Ýaňy-ýakynda işe ýüz tutanlaryň dykgatyna

Bilidirşiň möhleti gutarandan soňra, takmynan 2-3 hepdäniň içinde, Ilçihananyň işgärler bölümi, indiki tapgyra saýlanan dalaşgärler bilen habarlaşyp olary Ilçihana gerek bolan dil synaglary geçmek hem-de söhbetdeşlik üçin çagyrar. Dil syngalaryndan üstünlikli geçip bilmeýän dalaşgärler söhbetdeşlige çagyrylmazlar. Şunda ýene-de nygtamaly bir zat bar, käbir wezipelere goşmaça kwalifikasiýa synaglar, fiziki taýdan taýýarlyk synagy, awtoulaglary sürüş synagy, terjimeçilik ukyby synagy ýaly synaglar gerek bolup biler.

Möhüm bellik: Ilçihananyň işgärler bölüminiň Siziň bilen arzaňyzda görkezen telefon ýa-da e-mail arkaly habarlaşmagy mümkin bolup biler. Şol sebäpli emailiňizi wagtly-wagtynda barlamagyňyzy maslahat berýäris.

Ilçihananyň, gepleşik ýerine baryp ýetmek üçin bolan ýol çykdaýjylaryny tölemeýädigini nazarda tutmagyňyzy hem haýyş edýäris.

Her bir yglan edilen wezipä Ilçihana örän köp ýüz tutulýandygy üçin, dalaşgärleriň ählisine anketalarynyň ýagdaýy barada habar bermek ýa-da soraglaryna jogap bermek mümkinçiligi ýok. Şonuň üçin, Ilçihananyň işgärler bölümi diňe indiki tapgyra saýlanan dalaşgärler bilen habarlaşar. Şol sebäpli, biz Size, anketaňyzy tabşyraňyzdan soň, öz elektron poçtaňyzy wagtly-wagtynda barlamagyňyzy hem-de öz telefonuňyzy öçürip goýmazlygy maslahat berýäris.