Hemme gerek bolan synaglardan üstünlikli geçen bolsaňyz, işgärler bölümi Sizi, iň azyndan bir gün öňünden söhbetdeşlige çagyrar. Söhbetdeşlik gününde, Ilçihananyň çägine goýberilmek üçin, Siziň ýanyňyzda öz raýatlyk pasportyňyz bolmaly.
Söhbetdeşlik gününde ýanyňyzda bolmaly resminamalaryň sanawy aşakda görkezilen:
- Siziň raýatlyk pasportyňyz, ýa-da Siziň şahsyýetiňizi tassyklaýan herhaýsy başga bir resminama – hökman;
- Siziň professional häsiýetleriňiz, ukyplaryňyz, üsünlikleriňiz barada maglumat beren herhaýsy başga resminamalar (terjimehalyňyz, şahadatnama nusgalaryňyz, maslahat berilýän hatlar ýaly) – öz islegiňiz boýunça.
Söhbetdeşlikden soňra:
Eger-de Siz wezipä saýlanan bolsaňyz, şonda işgärler bölümi Siz bilen habarlaşyp Size deslapky (şertli) iş teklibi eder hem-de işe doly kabul edilmezden öň etmeli işler, anketa maglumatlaryň barlagy, medisina barlagy barada habar berer. Eger-de Siz söhbetdeşlige gatnaşyp saýlanmadyk bolsaňyz, şonda işgärler bölümi Size söhbetdeşligiň netijeleri barada habar berer.