Täzelikler we wakalar

Ari Rolandyň jaz topary Türkmenistanda çykyş edyär

ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasy Türkmenistanyň medeniýet ministrligi bilen bilelikde Ari Roland jaz saz toparynyň 31-nji martdan 6-njy aprele çenli Türkmenistanda birnäçe köpçulik üçin açyk konsertlerini gurnaýar. Ari Roland jaz saz topary Nýu-Ýork şäherinde işleýän we ýaşaýan dört sany jaz sazandalaryndan ybaratdyr. Olar: Ari Roland-basçy, Jon Moska-trombon, Zaid Nasser-alt-saksofonçy we Kit Balla-deprekçi. Olar halkara turlaryna gatnaşyp, ençeme ...
Dowamy»

ABŞ-nyň ilçihanasy Afro-amerikan taryhy aýyny geçirýär

ABŞ-nyň ilçihanasy Türkmenistanyň hökümeti bilen bilelikde amerikan fotosuratçysy Dario Kalmeseniň 23-28-nji fewralda Aşgabatda saparyny gurap, Afro-amerikan taryhy aýyny geçirýär. Jenap Kalmese özüniň afro-amerikan däp-dessurlary barada fotosuratlarynyň sergisini guraýar, we afro-amerikan fotosurat sungatynyň taryhy, afro-amerikan modasy, hem-de afro-amerikan oýlap tapyjylary barada gürrüň bilen çykyş edýär. Onuň çykyşlary gyzyklanýan talyplar, professional fotosuratçylar we köpçülik üçin açykdyr. Şeýle hem ...
Dowamy»

Jorj Waşingtonyň doglan güni mynasybetli ABŞ-nyň ilçihanasy dine ynanma azatlygyny we çydamlylygy goldaýarlar

Düşünjäňi erkin beýan etmek, dine ynanma we wyjdan azatlygy BMG-nyň adam hukuklary baradaky Ähliumumy deklarasiýasynda hem-de beýleki halkara resminamalarda öz beýanyny tapan umumy ynsanyýet gymmatlyklarydyr. Amerikanyň Birleşen Ştatlary öz ýurdynda we dünýäde dine ynanma azatlygyny goramak bilen dini çydamlylygyny goldaýarlar. 1790-nji ýylda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň ilkinji Prezidenti bu ýörelgäni özüniň Rod-Aýlend adasyndaky Nýuport şäherine ilkinji ...
Dowamy»

ABŞ-nyň ilçihanasy 2015-nji ýylyň türkmen-amerikan işewür maslahatyny geçirýär

ABŞ-nyň ilçihanasy, Türkmenistanyň hökümeti we Türkmen-amerikan işewür geňeşi bilen bilelikde 2015-nji ýylyň 21-22-nji ýanwarynda Aşgabat şäheriniň Mizan işewür merkezinde ýedinji türkmen-amerikan işewür maslahatyny geçirer. Bu maslahat bilermenler derejesinde oba hojalyk, suw dolanyşygy, innowasion  tilsimatlar we maliýe meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin alymlary, senagatçylary hem-de Türkmenistanyň we ABŞ-nyň hökümet wekillerini ýygnaýar. 2015-nji ýylyň türkmen-amerikan işewür maslahaty ...
Dowamy»