Ýokary synp mekdep okuwçylary üçin ABŞ-da bir ýyllyk okuw!

Halkara bilim boýunça Amerikan Geňeşlikleri ABŞ-nyň hökümedi tarapyndan maliýeleşdirilýän ýokary synp mekdep okuwçylary üçin «FLEX» maksatnamasynyň 2019-njy ýylda geçiriljek bäsleşiginiň rejesi barada habar berýär. Bäsleşigiň ýeňijileri 2020-2021-nji okuw ýylynyň dowamynda kabul edýän amerikan maşgalalarynda ýaşamaga we Amerikanyň orta mekdeplerinde okamaga mümkinçilik alarlar. Gitmek-gelmek we ABŞ-da ýaşamak bilen bagly bolan ähli harajatlary ABŞ-nyň Döwlet departamenti tarapyndan maliýeleşdirilýän «FLEX» maksatnamasy dolulygyna öz üstüne alýar. Fiziki mümkinçiligi çäklendirilen okuwçylar hem bäsleşige gatnaşmaga çagyrylýar. «FLEX» maksatnamasyna 300-den gowrak fiziki mümkinçiligi çäklendirilen okuwçy gatnaşdy we olaryň 6-sy Türkmenistanyň raýatydyr.

«FLEX» maksatnamasynyň bäsleşigi aşakdaky talaplara gabat gelýän ähli ýokary synp okuwçylary üçin açykdyr:

  • 2002-nji ýylyň mart aýynyň 15-den 2004-nji ýylyň maý aýynyň 31-i aralygynda doglan okuwçylar gatnaşyp bilýärler; ýöne 11-nji synpda okaýan, harby gulluga gitmeli okuwçylar maksatnama gatnaşyp bilmeýärler;
  • Häzirki wagtda mekdepde okaýan;
  • Mekdepdäki ýetişigi gowy bolan, iňlis dilinde gowy gürleşmek we ýazmak ukyplaryna eýe bolan;
  • Soňky bäş ýylyň içinde ABŞ-da üç aýdan köp ýaşamadyk;
  • ABŞ-nyň wizasyny almak üçin talaplara laýyk gelýan;
  • Türkmenistanyň raýaty bolan okuwçylar.

Bäsleşige gatnaşmaga isleg bildiren okuwçylar ýany bilen hőkmany ýagdaýda dogluş hakyndaky şahadatanamasynyň asyl nusgasyny ýa-da pasportyny, 3×4 ölçegli bir fotosurat, ruçka getirmelidirler we synaglara hökmany ýagdaýda mekdep lybasynda gelmelidirler.

Bäsleşik merkezlerine gelen ähli okuwçylar, özlerini talaba laýyk, ýagny tertipli we sylaşykly alyp barmalydyrlar, okuwçy görkezilen düzgünleri berjaý etmedik ýagdaýynda, «FLEX» maksatnamasynyň bäsleşiginden çykarylyp bilner.Test merkezlerinde öýjükli telefonlary ýa-da beýleki elektronik enjamlaryny (kompýuterler, iPad, iPod, fotoapparat we ş.m.) ulanmak gadagandyr. Okuwçy ýokarda görkezilen enjamlary ýany bilen getiren ýagdaýynda, «FLEX» maksatnamasynyň bäsleşiginden çykarylyp bilner.

Synaglaryň rejesi

 

Synag şäheri Synag güni Synag wagty Mekdep
Türkmenbaşy, Balkan welaýaty 13-nji oktýabr 9:00 Мekdep № 10, ş. Türkmenbaşy
Balkanabat, Balkan welaýaty 20-nji oktýabr 9:00 Mekdep № 3, ş. Balkanabat
Daşoguz, Daşoguz welaýaty 27- nji oktýabr 9:00 Mekdep № 2, ş. Dashoguz
Türkmenabat, Lebap welaýaty 3-nji noýabr 9:00 Mekdep № 2, ş. Türkmenabat
Mary, Mary welaýaty 10- njy noýabr 9:00 Mekdep № 19, ş. Mary
Tejen, Ahal welaýaty 17-nji noýabr 9:00 Mekdep № 3, ş. Tejen
Aşgabat 24-nji noýabr 9:00 Mekdep № 20, ş. Aşgabat

*Ahal welaýatynyň okuwçylary özlerine has amatly bolan ýerde, ýagny Tejen ýa-da Aşgabat şäherinde geçiriljek bäsleşige gatnaşyp bilerler.

**Öz şäherinde «FLEX» maksatnamasyna gatnaşyp bilmedik okuwçylar Aşgabat şäherinde geçiriljek «FLEX» maksatnamasynyň 1-nji tapgyryna gatnaşyp bilerler, ýöne bäsleşigiň 1-nji tapgyryna ýylda bir gezek gatnaşmaklyk rugsat edilýär.

Doly maglumat üçin Amerikan geňeşliklerine ýüz tutup bilersiňiz: (+99312) 36-90-16; (+99363) 50-20-36

http://americancouncilstm.org/flex/