Biziň LINE sahypamyza goşuluň

Ilçihananyň LINE sahypasy hakynda

Ilçihananyň täzelikleri, alyş-çalyş maksatnamalary barada bildirişleri hem-de açyk konsertler, film görkezilişleri we Ilçihanada açylan iş orunlary barada habarlary we beýleki mümkinçilikler barada habarly bolmak üçin LINE ykjam goşundyňyzda bizi dost goşuň. Şeýle hem biz iňlis diliňizi ösdürmek üçin maslahatlary we testleri hem-de amerikan medeniýeti we jemgyýeti barada habar berýäris. LINE ykjam goşundyňyzda şuny tapyň: @usembassy-ashgabat

Ilçi Alan Mastardyň LINE sahypasy hakynda

Siz şeýle hem ilçi Alan Mastard bilen LINE arkaly dostlaşyp bilersiňiz. Ol öz lentasynda täzelikler we özüniň şahsy garaýyşlary barada yzygiderli gürrüň berip durýar we öz dostlary bilen aragatnaşyk saklaýar. LINE ykjam goşundyňyzda şuny tapyň: @allan.mustard

LINE ýüklemek üçin näme etmeli

LINE mugt ykjam goşundy bolup, ony Androýd we iOS mobil operasion sistemalarynda ulanyp bolýar. Siz ony Androýd üçin http://play.google.com salgysy boýunça we iOS üçin bolsa iTunes Appstore arkaly ýükläp bilersiňiz.