Hormatly Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow, kärdeş ilçiler, gadyrly myhmanlar, hanymlar we jenaplar, agşamyňyz haýyrly bolsun! Amerikanyñ Birleşen Ştatlarynyñ Garaşsyzlygynyň 242-nji ýyllygyny gutlamak üçin baýramçylyk çärämize gelip bilendigiňiz üçin sag boluň. Men Amerikanyň Birleşen Ştatlary bilen Türkmenistanyň arasyndaky berk hyzmatdaşlyga berýän goldawy üçin Prezident Donald Trampa we Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowa minnetdarlygymy bildirýärin. Şeýle-hem, baýramçylyk çärämiziň hemaýatkärleri – “John Deere”, “Caterpillar”, “MMI Business Services”, “GE” we “Case New Holland” kompaniýalaryna sag bolsun aýdýaryn.
1776-njy ýylda Amerikanyñ esaslandyryjylary Garaşsyzlyk jarnamasyna gol çekende bu habar bir aýdan gowrak wagtda gämiň üsti bilen Atlantik ummanyndan geçip Angliýa ýetdi. Ol ýerden paýtun, at we derýa gaýyklary bilen bu habar Ýewropanyň we Ýewraziýanyň söwda bilen meşgullanýan uly şäherlerine üç hepdeden soň ýetdi. Ahyrsoňy, üç aýdan soň, günde 30-50 kilometr ýol geçýän düýe kerweni bilen bu habar Garagum çölüni aşyp Mary, Hywa we Buhara şäherlerine ýetdi.
Eýýäm şol wagtlar bütindünýä Ýüpek ýoly bardy, eýsem şu wagtky Türkmenistanyň territoriýasyna kanunyň hökümdarlygyna we aýrylmaýan hukuklara esaslanýan täze demokratik döwletiň gurlandygy baradaky habar üç aýdan soň gelip ýetdi.
Emma ol günler yzda galdy. Biziň günümizde, Ýüpek ýoly dünýä möçberli bolup sanly formatdadyr. Indi maglumaty ýetirmek üçin günde 30-50 kilometr ýol geçmek gerek däl. Şular ýaly enjamlaryň kömegi bilen şu çykyş sözimi tutuş dünýädäki tomaşyçylara göni efirde dessine ýetirip bolýar.
Siziň köpüňiz taryhy menden has gowy bilýänsiňiz, şeýle-de bolsa geliň geçen ýolumyza bir göz aýlalyň:
(1) Ýüpek ýoly ýüpek, altyn we tagamly huruşlar söwdasy üçin 2 müň ýyl mundan ozal Hytaýdaky Sian şäherini Günbatar bilen birikdirýän gatnaw ýodasy hökmünde başlapdy.
(2) Soň ýene-de bir müň ýylyň dowamynda Ýüpek ýoly dürli ugurlara bölünip Ýewraziýa we Afrikadaky birnäçe şäherçeleri, şol sanda deňiz gatnawlaryny baglaýan ýüpek ýollaryna öwrüldi.
(3) 15-nji asyryň ahyrynda gysgarak Ýüpek ýoly gözlenende Täze Dünýä açyldy. Demirgazyk Amerika bilen Merkezi Aziýanyň halklary aragatnaşyk etmek, ykdysadyýetleri we pikirleri alyşmak üçin mümkinçilik döredildi.
(4) Birnäçe ýüz ýyl yza gideliň. Kontinentara demirýollary Demirgazyk Amerikada, Ýewropada we Aziýanyň aglaba böleginde deňiz kenaryndan uzakda ýerleşen kontinental ýerleri deňiz portlary bilen baglaýarlar. Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda ilkinji kontinentara demirýollaryny hytaýly immmigrantlar – Ýüpek ýolunyň başlangyç ýurdundan gelen işçiler gurupdy. Ýüpek ýoly dünýä möçberine eýe boldy.
(5) 1903-nji ýylda Raýt doganlary Demirgazyk Karolina ştatynyň Kitti-Hok şäherçesinde awiasiýa döwrüniň başlangyjyny tutdylar. Ýakyn wagtda howa gatnawlary Aziýa bilen Demirgazyk we Günorta Amerikany, Ýewropa bilen Afrikany baglady. Hytaýda öndürilýän ýupek matalary diňe awtoýol, demirýol, deniz ulagy bilen däl, eýsem howa ýoly bilen hem daşalyp başlanylýar.
(6) Soňra aragatnaşykda rewolusiýa boldy: 1857-nji ýylda ilkinji transatlantik telegraf geçirijisi, 1962-nji ýylda ilkinji aragatnaşyk hemrasy, 1988-nji ýylda ilkinji transatlantik optiki-süýümli aragatnaşyk geçirijisi oýlanyp tapyldy. Optiki-süýümli aragatnaşyk we hemra ulgamlary güýçli depginde ösýär. 2015-nji ýylda “SpaceX” kompaniýasy Türkmenistanyň “Älem 52E” aragatnaşyk hemrasyny orbita çykaryp işe girizdi. Dünýädäki islendik nokat beýleki nokat bilen baglanýar.
(7) Ahyry, täze Ýüpek ýoly diýlen zat ýok – aslynda, birneme üýtgetme girizilen, kämilleşdirilen we döwrebaplaşdyrylan şol öňki Ýüpek ýoly bar. Men oňa häzirki zaman Ýüpek ýoly diýmegi makul bilýän. Optiki-süýümli aragatnaşyk geçirijisi täze ýüpek diýsek, onda maglumat onuň daşary ýurt pulydyr.
Ýüpek ýoly diňe bir halkyň hekaýasy bolman, eýsem ol herekediň, telekeçiligiň, we pikirleriň dünýäni nädip üýtgedendigi barada hekaýa. Bu gün çärämize gatnaşýan Oksford uniwersitetiniň professory Piter Frankopan özüniň ýazan “Ýüpek ýollary. Dünýäniň täze taryhy” atly kitabynda şeýle diýýär: “Ýüpek ýolunyň ugrunda ýaşan halklaryň, medeniýetleriň we şäherleriň ösüp ilerlemegi üçin bir esasly sebäp bardy: olar birbiri bilen söwda edip pikir alyşanlarynda şol bir wagtyň özünde köp zady öwrenip özleşdirýärdiler hem-de pelsepede, ylymda, dil we din pudagynda öňegidişliklere itergi berýärdiler… Ol dünýä garşylykly alyşmaga höwesli, birbirine bagly we çylşyrymly dünýädi”. Günümizde dünýämiz öňkiden has hem çylşyrymly we birbirine bagly boldy. Diýmek biz hem, pikir alyşmaga edil öňkiler ýaly janygyp gyzyklanma bildirmeli.
Gülläp ösen wagtlary Ýüpek ýolunda gümrük we serhet postlary az bolupdyr. Ýerusalymda 12-nji asyrda ýaşan synçynyň bellemegine görä “söwdagärler we syýahatçylar päsgelçiliksiz gelip gidýärler”. Kerwenler resmi serhet geçiş zerurlygy bolmazdan müňlerçe mil ýol ýörärdiler, kerwensaraýlar bolsa owganly at söwdasyny edýänlere de, müsürli alymlara bolşy ýaly hytaýly ruhanylara da gonalga berýärdi. Hem türkmen sungatynda hem-de Amerikanyň günbatarynyň sungatynda dabaralanýan şeýle hereket erkinligi söwdanyň ösüşine itergi berýärdi.
Aprel aýynda Ilçihananyň maglumat we medeniýet bölüminde işleýän diplomatlaryň biri welosipedli Farapdan tä Awaza çenli, Türkmenistanyň bir ujyndan beýleki ujyna 1300 kilometrlik ýoly 13 günde geçdi. Syýahatyň barşynda ol edil müň ýyl mundan ozal bolşy ýaly fransuz, türk we hytaýly syýahatçylara duş geldi. Şyýahatyň dowamynda ol geljekde amerikan-türkmen hyzmatdaşlygyny ösdürmäge kömek berjek işewürler we talyplar bilen tanyşlyk açdy.
Şol birbada Ýüpek ýoly döwlet kärhanasy bolmandy. Onuň peýda bolmagy üçin isleg we teklipden başga itergi ýokdy. Hindistanda öndürulýän tagamly huruşlaryň gadymy Rim aşhanasynda bolmagynyň ýeke-täk sebäbi – adamlaryň oňa isleg bildirip söwda etmäge höwesli bolmagydyr. Edil şol sebäpden, Türkmenistanda öndürilýän karbamidy Amerikanyň daýhanlarynyň melleklerinde, “GE” kompaniýasynyň turbine hereketlendirijilerini bolsa Türkmenhowaýollary awiakompaniýasynyň Boeing uçarlarynda görmek mümkin.
Döwletiň hem ýerine ýetirmeli wezipesi bardy: şertnamalaryň ýerine ýetirilýändigine gözegçilik etmek, howpsuzlygy üpjün etmek, zerur bolan desgalary gurmak. Hemmeleriň peýdasy üçin ýol guran hökümdarlar şolardan girdeji alýardylar. Kanunyň hökümdarlygyny üpjün edýän döwletler açyk ýagdaýda salynýan we tölenýän salgytlardyr ýygymlardan peýda alýardylar. Şeýle etmek bilen, doktor Frankopanyň ýazyşy ýaly: “Telekeçilik işi ösüp we aragatnaşyk bilen söwda ulgamlary giňelip birbirine baglandygyça obalar şäherçelere, şäherçeler uly şäherlere öwrülýärdi”.
Bu bolsa meni ahyrky pikire alyp barýar: Ýüpek ýoly önümleriň dolanşygy bilen deň derejede pikirleriň alyşmagyndan hem pajarlap ösýärdi. Kagyzyň oýlanyp tapylmagy we ýaýbaňlaşdyrylmagy bilen söwdagärler täze bazarlary mahabat etdi, lukmanlar şypa beren dermanlary bellige aldy, alymlar we pelsepeçiler bolsa pikir usulyýetini timarlady.
Kagyzyň üstünde ebedileşdirilen aç-açan maglumat alyşmagyň wadasy bu günler Internet üsti bilen amala aşyrylýar. Geçen ýyl türkmen kompozitory Nury Halmammedowyň rus dilindäki terjimehallary gözüme düşdi. Men onuň hakynda Internetde iňlis dilinde az maglumat bardygyna gaty gynanyp Wikipedia saýtynda maglumatlary jemläp hemmelere elýeterli etdim. Geçen ýylyň dowamynda tutuş dünýäden 1000 okaýjy şol maglumatlardan peýdalandy, siz hem islendik wagt şol saýta girip maglumat alyp bilersiňiz. Şeýle-hem, OpenStreetMap.org saýtyna girseňiz, siz ýa men ýaly adaty internet ulanyjylary tarapyndan döredilen we jikme-jik täzelenip durlan maglumaty öz içine alýan Türkmenistanyň kartasyny internet üsti bilen görüp bilersiňiz. Syýahatçylar we işewürler bu maglumaty Beýik ýüpek ýoluny öwrenmek, iş gurnamak we täze pikirleri alyşmak üçin ulanýarlar.
Bu agşam täze tanyşlyklar edineniňizde ýa-da tanyşlaryňyz bilen gürrüňdeş bolanyňyzda dünýä möçberli Ýüpek ýolunda Amerikanyň, Türkmenistanyň we siziň ýurtlaryňyzyň orny, hem-de aragatnaşygyň we ulagyň täze görnüşlerini ählumumy bähbit üçin nädip ulanyp boljagy barada pikir alyşyp bilersiňiz. Şeýle-hem, men Ýüpek ýolunyň ugry bilen syýahat eden amerikan fotosuratçysy Tom Tillyň ajaýyp işlerine ünsüňizi çekesim gelýär. Ol Türkmenistanyň iň meşhur we owadan ýerlerini surata düşüripdir. Biz şolaryň birnäçesiniň “Medeni mirasy gorap saklamak üçin Ilçiniň gaznasy” atly maksatnamanyň çäklerinde dikeldip gorap saklamak işlerine gatnaşýandygymyzy buýsanç bilen belläsim gelýär.
Men sizi köpdürli medeniýetleri we däp-dessurlary şöhlelendirýän, Amerikanyň dürli künjeklerine mahsus bolan tagamlary dadyp görmäge çagyrýaryn. Meniñ maşgalam Ann we aşpezimiz Aýlar “Ýyldyz” myhmanhanasynyň hyzmatdaşlyk etmeginde şu baýramçylyk çärämiz űçin Amerikanyň dürli künjeklerine mahsus bolan tagamlary taýýarladylar.
Ýurdumyzyň Garaşsyzlyk günine bagyşlanyp geçirilýän baýramçylyk çärämize gelip bilendigiňiz üçin ýene-de bir gezek sag boluň! Prezident Donald Trampyň we Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň halkynyň adyndan Garaşsyzlyk güni bilen gutlap Merkezi Aziýada Ýüpek ýolunyň ugry bilen – we ondan hem daşary geljege, birlikde syýahat eden wagtymyz ählimize üstünlik we rowaçlyk arzuw edýärin.