Täzelikler we wakalar

ABŞ-nyň Energetika departamentiniň bir hepdelik okuwy radioktiw eýesiz çeşmeleriň üstüni açmaklyga we ygtybarly goramaga bagyşlanýar

Birleşen Ştatlaryň Energetika departamentiniň Ýadro howpsuzlygy boýunça milli edarasy (ÝHBME) “Radioktiw eýesiz çeşmeleriň üstüni açmak we ygtybarly gorap saklamak” boýunça 1-5-nji iýun aralygynda Aşgabatda okuw geçirdi. Ýadro howpsuzlygy boýunça milly edarasynyň 3 sany wekili Türkmenistanyň hökümetiniň radioaktiw çeşmeleri gorap saklamakda iş alyp barýan Türkmenistanyň Ylymlar Akademiýasy, Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugy we Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy ...
Dowamy»

Ilçi Mastard Lebap welaýatyna sapar edýär

4-nji iýunda ilçi Allan Mastard Lebap welaýatyna bir günlük iş sapary bilen bardy. Sapar döwründe ilçi Lebap welaýatynyň häkimi Muhammet Joraýew bilen duşuşyp, sebitara ykdysady ösüşi hem-de ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdy. Duşuşykdan soň ilçi Ýüpek ýolunuň ugrunda XII asyrda gurlan Daýahatyn kerwen saraýyna zyýarat etdi. Bu kerwensaraýyň dikeldiş işleri Ilçileriň medeni mirasy gorap saklamak ...
Dowamy»

Ilçi Alan Mastard Türkmenistandaky GE tarapyndan öndürilen gazturbinaly iň uly elektrik beketine baryp gördi

29-njy maýda ilçi Alan Mastard Ahal welaýatynyň Ak Bugdaý etrabynda ýerleşýän Ahal gaztrubinaly elektrik beketine baryp gördi. Ahal elektrik beketi Türkmenistandaky iň uly gazturbinaly elektrostansiýa bolmak bilen, onuň umumy kuwwaty 650 megawata deňdir. Bu elektrik beketinde jemi 7 sany, şol sanda 4 sany 9E we 3 sany LM6000 kysymly amerikan kompaniýasy Jeneral Elektrik (GE) tarapyndan ...
Dowamy»

Aşgabadyň dogan okaşan şäheri bolan Albukerke şäherinden (ABŞ-nyň Nýu-Meksiko ştaty) topar Aşgabada sapar bilen gelýär

21-27-nji maýda ABŞ-nyň Nýu-Meksiko ştatynyň Albukerke şäherinden bolan dogan okaşan şäherler topary Türkmenistana gelýär. Bu topar Aşgabat we Albukerke dogan okaşan şäherleriniň 25 ýyllygy mynasybetli we 25-nji maýda Aşgabat şäheriniň gününe bagyşlanan dabaralara gatnaşmak üçin geldiler. Topar agzalary Aşgabat we Mary şäherlerinde Aşgabat we Albukerke dogan okaşan şäherleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygy berkitmek üçin ýerli hökümet wekilleri, ...
Dowamy»

ÝUSAID-iň okuwy ätiýaçlandyryş hyzmatlaryna bagyşlanýar

Düýn ABŞ-nyň Halkara ösüş agentligi (ÝUSAID) Türkmenistanyň hökümeti bilen hyzmatdaşlykda we “Şewron” kompaniýasynyň ýardamy bilen “Ätiýaçlandyryş önümleriniň we hyzmatlarynyň täze görnüşleri” atly bir hepdelik okuw kursuny başlady. Bu okuw ätiýaçlandyryş bazarlarynyň milli ykdysady ösüşe ýetirýän täsirini, häzirki zaman ätiýaçlandyryş bazarlarynyň hereket edişini we ätiýaçlandyryş önümleriň we hyzmatlaryň dürli görnüşlerini, şol sanda hökmany görnüşleri, fiziki we ...
Dowamy»