Ilçi Allan Mastardyň ABŞ-nyň Garaşsyzlyk güni barada çykyşy

Ilçi Alan Mastardyň ABŞ-nyň Garaşsyzlyk güni barada çykyşy

“Arçabil” myhmanhanasy
2016-njy ýylyň 1-nji iýuly, 20:00

Siziň Alyhezretiňiz, Daşary işler ministriniň orunbasary Nyýazlyýew, hormatly kärdeşler, gadyrly myhmanlar, hanymlar we jenaplar, agşamyňyz haýyrly bolsun! Biziň baýramçylyk çärämize gelip bilendigiňiz üçin minnetdarlyk bildiresim gelýär!

Şeýle-hem, Amerikanyň Birleşen Ştatlary bilen Türkmenistanyň arasyndaky hemişe ösýän ikitaraplaýyn gatnaşyklara egsilmez goldaw berýändigi üçin Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowa minnetdarlygymy bildirýärin.

Elbetde, men şu çärämize howandarlyk eden kärhanalaryň ählisine minnetdarlyk bildirýärin. Bu kompaniýalaryň jomart goldawy bolmasa, şu günki garaşsyzlyk baýramyna bagyşlanyp geçirilýän çäre mümkin bolmazdy.

240 ýyl mundan ozal Demirgazyk Amerika kontinentinde ýaşaýan ata-babalarymyz ähli erkekler we aýallar deň ýaradyldy diýen düşünjä eýerip erkinlik ýörelgesine esaslanýan täze döwletiň düýbüni tutdylar.

1776-njy ýylda amerikaly watanperwerler öz kolonial hojaýynlaryndan garaşsyzlygyny yglan etdi, Türkmenistan hem ýigrimi bäş ýyl mundan ozal öz garaşsyzlygyny yglan etdi. Bizi özbaşdak, garaşsyz döwletleriň mirasy; şeýle-hem zalymlykdan, mätäçlikden, uruşlardan azat bolmak islegimiz birleşdirýär.  Öňki koloniýa döwleti hökmünde Amerikanyň Birleşen Ştatlary Türkmenistanyň garaşsyzlygyny, özbaşdaklygyny we territorial bitewüligini goldaýar; biz bu ýörelgeleriň türkmen halky üçin örän ähmiýetlidigini düşünýäris. Işewürlik bilen meşgullanýan halk hökmünde biz Türkmenistanyň telekeçilik ukybyny, şol sanda Hindistana barýan TAPI gaz geçirijisiniň we Ýewropa barýan gaz geçirijiniň gurluşygyny doly goldaýarys.

Şu günki baýramçylyk çärämizde biz erkinligiň üç görnüşinde: öz pikiriňi beýan etmek erkinligi, telekeçilik bilen meşgullanmak erkinligi we bilim almak erkinliginde ünsümizi jemläris.

Demokratiýa we erkin jemgyýet birnäçe esasy ýörelgelere esaslanýar, eýsem şol ýörelgeleriň hiç biri ähmiýeti boýunça öz pikiriňi beýan etmegiň erkinligi bilen deňeşip bilmez.

ABŞ-nyň Konstitusiýasyna 1791-nji ýylda girizilen ilkinji düzediş bize, ABŞ-nyň halkyna, şol wajyp hukugy – öz pikiriňi beýan etmek hukugyny kepillendirdi.  Türkmenistanyň halkyna edil şu hukuk Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 28-nji maddasynda kepillendirilýär.

Biz tutuş dünýäde öz pikiriňi beýan etmek erkinligini goldaýarys.  Öz pikiriňi beýan etmek erkinligi we metbugat azatlygy hakykatyň şöhleleri bilen garaňkylygy aýdyňlaşdyrýar. Öz pikiriňi beýan etmek erkinligi närazylygyny bildirip bilmeýänlere dil berip parahorlygyň üstüni açýar; ygtyýardan hyýanatçylykly peýdalanmagy duruzýar.

Şu gün, ABŞ-nyň Garaşsyzlyk baýramyny dabaralandyrýan günümiz, men dünýäniň ähli künjeklerinde öz pikiriňi beýan etmek erkinligine ygrarlydygymyzy ýene bir gezek nygtasym gelýär. Bu esasy hukuk basylanda, öz pikiriňi erkin beýan edip bolmadyk ýagdaýda, demokratiýanyň heläkçilige duçar bolmak töwekgeli ýüze çykýar.

Bu gün biz garaşsyz amerikan işewürliginiň mirasynyň ornuny hem belläp geçeris.  Siz işewürligiň erkinlige nähili dahyly bar diýip sorap bilersiňiz. Dünýäniň iň uly we iň durnukly bolan ABŞ-nyň ykdysadyýeti täzeçe düşünmegi höweslendirip şowsuzlyklara temmi bermeýän şahsy telekeçiligine daýanýar. Amerikaly telekeçiler erkin, olaryň töwekgelçiligi boýun alyp täze pikirleri durmuşa geçirmäge erkinligi bar; hem-de birinji, ikinji ýa-da üçünji gezek şowsuzlyga duçar bolsalar hem olar ýene-de synanşyp görmäge erkin.

Biz şular ýaly mysallary Amerikanyň oba hojalygynyň taryhynda görüp bileris. 19-njy asyryň 30-njy ýyllarynda ýaşy 20-den sähel uly bolan zehinli oýlap tapyjy Saýrus Holl Makkormik at bilen işledilýän mehaniki orak orýan maşyny kämilleşdirip oba hojalygyny özgertdi. 1837-nji ýylda 30 ýaşly demirçi Jon Dir has köpräk ýeri ekişe taýýarlamaga rugsat berýän öz-özüni arassalamaga ukyply polat azalyny oýlap tapdy.

Emma biz munuň bilen çäklenmedik. Amerika agrar ykdysadyýetli döwletden senagat ykdysadyýetli, soň senagat ykdysadyýetli döwletden post-senagat ykdysadyýetli döwlete öwrülen wagty hem biz täze tilsimatlary ornaşdyrmaga dowam etdik.

Takmynan iki asyr soň – tejribe geçirmek, barlap görmek, şowsuzlyga duçar bolup täzeden synanşmak erkinligiň saýasynda, «Intel», «Microsoft» we «Google» kompaniýalarynyň esaslandyryjylary diňe bir Amerikanyň ykdysadyýetini özgertmän, eýsem tutuş dünýäde Internetiň ýaýbaňlaşmagyna ýardam etdiler.

Şu we beýleki kompaniýalar erkin işläp açyşlary etmäge mümkinçiligi bolanlygy sebäpli, durmuşymyzy ýokarlandyryp üstünlik gazandylar. Şunuň bilen birlikde, «Intel» korporasiýasynyň esaslandyryjysy Endi Grouw we «Google» kompaniýasynyň esaslandyryjysy Sergeý Brin Amerika immigrant hökmünde gelendigini nygtamak gerek.

Emma bular ýaly uly korporasiýalar, hem-de «Boeing», «Case New Holland», «John Deere» we «General Electric» kompaniýalary amerikan biznesiniň dünýä belli ýüzi bolsa-da, amerikaly işewürliginiň asyl ýüregi – sany 30 milliona barabar bolan kiçi biznes kompaniýalarydyr. Hususy kärhanalarda işleýän amerikalylaryň ýarysy kiçi firmalarda zähmet çekýärler; şol kiçi firmalar eksport bilen meşgullanýan amerikan firmalaryň 98 göterimine barabar bölegini tutýar. Kiçi firmalar uly kompaniýalara garanyňda 16 esse has köp patenti bellige alýarlar. Ösüş erkinligi hem-de täze tilsimatlary ornaşdyrmak erkinligi – Amerikanyň demokratiýasynyň we abadançylygynyň esasydyr.

Onsoň indi biz nirä barýarys?

Biziň geljegimiz okuw synplarynda we auditoriýalarda ýazylýar. Amerikaly mugallymlara we mekdeplere berlen erkinlik dünýäniň iň ökde hünärmenleriň taýýarlanmagyny üpjün edýär.  Demokratiýa ýörelgelerine eýerip ýerlerde saýlanýan mekdep geňeşleri biziň orta mekdeplerimiziň işini ýöredýär.  Bizde döwlet uniwersitetlerine garanyňda hususy uniwersitetleriň sany üç esse köp: 2200 hususy uniwersiteti we 700 döwlet uniwersiteti bar. Şeýle-hem, bu ýokary okuw jaýlary ABŞ-nyň Bilim ministrliginiň garamagynda durmaýandygyna garamazdan, olaryň köpüsi ýylba-ýyl dünýäniň iň gowy bilim ojagy diýip kabul edilýär.

«Times Higher Education» žurnalynyň 2015-2016 ýyllar üçin düzen dünýäniň iň gowy uniwersitetleriniň sanawyna görä, başdaky ýigrimi uniwersitetleriň on dördüsi amerikan uniwersitetleri – şolardan 12 sanysy hususy uniwersitet we diňe iki sanysy döwlet uniwersiteti. Şol sanawyň on bäşinji ornyny Kolumbiýa uniwersiteti eýeleýär, biziň gyzymyz şu ýylyň güýz aýlarynda şol uniwersitetde magistratura derejesi üçin okuwa başlajakdygyna men bilen Enn örän buýsanýarys.

Bu uniwersitetler dünýäniň iň gowy uniwersitetleri bolman, eýsem onda dünýäniň ähli künjeklerinden talyplar okaýar. Telekeçiligi, täzeçe oýlanmagy we abadançylygy goldajak ýokary hilli amerikan bilimini almak isleýänleriň sany diýseň köp.  Türkmenistanyň ýokary okuw jaýlarynda işlemäge iňlis dili mugallymlaryny çagyrmak, talyplar we hünärmenler üçin alyş-çalyş maksatnamalary guramak arkaly biz Türkmenistanda biziň bilim ulgamymyzyň üstünlikli tejribesini paýlaşýarys.

ABŞ-nyň uly terjibesi bolan bilim pudagynda Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygymyzy giňeltmegi umyt edýäris.

Şu üç ugryň – öz pikiriňi beýan etmek erkinligi, telekeçilik bilen meşgullanmak erkinligi we bilim almak erkinliginiň taryhyndan mümkinçiliklerdir üstünlikleriň mysallaryny görkezmek üçin biz zalymyzyň dürli ýerlerinde stendlary goýduk.

Mundan başga-da, men siziň ähliňizi Amerika mahsus bolan tagamlary dadyp görmäge çagyrýaryn. Meniň maşgalam Enn, biziň aşpezimiz Aýlar we “Arçabil” myhmanhanasynyň baş aşpeziniň hyzmatdaşlyk etmeginde şu baýramçylyk çärämiz üçin garaşsyzlygyň mirasyny ýatladýan tagamlar taýýarlanyldy.

Koloniýal Täze Angliýanyň esasy tagamy bolan deňiz mollýusklaryndan taýýarlanan “Çauder” çorbasyny, Amerikanyň günorta ştatlaryna mahsus bolan “Gambo” towuk çorbasyny we adatça Günbatarda taýýarlanylýan tomatly çorbasyny dadyp görüň. Bu tagamlar biziň ata-babalarymyzyň ýerli önümlerden Amerika mahsus tagamlary döretmekde üýtgeşik çemeleşmegini ýüze çykarýar.  ABŞ-nyň garaşsyzlygynyň 240 ýyllygyny belleýän günümizde şu tagamlar biziň geçmişimizi ýatladýar.

Prezident Barak Obamanyň we Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň halkynyň adyndan ähliňizi ABŞ-nyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli gutlaýaryn.