ABŞ-nyň ilçihanasy Türkmenistanda her ýyl geçirýän tomusky filmler görkezilişi bilen amerikan medeniýetini paýlaşýar

Summer Film Screenings Turkmen

Aşgabat, 2016-njy ýylyň 8-nji iýuly – 9-njy iýulda ABŞ-nyň ilçihanasy özüniň her ýyl geçirýän tomusky filmler görkezilişini başlaýar we Türkmenistanyň dürli şäherlerinde amerikan kinosungatynyň iň ajaýyp eserlerini hödür edýär. Şu ýylda görkezilişiň çäginde çagalar we ulular üçin niýetlenen we hemmeler üçin gyzykly boljak amerikan sungatyny we medeniýetini beýan edýän filmleriň birnäçesi görkeziler.

Filmleriň ählisi rus dilinde iňlis subtitrleri bilen görkeziler. Giriş tölegsiz we hemmeler üçin açyk. Filmler aşakdaky tertip boýunça görkeziler:

Aşgabat ş. – “Ashgabat” kinoteatry
Şenbe, 9-njy iýul sagat 12:00-da – “Tapmaça” (multfilm)
Şenbe, 9-njy iýul sagat 15:00-da – “Ýyldyzlar uruşlary: Kuwwatyň oýanmasy” (çeper film)
Şenbe, 9-njy iýul sagat 18:30-da – “Zoluşka” (çeper film)

Mary ş. – “Margiana” medeniýet köşgi
Anna, 15-nji iýun sagat 12:00-da – “Zoluşka” (çeper film)
Anna, 15-nji iýun sagat 18:30-da – “Ýyldyzlar uruşlary: Kuwwatyň oýanmasy” (çeper film)
Şenbe, 16-njy iýun sagat 11:00-da – “Tapmaça” (multfilm)

Türkmenabat ş. – Türkmenistanyň gahrymany Gurbansoltan eje adyndaky medeniýet öýi
Şenbe, 16-njy iýun sagat 18:30-da – “Zoluşka” (çeper film)
Ýekşenbe, 17-nji iýul sagat 12:00-da – “Tapmaça” (multfilm)
Ýekşenbe, 17-nji iýul sagat 18:30 – “Ýyldyzlar uruşlary: Kuwwatyň oýanmasy” (çeper film)

Daşoguz ş. – “Daşoguz” myhmanhanasynyň mejlisler jaýy
Şenbe, 23-nji iýul 12:00-da – “Tapmaça” (multfilm)
Şenbe, 23-nji iýul 18:30-da – “Zoluşka” (çeper film)
Şenbe, 23-nji iýul 11:00-da – “Ýyldyzlar uruşlary: Kuwwatyň oýanmasy” (çeper film)

Balkanabat ş. – “Türkmennebit” döwlet konserniniň “Ýöritenebitgurnama-gurluşyk” trestiniň Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky nebitçileriň medeniýet köşgi
Sişenbe, 26-njy iýul sagat 18:30-da – “Zoluşka” (çeper film)
Çarşenbe, 27-nji iýul sagat 12:00-da – “Tapmaça” (multfilm)
Çarşenbe, 27-nji iýul sagat 15:00-da – “Ýyldyzlar uruşlary: Kuwwatyň oýanmasy” (çeper film)

Turkmenbaşy ş. – Türkmenbaşynyň Nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň Medeniýet köşgi
Penşenbe, 28-nji iýul sagat 12:00-da – “Tapmaça” (multfilm)
Penşenbe, 28-nji iýul sagat 15:00-da – “Ýyldyzlar uruşlary: Kuwwatyň oýanmasy” (çeper film)
Penşenbe, 28-nji iýul sagat 18:30-da – “Zoluşka” (çeper film)

Doly maglumat üçin ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň Maglumat we medeniýet bölümine 47-35-06 (goşmaça 1) telefon ýa-da irc-ashgabat@state.gov elektron salgysy boýunça ýüz tutmagyňyzy haýyş edýäris.