GAÝRA GOÝMAZDAN ÝAÝRATMAK ÜÇIN
2020-nji ýylyň 25-nji awgusty
Merkezi Aziýada howpsuz migrasiýa
Tel: +7 7028450527 Email: dinara.saliyeva@winrock.org
Aşgabat, Türkmenistan, 2020-nji ýylyň 27-njI awgusty – ABŞ-nyň Halkara Ösüş boýunça gullugy (USAID) tarapyndan maliýeleşdirilýän Merkezi Aziýada Howpsuz Migrasiýa maksatnamasy, BMG-niň Türkmenistandaky Neşe Serişdeleri we Jenaýatçylyk baradaky Müdirligi (BMGNJM), Türkmenistanyň Daşary Işler Ministrligi we Türkmenistanyň Adalatçy Diwany bilen hyzmatdaşlykda Mejbury zähmeti we adam söwdasyny aradan aýyrmak boýunça 8.7 Durnukly Ösüş Maksatnamasyny (Target 8.7) durmuşa geçirilmegine gönükdirilen onlaýn wideo webinar geçirildi.
Çärä Zähmet we Durmuş Goragy ministrliginiň, Türkmenistanyň Mejlisiniň, Telekeçiler Bileleşiginiň, Türkmenistanyň Döwlet, Demokratiýa we Hukuk Institutynyň, Baş Prokuraturanyň, Türkmenistanyň Oba hojalygy ministrliginiň, Türkmenistanyň Söwda ministrliginiň we Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşygynyň wekilleri gatnaşdy.
ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçisi Mätýü S. Klimow gatnaşyjylara ýüzlenip, “Türkmenistanyň eksporty artdyrmak we halkara bazarlaryna çykmak islegi, halkara ülňüleri boýunça işçileriň hukuklarynyň netijeli goralmagyny üpjün etmek, durmuşa geçirmek we mejbury zähmetiň öňüni almak üçin kanun çykaryjylaryň we söwda wekilleriniň habarlylyk derejesini ýokarlandyrmagyny talap edýär”. Şeýle hem, “Türkmenistan hökümeti, BMG-niň Türkmenistandaky Neşe Serişdeleri we Jenaýatçylyk baradaky Müdirligi, Halkara Zähmet Guramasy we beýleki hyzmatdaşlar bilen bilelikde işleşip, migrantlaryň hukuklaryny goramak bilen bir hatarda, Türkmenistanda we sebitde ykdysady we durnukly ykdysady ösüşe goşant goşýandygymyza ynanýaryn”diýdi.
Webinaryň dowamynda Halkara Zähmet Guramasy, Ýewropa Geňeşi, Adam Hukuklary we Işewürlik Instituty we olaryň türkmen kärdeşleri, Durnukly Ösüş Maksatnamasynyň 8.7 Wezipesine ýetmek üçin çäreleri nädip çaltlaşdyrmalydygyny we giňeltmelidigini ara alyp maslahatlaşdylar. Gatnaşanlar zerur milli syýasatlar we olaryň netijeli durmuşa geçirilmegi barada pikir alyşdylar; umumy halkara we sebitleýin tejribe barada pikir paýlaşdylar; sebitde mejbury zähmet we adam söwdasyna garşy üstünlikli we innowasion çemeleşmeleriň mysallaryny getirdiler.
###
ABŞ-nyň Halkara Ösüş boýunça gullugy (USAID) tarapyndan maliýeleşdirilýän Merkezi Aziýada Howpsuz Migrasiýa maksatnamasy Winrock International tarapyndan Merkezi Aziýanyň bäş ýurdunda durmuşa geçirilýär. Maksatnama migrasiýa tejribelerini kämilleşdirmek we adamlaryň ezilmeginiň öňüni almak üçin ýerli häkimiýetler, raýat jemgyýeti we hususy ulgam bilen ysnyşykly hyzmatdalyk alyp barýar. Has giňişleýin maglumat USAID-iň Merkezi Aziýadaky sebitleýin edarasynyň websaýtynda elýeterlidir: https://www.usaid.gov/central-asia-regional/fact-sheets/safe-migration-central-asia.
Goşmaça maglumat üçin ABŞ-nyň Halkara Ösüş boýunça gullugy (USAID) tarapyndan maliýeleşdirilýän Merkezi Aziýada Howpsuz Migrasiýa maksatnamasynyň aragatnaşyk bölüminiň işgäri Dinara Saliýewa bilen +77028450527 ýa-da Dinara.Saliyeva@winrock.org salgysynda habarlaşmagyňyzy haýyş edýäris.