşlygy ýeňilleşdirmäge mümkinçilige eýe bolar diýlip garaşylýar.
Bu taslama Türkmenistanda, Täjigistanda, Özbegistanda, Gyrgyzstanda we Gazagystanda durmuşa geçirilýär.
USAID-de: Wepa Berdiýew bilen habarlaşyp bilersiňiz
Elektron salgysy: vberdiyev@usaid.gov
Ýerine ýetiriji gurama: Winrock International
Dolandyryş: Merkezi Aziýada durmuş innowasiýalar taslamasy
2019-njy ýylyň 1-nji sentýabry – 2024-nji ýylyň 31-nji awgusty
Taslama ýaşlara hünär okuwy, ýerli jemgyýeti ösdürmek ýaly başlangyçlara çekýän çäreleri durmuşa geçirmek üçin ýerli jemgyýetçilik guramalary bilen hyzmatdaşlyk edýär; maýyplara goldaw bermek; we raýat jemgyýeti toparlaryna guramaçylyk ösüşini we mümkinçiliklerini artdyrmagy üpjün edýär.
Bu taslama Gazagystanda, Gyrgyzstanda, Täjigistanda, Türkmenistanda we Özbegistanda alnyp barylýar.
USAID-de: Wepa Berdiýew bilen habarlaşyp bilersiňiz
Elektron salgysy: vberdiyev@usaid.gov
Ýerine ýetiriji gurama: Eurasia Foundation