BELLIK: Iýun aýynyň 16-y sagat 09:00-dan iýun aýynyň 16-y sagat 15-00-a çenli we iýun aýynyň 17-i sagat 09:00-dan iýun aýynyň 17-i sagat 13-00-a çenli Internet arkaly işe almak ulgamynyň (ERA) el ýeterli bolman biljekdigini Size habar berýäris. Berilen närahatlyklar üçin Sizden ötünç soraýarys hem-de ABŞ-nyň Türkmenistandaky Ilçihanasynda işlemäge höwes edýäniňiz üçin Size minnetdarlyk bildirýäris.
MÖHÜM BELLIK: Kagyzda doldurylan ýa-da e-mail üsti bilen tabşyrylan iş arzalarynyň mundan beýläk kabul edilmejekdigini hem-de ABŞ-nyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň, ERA diýilip atlandyrylan täze, internet arkaly işe alma ulgamyna geçendigini dykgatyňyza ýetirýäris. Hemme arzalar diňe ERA arkaly doldurylmaly hem-de tabşyrylmalydyrlar.
ERA’da bar bolan boş wezipeleri görmek üçin “Häzirki boş wezipeler” bölüminde ýerleşen çykgyda basyň. ERA boýunça instruksiýalary görmek isleseňiz “Işe nähili ýüz tutup bolýar”çykgydyna basyň.
ABŞ-nyň Aşgabatdaky Ilçihanasyndaky işe ýüz tutandygyňyz üçin Size minnetdarlyk hem bildirýaris. Ilçihanadaky işe almak prosessi her bir wezipä iň mynasyp dalaşgärleri saýlap almakda we çekmekde yzygiderli, gönükdirilen hem-de adalatly bolmak maksady bilen gurnalandyr.
ABŞ-nyň Aşgabatdaky Ilçihanasy mydama üýtgeýän, köpmilletli hem-de ajaýyp iş ýeridir. Biz, ýerli işgärleriň sekiz häsiýetini (PDF 245 KB) üstünlikli görkezip biljek işgärleri gözleýäris. Biz Size, arzaňyzy işe tabşyrmazdan öň bu häsiýetler bilen tanyşmagyňyzy hem-de olaryň ähmiýetine doly düşünmegiňizi maslahat berýäris.