ABŞ-nyň raýatlary üçin möhüm habar: Türkmenistanyň çäginden daşyna meýilleşdirilýän çarter uçuşlar barada

ABŞ-nyň raýatlary üçin möhüm habar: Türkmenistanyň çäginden daşyna meýilleşdirilýän çarter uçuşlar barada ABŞ-nyň raýatlary we ABŞ-da hemişelik ýaşaýan adamlar üçin maglumat

Hadysa: ABŞ-nyň ilçihanasy, gelip gowşan habarlara salgylanyp, Türkmenistandan daşary ýurtlara gidýän çarter uçuşlar meýilleşdirilýändigi barada habar berýär. Eger-de Siz ABŞ-nyň raýaty bolsaňyz, ya-da ABŞ-da hemişelik ýaşalýan karty bar bolan ýagdaýynda, we agzalan çarter uçuşlaryndan peýdalanmak isleseňiz, haýal etmän ABŞ-nyň Ilçihanasyna, AshgabatUSCitizen@state.gov elektron salgy arkaly bize habar bermeli. Elektron hatyňyzy 2020-nji ýylyň 21-nji awgustyň, sagat 19:00 çenli ibermeli.

Çarter uçuşlardan peýdalanmak islegi bildirilen elektron hat Sizden geleninden soň, biz Size goşmaça maglumat ibereris. Agzalan uçuşlardan peýdalanmak islegi bildirilen elektron hatda aşakdaky sanalan maglumatlar hem talap edilýär:

  • Doly adyňyz we familiýaňyz (pasportyňyzdaky ýazylşy ýaly)
  • Pasportyňyzyň berilen wagty we möhleti
  • Raýatlygyňyz
  • Doglan senäňiz (aý/gün/ýyl)
  • Jynsyňyz
  • Elektron poçta salgyňyz
  • Habarlaşmak üçin telefon belgiňiz

Türkmenistanda ýaşaýan şäheriňizi we başga-da öz saglyk ýagdaýyňyza degişli möhüm maglumat bolan ýagdaýynda şol elektron hatynda bize habar bermegi maslahat berýäris.

ABŞ-da hemişelik ýaşaýan adamlar üçin maglumat: ABŞ-da hemişelik ýaşamak üçin berilen kardyňyzyň (grin kard) möhleti we ABŞ-daky statusuňyzyň möhleti dolmadyk bolmalydyr. Goşmaça talap edilýän resminamalar: ABŞ-da hemişelik ýaşamak kardy (grin kard), we pasportdyňyzyň skanerden geçirilen görnüşindaki nusgasy.

Hormatlamak bilen,
Konsyllyk bölümi