Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda ýa-da beýleki daşary ýurtlarda ýerleşýän ýokary okuw jaýlaryna magistratura we doktorantura okuwlaryna ýüz tutmak isleýärsiňizmi?
Amerikan Geňeşlikleri Türkmenistanyň raýatlaryny 17 hepdelik gibrid görnüşinde geçiriljek GRE maksatnamasyna gatnaşmaga çagyrýar. Bu Maksatnama ýokary okuw jaýlarynyň magistratura derejesine okuwa girmek üçin gerekli bolan GRE synagyna hemde magistratura derejesine ýüz tutmak we okuw işlerine ýokary derejedäki taýarlykdan ybarat.
Amerikan Geňeşlikleri, Türkmenistanyň raýatlaryny GRE maksatnamasyna gatnaşmaga çagyrýar:
- Dowamlylygy 18 hepde (hepde günleri agşam sagatlary we Ýekşenbe günleri) bolan intensiw taýarlyk kursy
- Bu kurs gibrid (online we ýüz ýüze) görnüşinde geçiriljekdir
- Gatnaşyjylar kompýuter, planşet ýa-da öýjükli telefonlar arkaly yzygiderli internete baglanyp bilmeli. Okuw kursuna degişli materiallar internet arkaly ugradylar.
Bu kurs GRE synagynyň hemme bölegleri (Analitiki yazuw, dilden pikirlenmek, san taýdan düşindiriş), Akademiki okuw we ýazuwa we magistratura derejesine ýokary okuw jaýlaryna ýüz tutmana taýarlykdan ybarat.
Maksatnama gatnaşmaga isleg bildirýänler:
- 4-ýyllyk Bakalawr derejeli ýokary okuw jaýyny tamamlan;
- Türkmenistanyň raýaty bolup, häzirki wagtda Türkmenistanda ýaşaýan;
- Ýokary derejede Iňlis dilini bilýän;
- ABŞ-nyň ýokary okuw jaýlaryna magistratura derejesine okuwa girmäge we okamaga bolan uly höwes we gyzyklanma bildirýän;
- 18 hepdelik taýarlyk kursyna doly gatnaşmany göz öňünde tutýan.
Anketa bukjasy: Ähli resminamalar HÖKMAN elektron poçta arkaly ugradylmaly*
- GRE maksatnamasynyň anketasy doldurylan bolmaly (PDF 971KB);
- Bakalawr akademiki ýetişigi (transcript) we diplom;
- Iňlis dilinde ýazylan akademiki ýa-da işlän ýerinden bir Hödürnama haty;
- Rezyüme;
- Türkmenistanyň içerki pasportynyň nusgasy;
- Islege bagly: Resmi Iňlis dili test bal netijesi (TOEFL, IELTS)
Ähli resminamalar şu poçta ugradylmaly: gre@americancouncilstm.org
Tabşyryş möhleti: 2023-nji ýylyň ýanwar aýynyň 22-ne sagat 17.30-a çenli
*Her resminamada öz adyňyzy we resminamaň adyny belläp, hemme resminamalary BIR elektron hata birikdiriň.
Doly maglumat almak üçin +993 61 81 68 55 belgi (9.00-16.00, birinji–dördünji iş günleri) we gre@americancouncilstm.org arkaly habarlaşyp bilersiňiz.
Diňe anketa bukjasyny dolulygyna doldyran dalaşgärlere test synagyna çagyrylmana mümkinçilik beriler.