Işe resminama nähili tabşyrmaly

Ilçihanadaky işe, internet arkaly işe alma ulgamy (ERA) üsti bilen işe ýüz tutmak üçin ilki bilen Siz ERA’da öz hususy profiliňizi döretmeli. Şondan soň, Siz, öz profiliňize girip işe ýüz tutup bilersiňiz.

Aşakda, düzüminde Siz üçin peýdaly maglumatlar bar bolan çykgytlar berlen:

Her bir yglan edilen wezipä Ilçihana örän köp arza gelýär. Köp halatlarda ýüz tutan dalaşgärleriň ençemesi bellenilen talaplara doly laýyk gelýärler; muňa garamazdan, diňe az sany iň ukyply dalaşgärleriň gerek bolan synag hem-de gepleşige gatnaşmak üçin saýlanylyp alynýar. Şonuň üçin biz Size diňe, Siziň arzaňyzyň wezipäniň talaplaryna doly laýyk gelýändigi halatynda ony tabşyrmagy maslahat berýäris.

Arzaňyzy tabşyrmazdan öň, Sizi gyzyklandyrýan wezipäniň bildirişini dykgat bilen okaň, onda bellenilen talaplary doly gözden geçiriň. Eger-de ony okaňyzdan soň Siz, ukyplaryňyzyň, okuwyňyzyň, iş tejribäňiziň wezipäniň talaplaryna doly laýyk gelýändiklerine göz ýetirseňiz, şol ýagdaýda Siz dolduryş maglumatlaryna laýyklykda ERA arkaly arzaňyzy tabşyryň. Anketaňyzy dogry we tertipli doldurmak ýoly bilen Siz, anketaňyzyň tapawutlanyp durmagy hem-de iş berijiniň ünsini çekmegi mümkinçiligini has ýokarlandyrýarsyňyz.

Bellik: anketany diňe Iňlis dilinde doldurmagyňyzy haýyş edýäris. Herhaýsy başga bir dilde doldurylan anketalar doldurylmadyk diýip hasaplanar.

ÖZ ERA PROFILIŇIZI NÄHILI DÖRETMELI

1-nji ädim

ERA’da öz profiliňizi döretmek üçin şu aşakdaky çykgydy açyň:

https://erajobs.state.gov/dos-era/tkm/vacancysearch/searchVacancies.hms

2-nji ädim

Açylan sahypanyň ýokarky sag burjynda “Login” sözüni görüp bolýar. Şol söze basyň.

3-nji ädim

Indiki sahypada, eger-de Siz ulgamy ilkinji gezek ulanýan bolsaňyz, şonda “Create an account” sözüne basyň. Eger-de eýýam profiliňiz bar bolsa, şonda öz loginiňizi hem-de parolyňyzy giriziň.

4-nji ädim

“Create an account” düwmesine basandan soňra täze sahypa açylar. Bu sahypada Siz şu aşakdaky maglumatlary üpjün etmeli bolarsyňyz:
Siziň, “*” diýip bellenen hemme boş setirleri hökmany suratda doldurmalydygyňyzy dykgatyňyza ýetirýäris.

  • Siziň öz hususy maglumatlaryňyz;
  • Siziň aragatnaşyk maglumatlaryňyz;
  • Öz parolyňyzy döretmeli;
  • Geljekde parolyň ýatdan çykan ýagdaýynda, ony täzeden dikeltmek üçin ulanyljak gizlin soraglaryň we jogaplaryň saýlanylmagy.

Gerek bolan ähli maglumatlar girizilenden soň “Next” düwmesine basmaly.

5-nji ädim

Sizi gutlaýarys! Indi profiliňiz döredildi. Geljekde ulanmak üçin Siziň identifikasiýa belgiňizi (ID) hem-de parolyňyzy bir ýerde ýazyp saklamagyňyzy haýyş edýäris. Parolyňyzy ýatdan çykaran ýagdaýyňyzda jogap bermeli boljak gizlin soraglary we jogaplary ýatda saklamagyňyzy hem maslahat berýäris.

Sahypanyň aşagynda sag gapdalyndaky burçda ýerleşen “Done” düwmesine basyň. Şu düwmä basaňyzdan soň, Siziň öz identifikasiýa belgiňizi hem-de parolyňyzy girizip biljek baş sahypa dolanyp gelersiňiz.

6-njy ädim

Indi, baş sahypa dolanyp geleniňizden soň, Siz täze identifikasiýa belgiňizi ýa-da email salgyňyzy hem-de parolyňyzy girizip “Login” düwmesine basmaly. Täze açylan sahypada Siz öz profiliňizi synlap bilersiňiz. Şu profiliňiziň içinde Siz hemme bar bolan boş wezipeleri gözden geçirip islendik wezipä ýüz tutup bilersiňiz. Size köp üstünlik arzuw edýäris!

IŞE ANKETA NÄHILI TABŞYRMALY

Siz profiliňize, öz identifikasiýa belgiňizi hem-de parolyňyzy ulanyp gireňizden soňra bar bolan iş wezipelerine arzaňyzy tabşyryp bilersiňiz.

Siz anketaňyza, bildirişin möhletiniň gutaranyna çenli, ony tabşyraňyzdan soň hem, islän üýtgetmeleri islän wagtyňyzda girizip bilersiňiz. Munuň üçin, Siz diňe öz profiliňize täzeden girip ýokarda çep gapdalda ýerleşýän “Dashboard” sözüne basyp, gerek bolan bildirişi saýlap islän üýtgetmeleri girizmeli.

Möhüm bellik: ERA ulanaňyzda herhaýsy tehniki problemalarynyň ýüze çykmazlygy üçin Chrome brauserini ulanmagyňyzy Size maslahat berýäris.