Birleşen Ştatlarda okamak, işlemek we syýahat etmek bilen gyzyklanýan Türkmenistanyň ähli raýatlary we ýaşaýjylary! ABŞ-nyň ilçihanasy ýaňy-ýakynda ilçihananyň adyndan çykyş edýän hilegär adamlar tarapyndan ýalan maglumatlaryň ýaýradylýandygy barada duýdurýar. Bu adamlar okuw we syýahat etmek mümkinçilikleri barada ýalňyş maglumatlary ýaýradyp, öz hyzmatlary üçin pul tölegini talap edýärler. Ilçihana bolsa, konsullyk hyzmatlaryndan başga, ähli gyzyklanýan adamlara özüniň maksatnamalary barada maslahatlaryny tölegsiz hödürleýändir. Ilçihana diňe @state.gov salgysyndan gelen elekron hatlara ynanmagy ündeýär. Şeýle hem, töleg geçirmek baradaky elekron hatlara ýa-da hamala ABŞ-nyň ilçihanasyndan ýa-da onuň hyzmatdaşlaryndan gelen beýleki şübheli hatlara serasaplyk bilen seretmegi ündeýär. Eger size şübheli elektron haty gelen bolsa, siz ilçihananyň wekillerine şu aşakdaky resmi salgylar boýunça ýüz tutup bilersiňiz:
ABŞ-nyň ilçihanasy:
1984 köçe. 9 (öňki Puşkin köçesi)
Aşgabat, Türkmenistan 744000
Tel: (+99312) 940045
Faks: (+99312) 942614
E-mail: consularashgab@state.gov (wiza we konsullyk meseleleri boýunça)
Maglumat we medeniýet bölümi:
Işewür merkezi, 3-nju gat Andalyp (1958) köçesi, 70
Tel: (+99312) 473503; 473506; 473581; 473584
Faks: (+99312) 473529
E-mail: irc-ashgabat@state.gov (Umumy soraglar)
E-mail: AshgabatEducation@state.gov (bilim boýunça soraglar)
Line ID: @usembassy-ashgabat