Lorens Hardy II USAID-iň Merkezi Aziýa Sebit Wekilhanasynyň Müdiri Hökmünde Gelýär

2021-nji ýylyň 7-nji oktýabry, Aşgabat, Türkmenistan – ABŞ-nyň Türkmenistandaky wekilhanasy, Daşary işler gullugynyň agzasy Lorens Hardy II-iň ABŞ-nyň Halkara ösüş guramasynyň (USAID) Merkezi Aziýada sebitleýin wekilhanasynyň täze müdiri hökmünde Almaty şäherine gelendigini habar berýär. Jenap Hardy USAID-iň Gazagystan, Gyrgyz Respublikasy, Täjigistan, Türkmenistan we Özbegistan boýunça sebitleýin maksatnamalaryna ýolbaşçylyk eder. USAID-iň administratory Samanta Power USAID-iň Waşingtondaky ştab-kwartirasynda Jenap Hardynyň kasamyny kabul etdirdi.

 

Öz wezipesi barada jenap Hardy: “USAID Merkezi Aziýanyň halky we hökümetleri bilen sebitara baglanşygy, durnuklylygy we gülläp ösmegi güýçlendirmek üçin 30 ýyla golaý wagt bäri hyzmatdaşlyk edýär. Merkezi Aziýa boýunça sebit wekilhanasynyň müdiri hökmünde, maksatnamalarymyzy reforma alyp barýan ösüş, sebitara baglanyşyk we hyzmatdaşlyk ýaly täze mümkinçiliklere ýolbaşçylyk etmegi diýseň begenýärin. ABŞ-nyň hökümetiniň C5+1 platformasyny goldap, USAID söwda aragatnaşygy gowulandyrmak, sebit energiýa bazaryny döretmek we suw baýlyklary dolandyrmak boýunça sebitleýin hyzmatdaşlygy ösdürmek ýaly esasy ugurlary içine alýan Merkezi Aziýa hyzmatdaşlygymyzy güýçlendirer, giňelder we çuňlaşdyrar. Sebitde adam söwdasyna garşy göreşde, howanyň üýtgemegiň möhüm meselelerini çözmekde, gowy dolandyryşy ösdürmekde we sebitiň gülläp ösmeginde öňegidişlige hem begenýärin.”

Jenap Hardy ähmiýetli ösüş we diplomatiýa tejribesiniň we biliminiň eýesidir. 28 ýyllyk USAID-däki karýerasy ony bütin dünýä aýlady. Ol USAID-iň Merkezi Aziýada sebit wekilhanasynyň müdiri wezipesine bellenmezinden ozal, USAID-iň Filippin, Ýuwaş okeanyň 12 adasynyň we Mongoliýanyň wekilhanalarynda müdir bolup işledi. Ol Günorta-gündogar Aziýada, Ýakyn gündogarda, Karib baseýinde, Günorta Aziýada we Günorta Amerikada iş saparynda boldy. Jenap Hardy Kaliforniýa Uniwersitetinde/Berkeli Haas Biznes fakultetinde magistr derejesini, we Garward uniwersitetinde bakalawr derejesini aldy. Ol Portugal, Ispan, Taý, Fransuz we Arap dillerinde gepleýär.

###

USAID dünýäde öňdebaryjy halkara ösüş guramasy we ösüş netijelerine ýetmek üçin katalizator bolup durýar. Has giňişleýin maglumat üçin USAID-iň Merkezi Aziýa web we USAID-iň Merkezi Aziýa Facebook sahypalaryna girip görmegiňizi haýyş edýäris.