Saglygy goraýyş barada duýduryş – ABŞ-nyň Ilçihanasy, Aşgabat, Türkmenistan (2020-nji ýylyň 17-nji fewraly)

Koronawirusyň (COVID-19) öňüni almak üçin Türkmenistanda görülýän çäreler

Nire: Türkmenistan

Waka: ABŞ-nyň Ilçihanasy Türkmenistanda koronawirusyň (COVID-19) öňüni almak üçin görülýän çäreler barada iň täze maglumaty hödürleýär. Türkmenistanda koronawirus (COVID-19) bilen kesellänleriň bardygy barada ABŞ-nyň Ilçihanasynda maglumat ýok. Emma, Türkmenistanyň hökümeti aşakdaky maglumaty beýan etdi: territoriýasynda koronawirus ýüze çykarylan ýurtlaryň, şol sanda ABŞ-nyň raýatlary, we şol ýurtlardan gelýän ýolagçylar serhet barlag nokatlarynda we beýleki giriş nokatlarynda ilkinji lukmançylyk barlagyndan geçirler. Zerur ýagdaýlarda, Türkmenistanyň çägine girmezden ozal şol ýolagçylaryň goşmaça barlaglardan geçirilmegi we karantinda belli bolmadyk wagtyň dowamynda saklanylmaklary mümkindir. Ýolagçylar ähli barlaglaryň we beýleki çäreleriň töleglerini özleri tölemelidirler.

Geçiriljek lukmançylyk barlaglaryň ABŞ-nyň standartlaryna gabat gelýändigini tassyklamak mümkin bolmadygy üçin, ABŞ-nyň Ilçihanasy öz raýatlaryna ähli inwaziw lukmançylyk barlaglaryndan, mysal üçin gan barlagyndan ýüz öwürmekligi maslahat berýär.

Ýolagçylar geçiriljek barlaglaryň we karantin düzgünleriniň duýduryşsyz üýtgedilmeklerine taýýar bolmalydyrlar.

Görülmeli çäreler:

  • Möhleti belli bolmadyk we mümkin bolan karantin sebäpli, Ilçihana ýolagçylara zerurlygy ýüze çykaýjak dermanlaryň goşmaça mukdaryny we esasy ýüz tutulmaly adamlaryň, mysal üçin syýahatçylyk gurama işgäriniň telefon belgisini el goşda saklamaklygy maslahat berýär. Ýolagçylaryň bagažlaryny ulanmaga mümkinçiligi bolmazlygy ähtimal.
  • Karantine ýerleşdirilen ýagdaýyňyzda ýa-da inwaziw lukmançylyk barlaglaryndan ozal aşakda görkezilen ABŞ-nyň Ilçihanasynyň ýörite telefon belgilerine jaň ediň.

Kömek soramak üçin:

  • ABŞ-nyň Ilçihanasy, Aşgabat, Türkmenistan
    +993 12 940049
    +(+99363) 047683 (nobatçy)
    consularashgab@state.gov
  • ABŞ-nyň döwlet departamenti – Konsullyk gullugy
    +1 888-407-4747 or +1 202-501-4444
  • Howpsuzlyk maglumatlaryny almak üçin, Smart Traveler Enrollment Program (STEP) programmasyna ýazylyň.