GRE maksatnamasy

Gibrid görnüşli okuw güýz möwsümi 2022

Höwesli gatnaşyjylar üçin bildiriş

ABŞ-da ýa-da beýleki ýurtlarda ýerleşýän ýokary okuw jaýlaryna magistratura tabşyrmak isleýärsiňizmi? Amerikan geňeşlikleri Türkmenistanyň raýatlaryny 17 hepdelik gibrid görnüşinde geçiriljek “GRE” maksatnamasyna gatnaşmaga çagyrýar. Bu maksatnama ýokary okuw jaýlarynyň magistratura derejesine okuwa girmek üçin gerekli bolan “GRE” synagyna, hem-de magistratura tabşyrmak we okuw işlerine ýokary derejedäki taýarlykdan ybarat.

Amerikan geňeşlikleri Türkmenistanyň raýatlaryny “GRE” maksatnamasyna çagyrýar:

  • Dowamlylygy 17 hepde (hepdäniň iş günleri agşam we ýekşenbe günleri) geçiriljek intensiw taýarlyk okuwy
  • Bu okuw gibrid (onlaýn we ýüzbe-ýüz) görnüşinde geçiriler
  • Gatnaşyjylardan kompýuter, planşet ýa-da öýjükli telefonlar arkaly yzygiderli internete baglanmak talap edilýär. Okuwa degişli materiallar internet arkaly ugradylar.

Bu kurs “GRE” synagynyň hemme böleklerini (Analytical Writing, Verbal Reasoning, Quantitative Reasoning), akademiki okuw we ýazuwa we magistratura derejesine ýokary okuw jaýlaryna tabşyrmaga taýýarlykdan ybarat.

Maksatnama gatnaşmaga isleg bildirýänler:

  • 4-ýyllyk ýokary okuw jaýyny tamamlan (bakalawr derejeli);
  • Türkmenistanyň raýaty, häzirki wagtda Türkmenistanda ýaşaýan;
  • Ýokary derejede Iňlis dilini bilýän;
  • ABŞ-nyň ýokary okuw jaýlaryna magistratura okuwa girmäge we okamaga bolan uly höwes we gyzyklanma bildirýän;
  • 17 hepdelik taýarlyk kursyna doly gatnaşmagy göz öňünde tutýan

Anketa bukjasy: Ähli resminamalar HÖKMAN elektron poçta arkaly ugradylmaly.

  • GRE maksatnamasynyň anketasy doldurylan bolmaly (forma görkezilen – PDF 851KB);
  • Bakalawr akademiki ýetişigi (transcript) we diplom;
  • Iňlis dilinde ýazylan akademiki ýa-da işlän ýerinden bir Hödürnama haty;
  • Rezýume;
  • Türkmenistanyň içerki pasportynyň nusgasy;
  • Islege bagly: Resmi iňlis dili boýunça test bal netijesi (TOEFL, IELTS)

Her resminamada öz adyňyzy we resminamaň adyny belläp, HEMME resminamalary bir elektron hata birikdiriň.

Ähli resminamalar DIŇE gre@americancouncilstm.org poçtasyna 2022-nji ýylyň 8-nji awgusty sagat 17:30-a çenli ugradylmaly. Doly maglumat almak üçin +993 61 81 68 55 belgi (9.00-16.00, penşenbe–anna günleri) we gre@americancouncilstm.org arkaly habarlaşyp bilersiňiz.

Diňe anketany dolulygyna dolduran dalaşgärler synaga çagyrylar.