Aşgabat, 2016-njy ýylyň 7-nji oktýabry – Ertir, 8-nji oktýabrda sagat 19:00-da, Merkezi Aziýadan we ABŞ-dan gelen 24 sany sazandalar we kompozitorlar Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň garaşsyzlygynyň 25 ýyllygynynyň şanyna çykyş ederler. Bu “Bilelikde saz çalmak: Merkezi Aziýa-ABŞ hyzmatdaşlygyny baýram etmek” atly saz maksatnamasy 2015-nji ýylda ABŞ-nyň Döwlet sekretary Jon Kerri we bäş sany Merkezi Aziýa döwletleriniň daşary işler ministrleriniň arasynda “C5+1” (Merkezi Aziýa + ABŞ) babatda geçirilen maslahatlaryň dowamydyr.
Merkezi Aziýa döwletleriniň her birinden birnäçe halk sazandalary Almaty şäherinde üç amerikan sazandalary we kompozitorlary bilen bileleşip, bir hepdäniň dowamynda ussatlyk sapaklaryna gatnaşdylar, sebitara ansamblyny döretdiler we umumy konsert çykyşyny taýýarladylar. Aşgabat şäherinde çykyş edeninden soň, bu ansambl Merkezi Aziýa döwletleriniň paýtagtlaryna konsert bilen aşakdaky tertip boýunça sapar eder:
1–6-njy oktýabr: Gazagystanyň Almaty şäherinde ussatlyk sapaklary
6-njy oktýabr: Gazagystanyň Almaty şäherinde konsert
8-nji oktýabr: Türkmenistanyň Aşgabat şäherinde konsert
11-nji oktýabr: Özbegistanyň Taşkent şäherinde konsert
12-nji oktýabr: Gazagystanyň Astana şäherinde konsert
14-nji oktýabr: Gyrgyzstanyň Bişkek şäherinde konsert
17-nji oktýabr: Täjigistanyň Duşanbe şäherinde konsert
Bu sebitara alyş-çalyş maksatnamasynda gatnaşyjylar Merkezi Aziýanyň we ABŞ-nyň halk, klassyky we döwrebap sazlarynyň baýlygyny we köpdürliligini şöhlelendirmek üçin täze eserleri dörederler we şeýle hem täze dostluk we ussatlyk gatnaşyklaryny ýola goýarlar. Konsertler bu yurtlaryň köpdürliligini nygtap, däp-dessurlaryň we medeniýetleriň meňzeşlikleri beýan ederler, we şeýle-hem aýdym-sazyň we medeni alyş-çalyşlaryň halklary birikdirmekde we has durnukly, gülleýan we jebisleşen sebiti gurmakda kömek edip biljekdigini görkezerler.
Bu maksatnama barada has doly maglumat üçin ABŞ-nyň ilçihanasynyň Maglumat we medeniýet bölümine (+993 12) 473506 (goşmaça 1) telefon belgisi ýa-da irc-ashgabat@state.gov elektron salgysy boýunça ýüz tutup bilersiňiz.