
Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Donald J. Trampyň we amerikan halkynyň adyndan Türkmenistanyň halkyna Gurban baýramy mynasybetli iň gowy arzuwlarymy beýan edýärin.
Bu günlerde Gurban baýramy täze ähmiýete eýe bolýar. Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda we Türkmenistanda köp adamlar ýakynlaryny we jemgyýetleriniň has ejiz agzalaryny goramak üçin däp bolan dabaralardan ýüz öwürmegi saýlaýarlar. Maşgalalar we jemgyýetler aragatnaşygyň we däp bolan dabaralaryň ýitirilendigini duýýarlar we bu möhüm baýramçylygy bellemegiň täze ýollaryny tapýarlar. Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda we bütin dünýäde COVID-19 pandemiýasynyň ykdysady täsiri sebäpli Gurban baýramynyň rehimdarlyk we hoşniýetlilik däpleri aýratyn ähmiýete eýe bolýarlar.
Bu ýyl Gurban baýramy bize möhüm meseleler barada pikirlenmek, mätäçlere kömek etmek we ynanç, dostluk we jemgyýet gatnaşyklaryny has hem berkitmek üçin täze mümkinçilikleri döredýär. ABŞ-nyň Ilçihanasynda biz geljekki ýylda Türkmenistanyň halky bilen gatnaşyklarymyzy berkitmäge we ýakynlaşmagyň täze ýollaryny tapmaga sabyrsyzlyk bilen garaşýarys.
Bu möhüm baýramçylyk günlerinde Türkmenistanyň halkyna ýene-de bir gezek iň gowy arzuwlarymyzy beýan edýäris. Gurban baýramyňyz gutly bolsun!