Işe kabul edilmezden öň geçirilýän barlaglar

Işe kabul edilmezden öň, Ilçihananyň hemme täze işgärleri anketa maglumatlarynyň barlagyndan hem-de medisina barlagyndan geçmeli. Gynansak-da, şu barlaglaryň näçe wagt alyp biljeklerini takyk aýdyp bolmaýar. Ýöne takmynan aýtjak bolsak, anketa maglumatlaryň barlagy 4-6 hepde alýar, medisina barlagy bolsa takmynan 3-4 gün alýar.

Işe saýlanyp alnan dalaşgärler, gerek formalaryň öz wagtynda we tertipli doldurmak bilen, hem-de dogry maglumatlary üpjün etmek bilen, şu prosesiň tizleşdirilmegine ýardam edip bilerler. Biz, deslapky (şertli) işe kabul ediş teklibini alan dalaşgärlere, barlag netijeleriniň doly anyk bolmazdan hem-de işgärler bölüminiň Size resmi işe kabul ediş teklibini etmezden öň, şu wagtky işlän ýerleriňizden çykmak prosesini başlamazlygyňyzy maslahat berýäris.