Tehniki kinçylyklar sebäpli, “DV-2019” lotereýa arza doldurylyş möhleti täzeden yglan edildi we 2017-nji ýylyň oktýabr aýynyň 18-ine çenli tabşyrylan ähli arzalar gaýtadan doldurylmalydyrlar. Biz “DV-2019” lotereýasynyň gatnaşyjylaryna ýüze çykan bu oňaýsyzlyklar üçin öz gynanjymyzy bildirýäris. Arza tabşyrylyş düzgüniniň adalatlylygyny we hemme gatnaşyjylaryň maglumatlarynyň goraglylygyny kepillendirmek üçin biz bu ýylky (“DV-2019”) arza kabul ediş tapgyryny täzeden başlamaly bolýarys.
“DV-2019” lotereýasyna täze arzalar 2017-nji ýylyň oktýabr aýynyň 18-ine irden sagat 11:00-da başlap 2017-nji ýylyň noýabr aýynyň 22-sine irden sagat 11:00-a çenli dowam eder.
Eger-de siz 2017-nji ýylyň oktýabr aýynyň 18-ine çenli arza tabşyran bolsaňyz, siziň arzaňyz hasaba alynmaz we siz yglan edilen täze tapgyryň dowamynda täze arza tabşyrmalysyňyz. Siz bir täze arzany goşmaça soragnama doldurýanyňyz sebäpli gatnaşmak hukugyny ýitirmän tabşyryp bilersiňiz. Bir gezekden köp arza tabşyran gatnaşyjylar öz gatnaşmak hukugyny ýitirerler.
DV lotereýasynyň elektron soragnamasy E-DV lotereýasynyň resmi web-sahypasynda https://dvlottery.state.gov/ arza tabşyrylyş tapgyrynyň dowamynda elýeterlidir. DV lotereýasynyň soragnamasyny doldurmagyň gözükdirmesi ABŞ-nyň Döwlet Departamentiniň resmi web-sahypasynda usvisas.state.gov/dv/instructions ýerleşdirilendir.
Gatnaşyjylara bolan talaplar üýtgedilmedi.
2018-nji ýylyň maý aýynyň 15-inden başlap “DV-2019” lotereýasynanyň gatnaşyjylary arza doldurylanda berilen tassyklanmada görkezilen şahsy nomer boýunça öz soragnamalarynyň ýagdaýyny elektron sistema arkaly https://dvlottery.state.gov/ barlap bilerler. Bu elektron sistema saýlanan gatnaşyjylara özleri we talaba laýyk gelýän maşgala agzalary üçin DV wizasyna resminalary nähili tabşyrmalydyklary barada habar berer. Döwlet Departamenti hem wiza gürrüňdeşlikleri yokarda agzalan elektron sistema arkaly tassyklar.
Köp berilýän soraglar:
Sorag: Tehniki kynçylyk barada nähili maglumat berip bilersiňiz? Tabşyrylan arzalar ýitirim boldularmy? Tabşyrylan elektron maglumatlary bikanun almak synanyşygy boldumy?
Jogap: Tehniki kynçylyk sistemanyň arza tabşyrýanlaryň görkezýän ýurdy öz dogulan ýurdundan başga bolan ýagdaýynda, lotereýa gatnaşmaga hukugy bar bolan ýurtlaryndan saýlamakda ýüze çykan ýalňyşlygy sebäpli peýda boldy. Sebäbi beýle düzgünden çykma diňe käbir halatlarda rugsat berilýär. Bu ýagdaý hiç hili daşyndan bolan päsgelçiligiň ýa-da tabşyrylan elektron maglumatlary bikanun almak synanşygyň netijesi däldir.
Sorag: Tehniki kynçylyk ýüze çykmazdan öň näçe sany arza kabul edildi?
Jogap: Tehniki kynçylyklar sebäpli, biz näçe sany talaba laýyk gelýän arza tabşyrylandygy barada ygtybarly jogap berip bilemizok. Arza tabşyrylyş düzgünleriniň adalatlygyny goramak we deň mümkinçiligi hemme gatnaşyjylara kepillendirmek üçin biz arza kabul ediliş tapgyryny täzeden başlaýarys.
Sorag: Döwlet Departamenti “DV-2019” lotereýasyna näçe gatnaşyjy bolar diýip çak edýär?
Jogap: Öten ýyl, sanawy belli bolan “DV-2018” lotereýasynyň tapgyrynda 14 milliondan hem köp bolan talabalaýyk arza kabul edildi.
Sorag: Döwlet Departamenti talaba laýyk gelmeýän gatnaşyjylara nähili habar berer?
Jogap: Döwlet Departamenti DV lotereýasyna 2017-nji ýylyň oktýabr aýynyň 18-ine çenli arza tabşyranlaryň her birine soraganamada görkezilen elektron hat adresiniň üsti bilen gatnaşyja https://dvlottery.state.gov/ web-sahypasynda wajyp bildirişi barlamak hakynda görkezme ugradar.
Biz şeýle hem ilçihanalarymyzyň we wekiliýetçiliklerimiziň üsti bilen mümkin bolan ähli gatnaşyjylara bu ýagdaý barada we täze yglan edilen arza kabul ediliş tapgyry barada internet we beýleki jemgyýetçilik maglumat serişdeleri arkaly habar bermegiň üstünde işläris.
Sorag: Bu ýagdaý “DV-2019” lotereýasynyň wagt tertibini eglärmi?
Jogap: “DV-2019” lotereýasynyň saýlanan arzalarynyň üstünde iş 2018-nji ýylyň maý aýynyň 15-ine başlanar.
Biz häzirki ýagdaýda “DV-2019” lotereýasynyň geçiriliş tertibinde gijikmelere garaşmaýarys.