Salam! Hoş geldiňiz, gadyrly dostlar!
Siziň Alyhezretiňiz Mejlisiň başlygy Nurberdiyewa, hormatly myhmanlar, hanymlar we jenaplar, agşamyňyz haýyrly bolsun! Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Garaşsyzlygynyň 239 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilýän baýramçylyk çärämize hoş geldiňiz!
Biziň baýramçylyk çärämize geleniňiz üçin köp sag boluň! Şeýle hem, Amerikanyň Birleşen Ştatlary bilen Türkmenistanyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň has hem ösdürilmegine goldaw berýänligi üçin Hormatly Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowa minnetdarlyk bildirýärin. Elbetde, men şu çärämize howandarlyk eden kärhanalaryň ählisine minnetdarlyk bildirýärin. Bu kompaniýalaryň jomart goldawy bolmasa, şu günki Garaşsyzlyk baýramyna bagyşlanyp geçirilýän çäre mümkin bolmazdy.
Adamzat taryhyny üýtgedip, meniň pikirimçe Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň iň möhüm baýramy bolan Garaşsyzlyk baýramyny bellemek üçin siziň araňyzda bolmak meniň üçin uly hotmatdyr.
239 ýyl mundan ozal Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň esaslandyryjylary bir ylalaşyga gelip, düýpgöter özgerlişikli düşünjä, ýagny ähli adamlaryň deň ýaradylanlygy, özlerini dolandyrmakda erkinligi, her birimiziň ýaşaýyşa, azatlyga we öz bagtymyzy gözlemäge hakymyzyň bardygy hakyndaky ynanja esaslanýan täze döwleti döretdiler. Olar halkyň hökümetini, halkdan saýlanan hökümeti we halk üçin hökümeti esaslandyrdylar – demokratiýada bu mümkin däl tejribe gülläp ösdi we ägirt uly kynçylyklara garamazdan dünýäň aglaba bölegine giňden ýaýrady.
Her ýyl biz dostlarymyz we maşgalamyz bilen bu üstünligi we iki ýüz ýyl mundan ozal döwletimiziň esaslandyryjylaryny ruhlandyran gymmatlyklary dabaralandyrýarys. Şeýle-de bolsa, bu gymmatlyklar diňe bir amerikalylara mahsus däl. Eýsem, şol gymmatlyklar Adam Hukuklarynyň Ähliumumy Jarnamasynda, şeýle hem köp ýürtlaryň konstitusiýasynda öz beýanyny tapdy.
Şonuň üçin biz bu gün diňe bir Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Garaşsyzlygyny däl-de, eýsem biziň umumy ynsanyýet ýörelgelerimizi dabaralandyrýarys. Bu gün biz öz umumy ýörelgelerimizi, gymmatlyklarymyzy we dünýägaraýyşlarymyzy ýatlaýarys. Biziň tapawutlylyklarymyza garamazdan, Amerikanyň Birleşen Ştatlary bilen Türkmenistan ylalaşmaýan meseleleri hakynda açyk gürründeşlik edip biler we etmelidir hem-de olary çözmek üçin üstünde işlemeli diýip pikir edýärin.
Geliň, şu baýramçylyk dabaramyzy täze aragatnaşyklar gurmaga, pikir alyşmaga, we umumy çylşyrymly meselelere täze çözgütler gözlemäge, şeýle-hem ähliumumy adam hukuklaryny ilerletmekde ygrarlydygymyzy ýene-de bir gezek mälim etmäge mümkinçilik hökmünde kabul edeliň.
Netijede, Amerikanyň Birleşen Ştatlary bilen Türkmenistanyň birnäce umumy gyzyklanma bildirýän ugurlary bar. Olaryň biri – Türkmenistanyň özbaşdaklygyny, garaşsyzlygyny, territorial bütewililigini goldamak. Iki ýurdumyzyň hökümetleri hem gülläp-ösen Türkmenistany ykdysady taýdan sebitde we dünýä bilen integrirlenip, Amerikanyň işewürleri üçin örän oňaýly ýer bolar diýip göz öňüne getirýäris. Mundan başga-da, biz Türkmenistanyň halky mümkin bolan iň gowy bilim alyp öz ýurdunyň gülläp-ösmegine goşandyny goşmagyna umumy gyzyklanma bildirýäris. Bu meseleler biziň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygymyzyň baş ugurlary bolup durýar.
Şeýle hem, biziň ýurtlarymyzyň arasynda birnäçe medeni we geografiki taýdan umumy häsiýetnamalar bar. Meselem, amerikaly kowboýlaryň medeniýeti türkmen atşynaslaryň medeniýetine meňzeýär, Amerikanyň günorta-günbatarynyň tebigaty bolsa, Türkmenistanyň ajaýyp tebigatyny ýatladýar.
Şeýlelikde, men bu agşam Amerikanyň günorta-günbataryna mahsus tagamlary dadyp, zalymyzyň dürli ýerlerinde goýlan suratlara syn etmäge çagyrmak bilen halklarymyzy buýsandyryp biljek köp sanly meňzeşlik taparsyňyz diýip pikir edýän.
Mundan başga-da, bu gün şu ýerde, bu meselede meň bilen ylalaşarsyňyz diýip pikir edýän, nepis türkmen halylaryna juda meňzeş bolan amerikaly indeýleriň elde dokan birnäçe halylaryny hem görüp bilersiňiz. Mejlisiň başlygy Nurberdiyewa, ýadygärlik sowgady hökmünde şol halylaryň birini gowşurmaga rugsat ediň.
Prezident Barak Obamanyň we Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň halkynyň adyndan ähliňizi Garaşsyzlyk baýramy mynasybetli gutlaýaryn.
Garaşsyzlyk günüňiz gutly bolsun! Sag boluň!