ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň we Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putinyň bilelikdäki beýannamasy

Köpçülikleýin Habar Beriş Serişdeleri üçin Maglumat
Press-sekretaryň edarasy
Waşington, Kolumbiya okrugy
2017-nji ýylyň 11-nji noýabry

Şu gün Prezident Donald Tramp we Prezident Wladimir Putin Wýetnamyň Danang şäherinde geçirilýän Aziýa-Ýuwaş ummany sebiti boýunça ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň maslahatynyň çäklerinde duşuşyk geçirdiler. Duşuşygyň dowamynda iki lider Siriýadaky DAEŞ terrorçylyk guramasyny ýeňmäge bolan ygrarlylygyny tassykladylar. Olar ABŞ-nyň we Russiýanyň harby hünärmenleriniň arasynda bolup geçýän dawa wakalaryny azaltmaga gönükdirilen tagallalaryň üstünlikli amala aşyrylýandygyny hoşallyk bilen bellediler. Şu tagallalaryň netijesinde soňky aýlaryň dowamynda DAEŞ terrorçylyk guramasynyň söweş meýdanynda çekýän zeperi ençeme artdy.

Prezidentler iki ýurdyň harby hünärmenleriniň arasynda bar bolan aragatnaşyk ýollarynyň işini mundan beýläk hem dowam ettirmäge ylalaşdylar. Bu diňe bir amerikan we rus harby güýçlerini howpsuz şertler bilen üpjün etmän, eýsem DAEŞ-e garşy söweşýän hyzmatdaşlaryň arasynda bolup biljek dawa wakalarynyň öňüni almaga ýardam berer. Iki lider şeýle tagallalaryň DAEŞ terrorçylyk guramasy derbi-dagyn bolýança alnyp baryljakdygyny tassykladylar.

Prezidentler Siriýadaky urşy harby usullar bilen çözüp bolmajagyny kabul etdiler. Olar bu konfliktiň gutarnykly syýasy çözgüti Zenewa prosessini esas alyp, BMG-nyň Howpsuzlyk Geňeşiniň 2254-nji kararnamasyna laýyklykda bolmalydygyny dile getirdiler. Şeýle hem, olar Prezident Başar al-Asadyň ýakyndaky beýannamasyny, ýagny Zenewa prosessine, konstitusion özgertmelere we BMG-nyň Howpsuzlyk Geňeşiniň 2254-nji kararnamasyna laýyk gelýän saýlawlara bolan meýilligini bellediler.

Iki lider konflikti çözmek üçin alynmaly ädimleriň arasynda BMG-nyň Howpsuzlyk Geňeşiniň 2254-nji kararnamasyny doly durmuşa geçirmek boýunça çäreler, ýagny konstitusiýa özgertmeler girizmek hem-de erkin we adalatly saýlawlar geçirmek ýaly çäreler ýer almaly diýip nygtadylar. Saýlawlar BMG-nyň gözegçiligi astynda geçirilip, iň ýokary halkara açyklyk ülňilerine laýyk gelmeli we Siriýanyň ähli halkynyň, şol sanda dürli etniki toparlarynyň gatnaşmaga hukugy bolmaly diýip bellediler. Prezidentler BMG-nyň Howpsuzlyk Geňeşiniň 2254-nji kararnamasyna laýyklykda, Siriýa döwletiniň özbaşdaklygyna, agzybirligine, garaşsyzlygyna, territorial bitewüligine we dünýewi gurluşyna ygrarlylygyny bildirdiler. Şeýle hem iki lider konfliktyň ähli agzalarynyň Zenewa prosessine işjeň gatnaşyp, bu prossesiň üstünlikli tamamlanmagy üçin goldaw bermeklige çagyrdylar.

Ahyrynda, Prezident Donald Tramp we Prezident Wladimir Putin Siriýadaky zulumy azaltmak, atyşygy kesmek şertnamalary ýerine ýetirmek, gumanitar ýardamyny päsgelçiliksiz alyp barmak we konfliktyň gutarnykly syýasy çözgütini tapmak üçin zerur şertleri döretmek maksady bilen de-eskalasiýa zolaklarynyň wagtlaýyn çäre görnüşinde ähmiýetini nygtadylar. Şeýle hem, iki lider 2017-nji ýylyň 7-nji iýulynda Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Gamburg şäherinde geçiren duşuşyklarynyň dowamynda makullanylan Siriýanyň günorta-günbatarynda atyşygy kesmek ylalaşygynyň ýerine ýetirilşini gözden geçirdiler.

Şu gün iki prezident 2017-nji ýylyň 8-nji noýabrynda Iordaniýanyň Amman şäherinde Iordaniýanyň Haşimi Şalygynyň, Russiýa Federasiýasynyň we Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň arasynda ylalaşylan ýorelgeler baradaky memorandum babatynda hoşallyk bildirdiler.Bu memorandum atyşygy kesmek başlangyjyň üstünligini mäkämläp, has durnukly parahatçylygy üpjün etmek maksady bilen daşary ýurt harby güýçleriniň we söweşjileriniň bu zolakdan kem-kemden çykarylyp doly gitmegini göz öňünde tutýar. Atyşygy kesmek ylalaşygyň ýerine ýetirilmegine gözegçiligi Iordaniýanyň Haşimi Şalygyndan, Russiýa Federasiýasyndan we Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndan hünärmenler toparlarynyň gatnaşmagynda Amman gözegçilik merkezi alyp barar.

Iki Prezident Siriýada ynsan horlugyny azaltmak zerurlygyny ara alyp maslahatlaşdylar we bu ynsanperwer meselani çözmek maksady bilen BMG-iň ähli agzalaryny geljek aýlarda goşantlaryny artdyrmaga çagyrdylar.

Prezident Donald Tramp Prezident Wladimir Putin bilen duşuşygyň üstünlikli geçendigini belledi. Şeýle hem, Prezident Donald Trampyň belleýşi ýaly, şu gün agzalan şertnamalaryň üstünlikli ýerine ýetirilmegi bilen müňlerçe adam halas bolar.