Her ýyl geçirilýän “DV“ lotereýasy ABŞ-na immigrasiýa derejesi pes ýurtlaryň ýaşaýjylary 50000 adama ABŞ-da hemişelik ýaşamak hukugyny berýär. Bu lotereýanyň ýeňijileri kompýuter arkaly saýlanýar. Ýeňijileriň uly göterimi (7%) ABŞ-na immigrasiýa görkeziji iň pes ýurtlarda doglan adamlaryna berilýär. Aşakdaky görkezilen ýurtlarda doglan adamlar DV-2020 wiza lotereýada gatnaşyp bilmeýärler, sebäbi şol ýurtlardan immigrasiýa baran adamlaryň sany soňky bäş ýylyň içinde 50000 adamdan artyk:
Bangladeş, Braziliýa, Kanada, Hytaý, Kolumbiýa, Dominikan Respublikasy, El-Salwador, Gaýiti, Hindistan, Ýamaýka, Мекsiка, Nigeriýa, Päkistan, Peru, Fillippinler, Günorta Koreýa, Beýik Britaniýa (Demirgazyk Irlandiýa hem oňa degişli ýerlere bu karar degişli däl), Wietnam. Gonkongda, Makauda hem Taýwanda doglanlar gatnaşyp bilerler).
Elektron DV-soragnamanyň doldyrylyş möhleti
«DV-2020» lotereýa gatnaşmak üçin internet arkaly www.dvlottery.state.gov web sahypada ýerleşýän elektron arzany doldurmaly. Arzalar 2018-nji ýylyň oktýabr aýynyň 3-inden noýabr aýynyň 6-syna çenli kabul edilýär. Kabul edilşik diňe görkezlen wagtyň dowamynda geçirilýär. Kagyz ýüzünde doldyrlan arza kabul edilmeýär. Doldyryş möhletiň soňky günlerine çenli garaşmazlygy maslahat berýäris, web sahypany köp adamyň şol bir wagtda ulanmagy sebäpli, sahypanyň haýal işlemegi mümkin. 2018-nji ýylyň noýabr aýynyň 6-syndan soň elektron arza kabul edilmez.
Gatnaşyjylara bolan talaplar:
- Gatnaşyjynyň doglan ýurdy: DV-2020 lotereýa gatnaşýan adam, lotereýa gatnaşmak hukugy bar ýurtda doglan bolmaly. Eger-de gatnaşyjynyň doglan ýeri lotereýada oýnamak hukugy ýok ýurtda doglan bolsa, gatnaşyjy iki usul bilen özüne hukuk gazanyp biler. Birinji usuly: gatnaşyjy öz aýalynyň (äriniň) ýurdyny görkezip biler, eger-de aýalynyň (äriniň) doglan ýeri lotereýa gatnaşyp bilýän yurtdy Ikinji usuly: gatnaşijynyň ene- atasy şu lotereýa gatnaşyp bilýän ýurtda doglan bolsa, ol şol ýurdy görkezip biler.
- Bilim boýunça kesgitleme: Lotereýa gatnaşmak üçin orta bilim attestaty (ABŞ-da orta bilim hökmünde 12 ýyllyk başlangyç we orta bilim attestaty göz öňüne tutylýar), ýa-da soňky bäş ýylyň içinde iki ýyllyk iş tejribesi bolmaly. Bu barada doly maglumat internetde travel.state.gov sahypada elýeterlidir. Gatnaşyjylaryň ýaşy çäklendirilen däldir, ýone bilim baradaky attestat talaby çagalara gatnaşmaga mümkinçilik bermeýär. (Eger-de ata-enesi ýeňiji saýlanylsa, olaryň çagalary hem wiza alýarlar).
Еger-de gatnaşyjy ýokarda görkezilen talaplara gabat gelmese, ol elektron arzany doldurmaly däldir.
DV-2020 lotereýanyň elektron soragnamasynyň doldyrylyş düzgüni:
- ABŞ-nyň Döwlet Departamenti www.dvlottery.state.gov web sahypasy üsti bilen doldurlan elektron soragnamalaryny, diňe görkezilen wagtyň dowamynda kabul ediler.
- Gatnaşyjy elektron soragnamany DIŇE BIR GEZEK doldurmalydyr. Еger-de soragnama bir gezekden köp doldurylan bolsa, şol adam soragnamany kimiň doldyranlygyna seretmezden, gatnaşmak hukugyny ýitirýär. Soragnama ýüz tutýan adamyň özi, ýa da başga birine doldyrydyp biler. Dogry doldyrylan soragnamany kabul edilen wagty, kompýuter size adyňyz we şahsy nomer ýazylan tassyknama berer. Şol tassyknamany çapdan çykaryp özüňizde saklamagyňyzy maslahat berýäris. 2019-njy ýylyň 7-nji maýyndan başlap şol berilen şahsy nomer boýunça siz öz soragnamagyňyzyň ýagdaýyny elektron sistema arkaly barlap bilersiňiz.
- Kagyz ýüzünde doldurlan soragnamalar kabul edilmeýär.
- Eger-de elektron soragnamada talap edilen suratlar doly iberilmese, onda siz gatnaşma hukugyny ýitirýärsiňiz. Surat soňky wagtlarda aldyrlan bolmaly. Tabşyrmaly suratlar:
- gatnaşyjynyň özi,
- äri (aýaly),
- çagalarynyň suratlary; 21 ýaşa ýetmedik hem nikada durmadyk çagalary; özünden bolan ýa-da kanun esasynda ogullyga (gyzlyga) alnan, öweý çagalarynyň, gatnaşyjy bilen ýaşamaýandygyna hem-de hemişelik ýaşamaga bile gitmeýändigine garamazdan suratlaryny ibermelidir.
Eger-de siziň çagaňyzda ABŞ-da hemişelik ýaşamak hukugu bar bolsa ýa-da ABŞ-nyň raýatlygy bar bolsa, onda siz şol çagany soragnamada görkezmeli däl hem-de suratyny ibermeli däl.
Her bir maşgala agzanyň suraty aýratyn düşürlen bolmaly, üýşüp düşülen surat kabul edilmeýär. Gatnaşyjy talap ediyän suratlaryň hemme maşgala agzalarynyň suratlary bilen bile tabşyrylmasa, gatnaşma hukugyny ýitirýär. Köne ýa-da talaba laýyk gelmeýän surat tabşyranlar lotereýa gatnaşma hukugyny ýitirýärler.
Surat aşakdaky görkezilen düzgünlere laýyk gelmeli:
- Her bir gatnaşyjy, elektron soragnamany internet üsti “on-line” soragnamany doldyran wagty berkitmeli;
- Suratyň görnüşi “JPEG” formatda (ululygy 600×600 px, umumy ölçegi 240 kilobaýtdan uly bolmaly däl);
- Suratyň ýerligi hökman bir-reňk ak ýa-da açyk reňk bolmaly.
Elektron soragnamada talap edilýän maglumat
DV lotereýa gatnaşmagyň diňe bir usuly bar, ol hem şu görkezilen DS-5501 elektron soragnamany doldurmak üsti bilendir. Elektron soragnama diňe www.dvlottery.state.gov web-sahypasynda elýeterlidir. Soragnama doly jogap bermedik adam, öz gatnaşma hukugyny ýitirýär. Elektron soragnamada aşakdaky görkezilen sowallar berilýär:
- Doly ady – familiýasy, ady, atasynyň ady.
- Doglan senesi – güni, aýy, ýyly.
- Jynsy – aýal/erkek.
- Doglan şäheri, ýeri.
- Doglan ýurdy – ýurdyň häzirki adyny ýazmaly.
- Doglan ýurdy – eger-de gatnaşyjynyň doglan ýurdy lotereýada oýnamak hukugy ýok yurt bolsa, ol öz aýalynyň (äriniň) ýurdyny görkezip biler, eger-de aýalynyň (äriniň) doglan ýurdy lotereýa gatnaşyp bilýän ýurt bolsa.
- Gatnaşyjyň suraty – ýokarda berilen görkezmelere serediň.
- Ýaşaýyş adresi – kimiň adyna ibermeli, şäher (şäherçe), etrap, welaýat, indeksi, ýurdy.
- Gatnaşyjynyň häzirki ýaşaýan ýurdy.
- Telefon nomeri (bar bolsa).
- Elektron poçta adresi – hökman bolmaly şertleriň biri. Ýeňiji saýlananlar bu adres arkaly tassyknama IBERILMEZ. Ýöne şu elektron adresi siz ýeňiji saýlanan bolsaňyz, Kentukkidaki Konsulluk Merkezi (KCC) bilen soňky aragatnaşykda kömek edip biler.
- Gatnaşyjynyň bilimi – (1) başlangyç, (2) doly däl orta mekdebi, (3) orta bilim, (4) orta ýörite, (5) gutarylmadyk ýokary, (6) ýokary, (7) gutarylmadyk bilim derejesi, (8) magistratura, (9) gutarylmadyk doktorlyk derejesi, (10) doktorlyk derejesi.
- Maşgala ýagdaýy – öýlenmedik (durmuşa çykmadyk); öýlenen (durmyşa çykan); aýrylyşan; dul; nikada duryp aýratyn ýaşaýarys.
- Näçe çagaňyz bar – üns beriň! Aşakdaky agzalan adamlaryň doly adyny, doglan senesini, jynsyny hem doglan ýurdyny ýazmaly: gatnaşyjynyň äri (aýaly), 21 ýaşa ýetmedik, hem nikada durmadyk çagalary; özünden bolan, ýa-da kanun esasynda ogullyga(gyzlyga) alnan çagalary barada maglumat; öweý çagalaryň, gatnaşyjy bilen ýaşamaýandygyna, hem-de hemişelik ýaşamaga bile gitmeýändigine garamazdan hemme soralan maglumaty bermelidir. Soralan maglumat doly berilmedik ýagdaýynda, adam utan bolsada wiza almak hukugyny ýitirýär. Gatnaşyjy 21 ýaşdan uly, hem nikada duran çagalaryny ýazmaly däldir.
- Äriňiziň (Aýalyňyzyň) – doly ady, doglan senesi, jynsy, doglan ýurdy, suraty.
- Çagalaryňyz – doly ady, doglan senesi, jynsy, doglan ýurdy, suraty.
Ýeňiji saýlanyş usuly
Lotereýanyň ýeňijileri hemme talaplara laýyk gelýän elektron arzalaryň arasyndan kompýuter arkaly saýlap alynýar. 2019-njy ýylyň 7-nji maýyndan www.dvlottery.state.gov web-sahypasynda “entry status check” diyilen ýerde siziň başda soragnamany tabşyraňyzda berilen kod boýunça barlamalydyr. Yeňijilere soňraky görkezmeleri hem-de ABŞ-na immigrasiýa bilen baglanşykly tölegler barada maglumat diňe şol elektron sistema arkaly beriler. Ýeňiji saýlanmadyk gatnaşyjylara hiç hili tassyknama IBERILMEZ. Lotereýa barada maglumat elektron poçta arkaly IBERILMEZ. ABŞ-nyň ilçihanalary hem konsulluklary «DV-2020» lotereýanyň ýeňijileriniň sanawy iberilmeýär. Ýeňijiniň äri (aýaly), 21 ýaşa ýetmedik hem nikada durmadyk çagalary immigrasiýa üçin arzany aýratyn doldyryp bilerler. “DV-2020” maksatnama ýeňijilere immigrasiýa wizalary 2019-njy ýylyň oktýabr aýynyň 1-den 2020-nji ýylyň sentýabrnyň 30-yna çenli beriler. Immigrasiýa degişli hemme tölegler we başga ýüze çykjak harajatlary gatnaşyjynyň özi tölemelidir.
DV-2020 maksatnama boýunça immigrasiýa wizasyny almak üçin ýeňijiler ABŞ-nyň immigrasiýa kanunyna gabat gelmelidirler. Şu maksatnama degişli wiza soraglaryň seredilişiň iň soňky möhleti 2020-nji ýylyň sentýabr aýynyň 30-y. Şol möhletden soň DV-2020 maksatnama boýunça hiç hili soraglara seredilmez.
Üns beriň! Möhüm maglumat
“DV-2020” Lotereýasyna gatnaşmak üçin soragnamany tabşyraňyzda hiç hili başlangyç TOLEG ALYNMAÝAR. ABŞ-nyň hökümeti DV-2020 maksatnamany geçirmek üçin özge maslahatçylaryň hem-de hususy adamlaryň hyzmatlaryny ulanmaýar. Hemme arada durýanlara, hem-de lotereýa gatnaşmak üçin elektron arza doldurmak hyzmatyny hödürleýänlere ABŞ-nyň hökümeti tarapyndan ygtyýar hem razylyk berilenok. Elektron soragnamany doldyrylanda arada durýanlaryň hyzmatyny peýdalanmak meselesi gatnaşyjyň diňe özüne baglydyr.
Talaba laýyk doldurlan soragnamalar, gatnaşyjynyň özüniň ýa-da arada durýan töleg alan gurama tarapyndan, bellenen wagtyň içinde iberilen arzalaryň ýeňiji saýlanmak ähtmallygy deňdir. Ýöne, gatnaşyjy bir soragnamadan artyk doldursa, lotereýa gatnaşmak hukugyny ýitiýär.
«DV-2020» lotereýasy boýunça soraglar ýüze çykan bolsa hepdäniň düşenbe hem-de anna günleri sagat 11:00-dan 13:00 çenli Konsulluk Gullugynyň Maglumat belgisine jaň edip bilersiňiz: (+99312) 940049.