Täzelikler we wakalar

Baýdak baýramy – 2015

15-nji iýulda ilçi Allan Mastard öz öýünde myhmanlary kabul etdi. Bu çäre ABŞ-nyň döwlet baýdagynyň 1777-nji ýylyň 14-nji iýunynda Ikinji Kontinental kongresi tarapyndan tassyklanmagyny gutlap, Baýdak baýramyna bagyşlandy. Bu gün Birleşen Ştatlarynyň ýaşaýjylarynyň köpüsi Baýdak baýramy mynasybetli amerikan baýdagyny öýlerinde we jemgyýetçilik binalarynda belentden asyp goýýarlar.
Dowamy»

Türkmen oba hojalyk hünärmenleri bagbançylyk innowasiýalaryny öwrenmek üçin Amerikanyň merkezine ugradylar

Ýedi sany hususy fermerlerden we alymlardan ybarat Türkmen oba hojalyk hünärmenler topary 12-nji iýunda Aşgabatdan ABŞ-nyň Missuri ştatyna ugradylar. Olar bagbançylyk önümlerini öndürmek boýunça iki hepdelik Kohran maksatnamasyna gatnaşýarlar. Türkmen hünärmenleri Missuri ştatynyň ylmy-barlag merkezlerine we fermalaryna sapar edip, gök we bagbançylyk önümlerini öndürmegiň innowasion usullary bilen tanyşyp, häzirki zaman irrigasiýa tilsimatlaryny öwrenerler. Şeýle hem ...
Dowamy»

USAID we UNODC neşe serişdelerini ulanmagyň öňüni almak işlerine baha bermek maksatnamasy boýunça okuw geçirýär

10-11-nji iýunda UNODC bilen hyzmatdaşlykda USAID neşe serişdelerini ulanmagyň öňüni almak işlerine gözegçilik etmek we baha bermek boýunça bäş Merkezi Aziýa ýurtlarynyň hem-de Owganystan we Eýran syýasatçylary üçin sebitara okuwyny gurady. Okuw döwründe şu ýurtlarda baha bermek maksatnamalaryny meýilleşdirmek we olary ýerine ýetirmek usullary öwrenildi. Okuw maslahaty bolsa maksatnama ýerine ýetirilende kemçilikleri wagtynda ýüze çykarmak ...
Dowamy»

ABŞ-nyň ilçihanasy hukuk we ykdysadyýet boýunça ýokary derejedäki maksatnamany yglan edýär

ABŞ-nyň Türkmenistandakt ilçihanasy “Merkezi Aziýa wekilleri üçin hukuk we ykdysadyýet pudagy boýunça ýokary derejeli maksatnama” adyndaky intensiw üç-aýlyk aspirantura derejesindäki okuw kursuny yglan edýär. Bu maksatnama Türkmenistandaky we beýleki Merkezi Aziýadaky ýaş, hünär ýolunyň ortasyna ýeten, döwlet ulgamynda, jemgyýetçilik edaralarynda we habar beriş serişdeler pudagynda işleýän gatnaşyjylar üçin niýetlenendir. Okuw kursy Riganyň ýokary hukuk mekdebinde, Latwiýada, ...
Dowamy»

ABŞ-nyň Energetika departamentiniň bir hepdelik okuwy radioktiw eýesiz çeşmeleriň üstüni açmaklyga we ygtybarly goramaga bagyşlanýar

Birleşen Ştatlaryň Energetika departamentiniň Ýadro howpsuzlygy boýunça milli edarasy (ÝHBME) “Radioktiw eýesiz çeşmeleriň üstüni açmak we ygtybarly gorap saklamak” boýunça 1-5-nji iýun aralygynda Aşgabatda okuw geçirdi. Ýadro howpsuzlygy boýunça milly edarasynyň 3 sany wekili Türkmenistanyň hökümetiniň radioaktiw çeşmeleri gorap saklamakda iş alyp barýan Türkmenistanyň Ylymlar Akademiýasy, Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugy we Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy ...
Dowamy»