Amerikan indeýleriniň Fernando Sellision Zuni tansçylar topary 7-nji iýulden 14-nji iýule çenli ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň Sungat ilçileri maksatnamasy çäginde Türkmenistana sapar eder.
Zuni tansçylar topary 1983-nji ýylda häzirki ýolbaşçy Fernando Sellisionyň kakasy Rodjer Sellision tarapyndan Zuni medeniýeti barada bilimlerini nesilden-nesile geçirmek hem-de saklamak üçin esaslandyryldy. Basym ol iň köp sapar edýän Amerikan indeýleriniň professional tans toparlarynyň birine öwrüldi. Özleriniň Zuni aýdymlary we tanslary arkaly dünýäde tanalýan bu topar Ýewropanyň, Ýakyn Gündogaryň, Günorta-Gündogar Aziýanyň we Günorta Okeýaniýanyň 32 sany döwletinde çykyş etdi.
Türkmenistanda Zuni tansçylary köpçülik üçin açyk konsertler we amaly sapaklar bilen çykyş ederler. Mundan başga-da, olar LINE arkaly ABŞ-nyň ilçihanasynyň dostlary bilen söhbetdeş bolarlar. Ähli çärelere giriş tölegsiz we hemmeler üçin açykdyr.
Sişenbe güni, 7-nji iýul
16:00 – Göni ýaýlymda LINE arkaly ABŞ-nyň ilçihanasynyň dostlary bilen söhbetdeşlik
18:00 – ABŞ-nyň ilçihanasynyň Maglumat-serişdeler merkezinde tanyşdyrma we amaly sapak
Çarşenbe güni, 8-nji iýul
18:00 – Mary welaýatynyň Kemine adyndaky Döwlet sazly drama teatrynda tanyşdyrma we amaly sapak
19:00 – Mary welaýatynyň Kemine adyndaky Döwlet sazly drama teatrynda konsert
Penşenbe güni, 9-nji iýul
14:00 – Türkmenabat şäheriniň Türkmenistanyň gahrymany Gurbansoltan eje adyndaky Medeniýet öýünde tanyşdyrma we amaly sapak
19:00 – Lebap welaýatynyň Seýitnazar Seýdi adyndaky Döwlet sazly drama teatrynda konsert
Anna güni, 10-nji iýul
19:00 – Balkan welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Döwlet sazly drama teatrynda konsert
Şenbe güni, 11-nji iýul
12:00 – Türkmenbaşy şäheriniň Medeniýet köşgünde tanyşdyrma we amaly sapak
19:00 – Türkmenbaşy şäheriniň Medeniýet köşgünde konsert
Sişenbe güni, 14-nji iýul
19:00 – Aşgabat şäheriniň Türkmenistan kino-konsert merkezinde konsert
Goşmaça maglumatlar üçin ABŞ-nyň ilçihanasynyň Maglumat-serişdelermerkezine 47-35-03 (1) telefon ýa-da irc-ashgabat@state.gov elektron salgysy boýunça ýüz tutup bilersiňiz.