2023-nji ýylyň 27-nji maýynda Mary welaýatynyň kitaphanasy bilen bilelikde Mary Amerikan burçy we ABŞ-nyň Türkmenistandaky Ilçihanasy Amerikan-Türkmen diplomatik aragatnaşyklarynyň ýola goýulmagynyň 31-ýyllygyna şeýle hem Bütin Dünýä Çagalar gününe bagyşlap kitap sergisini geçirdi. Kitap sergisiniň dowamynda nusgawy Amerikan edebiýatynyň türkmen diline terjime edilen eserleri halka hödürlendi. Çärä gatnaşyjylar “Makerspace”, “STEM” we “EducationUSA” ýaly interaktiw çärelere gatnaşdylar. Şeýle hem, iňlis dilini öwrenmek we ABŞ-nyň ýokary okuw jaýlaryna okuwa girmäge taýýarlyk barada maglumat bilen tanyşdylar. Gatnaşanlar üç ýaş kategoriýasynda Iňlis dili boýunça bolan “Spelling Bee” bäsleşigine gatnaşdylar. Bu bäsleşikde höwesjeňler iňlis dili ussatlygyny we köpçüligiň öňünde çykyş etmäge bolan ynamyny görkezmegi başardylar.
Ilçi Klimow açylyş dabarada Amerikan-Türkmen medeni we bilim gatnaşyklarynyň möhümdigini nygtady we ABŞ-nyň Ilçihanasynyň Türkmenistanyň hökümeti bilen bolan hyzmatdaşlyga buýsanýandygyny aýtdy. Türkmenistanyň iň uly sebit kitaphanalarynyň birinde geçirilen kitap sergisinde ilçi Klimow hemmeleri okamagyň şatlygyny bellemäge we Amerikan burçundaky köp dürli kitaplar, wideolar we programmalar ýygyndysyny öwrenmäge çagyrdy.
Türkmenistandaky Amerikan burçlary ABŞ bilen Türkmenistanyň arasynda özara düşünişmegi ösdürmek üçin döredildi. Olar myhmanlara ABŞ-nyň taryhy, jemgyýeti, bilimi we medeniýeti barada iň täze maglumat bilen üpjün edýär. Türkmenistandaky Amerikan merkezi we Amerikan burçlary barada has giňişleýin öwreniň.