Täzelikler we wakalar

Täze okuw halkara elektroenergiýa söwdasyna bagyşlanýar

Şu gün ABŞ-nyň Halkara ösüş agentligi (ÝUSAID) Türkmenistanyň hökümeti bilen hyzmatdaşlykda we “Şewron” kompaniýasynyň ýardamy bilen “Halkara elektroenergiýa söwdasy we halkara elektrik energiýasyny satmak we satyn almak boýunça şertnamalar” atly üç günlük seminaryny geçirmäge başlady. Bu okuw halkara elektrik energiýasynyň söwdasyna, marketing tärlerine, elektroenergiýanyň söwdasynyň pasyllylygynyň bähbitli taraplaryndan peýdalanmaklyga we elektrik energiýasyny satmak we satyn ...
Dowamy»

Ari Rolandyň jaz topary Türkmenistanda çykyş edyär

ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasy Türkmenistanyň medeniýet ministrligi bilen bilelikde Ari Roland jaz saz toparynyň 31-nji martdan 6-njy aprele çenli Türkmenistanda birnäçe köpçulik üçin açyk konsertlerini gurnaýar. Ari Roland jaz saz topary Nýu-Ýork şäherinde işleýän we ýaşaýan dört sany jaz sazandalaryndan ybaratdyr. Olar: Ari Roland-basçy, Jon Moska-trombon, Zaid Nasser-alt-saksofonçy we Kit Balla-deprekçi. Olar halkara turlaryna gatnaşyp, ençeme ...
Dowamy»

ABŞ-nyň ilçihanasy Afro-amerikan taryhy aýyny geçirýär

ABŞ-nyň ilçihanasy Türkmenistanyň hökümeti bilen bilelikde amerikan fotosuratçysy Dario Kalmeseniň 23-28-nji fewralda Aşgabatda saparyny gurap, Afro-amerikan taryhy aýyny geçirýär. Jenap Kalmese özüniň afro-amerikan däp-dessurlary barada fotosuratlarynyň sergisini guraýar, we afro-amerikan fotosurat sungatynyň taryhy, afro-amerikan modasy, hem-de afro-amerikan oýlap tapyjylary barada gürrüň bilen çykyş edýär. Onuň çykyşlary gyzyklanýan talyplar, professional fotosuratçylar we köpçülik üçin açykdyr. Şeýle hem ...
Dowamy»

Jorj Waşingtonyň doglan güni mynasybetli ABŞ-nyň ilçihanasy dine ynanma azatlygyny we çydamlylygy goldaýarlar

Düşünjäňi erkin beýan etmek, dine ynanma we wyjdan azatlygy BMG-nyň adam hukuklary baradaky Ähliumumy deklarasiýasynda hem-de beýleki halkara resminamalarda öz beýanyny tapan umumy ynsanyýet gymmatlyklarydyr. Amerikanyň Birleşen Ştatlary öz ýurdynda we dünýäde dine ynanma azatlygyny goramak bilen dini çydamlylygyny goldaýarlar. 1790-nji ýylda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň ilkinji Prezidenti bu ýörelgäni özüniň Rod-Aýlend adasyndaky Nýuport şäherine ilkinji ...
Dowamy»

ABŞ-nyň ilçihanasy 2015-nji ýylyň türkmen-amerikan işewür maslahatyny geçirýär

ABŞ-nyň ilçihanasy, Türkmenistanyň hökümeti we Türkmen-amerikan işewür geňeşi bilen bilelikde 2015-nji ýylyň 21-22-nji ýanwarynda Aşgabat şäheriniň Mizan işewür merkezinde ýedinji türkmen-amerikan işewür maslahatyny geçirer. Bu maslahat bilermenler derejesinde oba hojalyk, suw dolanyşygy, innowasion  tilsimatlar we maliýe meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin alymlary, senagatçylary hem-de Türkmenistanyň we ABŞ-nyň hökümet wekillerini ýygnaýar. 2015-nji ýylyň türkmen-amerikan işewür maslahaty ...
Dowamy»