Tema: Tehniki bölüm (TB) – UPS (üznüksiz elektrik toguny üpjün ediji) batareýalaryny çalyşmak
ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasy aşakdaky Tenderiň/Söwda teklibi üçin ýüz tutma: PR10569940 möhletini 2022-nji ýylyň maý aýynyň 2-ne, ýerli wagt bilen sagat 17:00 çenli uzaldýar.
Bellik: Hyzmat berilýan ýeri baryp görmegi haýyş etmek üçin AshgabatProcurement@state.gov üsti bilen 2022-nji ýylyň aprel aýynyň 21-ne, ýerli wagt bilen sagat 17:00 çenli habarlaşyň.
ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasy mümkin bolan üpjün edijileri Tehniki bölüm (TB) – UPS batareýalaryny çalyşmak barada (PDF 363KB) söwda tekliplerini bermeklige çagyrýar. Ilçihana iň bir amatly bahadan, makul görülen söwda teklibini berjek jogapkärli kompaniýa bilen Şertnama/Sargyt baglaşmakçy. Şertnama/Sargyt ara alyp maslahatlaşmasyz ýagdaýda ilkinji teklip edilen baha esaslanar, ýöne zerur bolan ýagdaýynda, bäsdeşligiň çäklerinde, kompaniýalar bilen baha meselesini ara alyp maslahatlaşmaklyk mümkindir.
Üpjün edijiler özleriniň tekliplerini, olaryň tehniki beýanlary bilen birlikde 2022-nji apreliň 22-sine, ýerli wagt bilen sagat 17:00-a çenli AshgabatPROCUREMENT@state.gov salgyly elektron poçtasyna ugratmalydyr. Görkezilen seneden we wagtdan soň iberilen teklipler kabul edilmeýär.