Täze okuw halkara elektroenergiýa söwdasyna bagyşlanýar

Şu gün ABŞ-nyň Halkara ösüş agentligi (ÝUSAID) Türkmenistanyň hökümeti bilen hyzmatdaşlykda we “Şewron” kompaniýasynyň ýardamy bilen “Halkara elektroenergiýa söwdasy we halkara elektrik energiýasyny satmak we satyn almak boýunça şertnamalar” atly üç günlük seminaryny geçirmäge başlady. Bu okuw halkara elektrik energiýasynyň söwdasyna, marketing tärlerine, elektroenergiýanyň söwdasynyň pasyllylygynyň bähbitli taraplaryndan peýdalanmaklyga we elektrik energiýasyny satmak we satyn almak boýunça şertnamalary we ylalaşyklary baglaşmagyň halkara öňdebaryjy tejribesini öwrenmeklige bagyşlanýar. Seminaryň dowamynda şeýle hem ýokarky agzalyp geçilen temalar boýunça käbir ýurtlaryň tejribelerine we mysallaryna serediler.

Bu okuwa Türkmenistanyň energetika ministrligine we “Türkmenenergo” döwlet elektroenergetika korporasiýasyna wekilçilik edýän ykdysadyýetçileriň, hukukçylaryň we hünärmenleriň 10-sy gatnaşýar. Olaryň gündelik wezipe borçlaryna elektrik energiýasynyň söwdasyna degişli halkara ylalaşyklaryny işläp taýýarlamak we şuňa degişli gepleşiklere gatnaşmak hem girýär. Bu seminary energetika ulgamynda, hususan-da elektrik energiýanyň geçirilmegi we bu ulgamy kadalaşdyrmak işleri ugrunda 29 ýyldan gowrak tejribesi bolan hünärmen jenap Waleriý Wlaçkow alyp barýar. Jenap Wlaçkow dünýäniň 26 ýurdunda, şol sanda Günorta-Gündogar we Gündogar Ýewropada, Aziýada, Merkezi Aziýada, Günorta Afrikada we Merkezi Amerikada halkara maslahat beriş we okuw hyzmatlaryny berdi.

Soňky iki ýylyň dowamynda USAID-iň Makroykdysadyýet taslamasy türkmen hökümeti bilen bilelikde erkin bazar gatnaşyklaryna esaslanan halkara söwdasyny amala aşyrmagyň ykdysady bähbitlerine bagyşlanan okuwlaryň ençemesini gurnady. Häzirki seminar hem Türkmenistanyň elektroenergiýa pudagynda söwda etmegi arkaly has ýokary ösüşlere ýetmegiň ýollary barada gürrüň açyp, öňki geçirilen okuwlaryň üstüni doldurýar.