USAID zenan senetçilere we telekeçilere sanly söwdany giňeltmäge okuw arkaly kömek berýär

2021-nji ýylyň 12-nji apreli Aşgabat, Türkmenistan – 8-9-njy aprelde ABŞ-nyň Halkara ösüş agentligi (USAID) Owganystandaky we Merkezi Aziýadaky zenan senetçiler we senetçilik önümini öndürijiler üçin “Zenanlaryň senetçilikdäki ýeri: özara gatnaşyk we sanly söwda üçin mümkinçilikler” atly iki günlük webinar maslahatyny geçirdi. Bu çäre gatnaşyjylara bazaryň islegini has gowy düşünmäni, täze bazarlary kesgitlemäni we önümiň hilini ýokarlandyrmaga ýardam berdi. Bu webinar maslahaty, Birleşen Milletler Guramasynyň Azyk we Oba hojalygy Guramasynyň ýardamy bilen USAID-iň Merkezi Aziýadaky bäsdeşlige ukyplylyk, söwda we täze iş orunlary döretmek taslamasy we ABŞ-nyň Söwda ministrliginiň täjirçilik hukugyny ösdürmek maksatnamasy tarapyndan geçirildi.

USAID zenan senetçilere we telekeçilere sanly söwdany giňeltmäge okuw arkaly kömek berýär

Bu çärä Owganystandan, Gazagystandan, Gyrgyzystan Respublikasyndan, Täjigistandan, Türkmenistandan we Özbegistandan 100-den gowrak zenan gatnaşyp, olar hünärmenler we senetçilik öndürijileri, işewür zenanlar birleşmelerini, hökümete degişli bolmadyk guramalary, elektron söwda platformalary we Owganystanyň Zenan Söwda we Senagat palatasyny wekilçilik etdiler. Okuw çäresi milli eşikleri, halylary we senetçilik önümlerini häzirki zaman marketing bilimleri, elektron söwda baglanyşygy we onlaýn satuw platformalary bilen medeni mirasy we däp-dessurlary birleşdirdi. Mundan başga-da, çarä sarp edijilere we korporatiw müşderilere satmakda köp ýyllyk iş tejribesi bolan ABŞ-nyň guramalary hem gatnaşdy.

USAID zenan senetçilere we telekeçilere sanly söwdany giňeltmäge okuw arkaly kömek berýär

Soňky 25 ýylyň dowamynda Türkmenistanyň bazarynda tekstil pudagynda işleýän “Dünýä Däne” kärhanasynyň esaslandyryjysy hem-de dolandyryjysy, Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Birleşmesiniň hem-de Türkmenistanyň işewür zenanlar birleşiginiň ilkinji agzalarynyň biri bolan Jepbarowa Jamilýä öz çykyşynda: “Bu çäre biz üçin täze tejribe bolup, bizden has tejribeli kärdeşlerimizden öwrenmäge mümkinçilik döretdi” diýip agzap geçdi.

USAID Merkezi Aziýadan we Owganystandan gelen senetçileriň ajaýyp senetlerini tanatmak üçin elektron katalog döreder. Bu täze işewürlik modelleri we elektron platformalary arkaly bazara girişi giňelder şeýle hem ýerli däp-dessurlary gorap saklar, önümiň hilini ýokarlandyrar we innowasiýa tehnologiýalaryny ulanmak arkaly daşky gurşawa täsirini azaldar. Umuman aýdanyňda, bu tagallalar sebitdäki zenan senetçileriň uzak möhletleýin ykdysady durnuklylygyny berkitmäge hyzmat eder.

###

USAID dünýäde öňdebaryjy halkara ösüş gullugy we ösüş netijeleri üçin katalitik agentligidir. Has giňişleýin maglumat üçin USAID-iň Merkezi Aziýa web sahypasyna salgylanyp bilersiňiz: https://www.usaid.gov/central-asia-regional hem-de Facebook sahypasynda: https://www.facebook.com/USAIDCentralAsia.