Türkmenistanda alma baglarynyň ösdürilip ýetişdirilmegi

ABŞ-nyň Halkara ösüş agentliginiň (USAID) berýän maslahatlary alma öndürjileriň hassylyny iki esse artdyrmaga ýardam berýär

Türkmenistanyň merkezinde ýerleşýän Ahal welaýat, paýtagt Aşgabadyň mekany bolup durýar. Ýurduň günorta merkezi, Eýran we Owganystan bilen serhetleşip hem-de Köpetdag daglarynyň uzynlygy boýunça uzap gidip, ýurduň oba hojalyk önümleriniň bäşden bir bölegini öndürýär.

Meselli Meselliýew, tejribeli bagban bolup, ol Türkmenistanly sarp edijileriň azyk sebedinde iň möhüm miweleriň biri bolan almany Ahal welaýatynda ýerleşýän 100 gektarlyk meýdanda ösdürip ýetişdirip gelýär. Onuň 60 gektar ýerinde öňdebaryjy önümçilik usullary ulanylyp, “Golden Delicious”, “Gala”, “Red Chief”, “Skarlet Spur”, “Super Chief”, Fuji, Granny Smith, Pink Lady, Starkrimson Delicious, Braebum we başga meşhur alma görnüşleriniň ýaş nahallaryny ekildi.

ABŞ-nyň Halkara ösüş agentliginiň (USAID) Türkmenistandaky hyzmatdaşy, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi (TSTB) bu miweli bagy görkeziş meýdançasy hökmünde hem-de has giň oba jemgyýetçiliginiň gatnaşmagy üçin amaly okuw ýeri hökmünde saýlady. USAID-iň Merkezi Aziýadaky bäsdeşlige ukyplylyk, söwda we täze iş orunlary döretmek taslamasy bu miweli bagda birnäçe amaly okuwlary gurnap, maslahat kömegini berdi.

Türkmenistanyň Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabyndaky alma baglary. / Suratyň awtory: Myrat Ataýew, USAID-iň Merkezi Aziýadaky bäsdeşlige ukyplylyk, söwda we täze iş orunlary döretmek taslamasy üçin.

Türkmenistanda almany ösdürip ýetişdirmegiň iň meşhur we adaty görnüşi köplenç giň aralyk bilen uzyn alma baglary ýetişdirýän miwe bakjalarydyr.

Bagbanlaryň köpüsi täze usullary, uly başlangyç maýa goýumlary hem-de jikme-jiklige has köp üns berilmegini talap edýän bagbançylygyň intensiw tejribesi bilen tanyş däldiler. Muňa garamazdan, çemeleşmäň intensiw görnüşi dogry berjaý edilende, takmynan 5-6 ýyldan hasyly iki esse artdyryp hem-de harajaty doly ödäp bolýar.

2016-njy ýyldan başlap, Türkmenistanda USAID-iň Merkezi Aziýadaky bäsdeşlige ukyplylyk, söwda we täze iş orunlary döretmek taslamasynyň işi ýurduň miwe we gök önümleriniň ösüşine gönükdirilendi. 2019-njy ýylyň güýzünden başlap beýleki taslamaslar bilen bilelikde türkmen alma bakjalarynda üýtgeşmeler girizilip başlandy. Ilkibaşda USAID görkeziş meýdançasynda yzygiderli maslahat bermek bilen bir hatarda birnäçe teoretiki okuwyny geçirdi. Emma, COVID-19 bilen baglanyşykly howpsuzlyk çäreleri sebäpli, 2020-nji ýylyň mart aýyndan ýardamyny wirtual ulgama geçirdi.

USAID-iň gatnaşmagynda Meselli bagban ýaly ýerli alma ösdürip ýetişdirijiler öz baglarynda alma hasylyny has ýokary netijelere ýetmäge mümkinçilik berýän möhüm agrotehniki çärelerini öwrendiler. USAID-iň maslahatçylary güýz-gyş çärelere degişli bolan iň täze tejribeleri bilen paýlaşyp, baglary dogry kesmek, dökünleri ulanmak, topragy bejermek, zyýan berijilere, haşal otlara we kesellere garşy göreşmek we hasyl ýygnamak boýunça birnäçe amaly okuw sapaklaryny gurnadylar. Ýardam ösüş möwsüminiň dowamyndada berilmäge dowam edildi.

Bu öňdebaryjy tejribeleriň ulanylmazlygy ýa-da gijikdirilip ýerine ýetirilmesi bolsa alma agajynyň ösmegine ýaramaz täsir edýär we hasyllylygyny peseldýär. Mysal üçin, baglaryň nädogry kesilmegi, nädogry suwaryşy, topragyň ýokumly maddalarynyň bozulmagy we zyýankeş mör-möjeklerden hem-de kesellerden ýetersiz derejede goralmagy hasyllylygy 50 göterime ýa-da ondan hem ýokary derejede azaldyp biler.

“USAID-iň ýardamy bilen baglaryň kesim işlerini, gerek bolan dökünleri ulanmagy, öz wagtynda we gerekli mukdarda suwarmagy hem-de kesellerden we zyýankeşlerden goranmagynyň usullaryny öwrendim” – diýip bagban Meselli öz gezeginde nygtady.

USAID-iň giňişleýin goldawy esasynda bagban Meselli Ahal welaýatynda ýerleşýän bag-bakjasyndan geçen ýyl bilen deňeşdirilende 2020-nji ýylda alma hasylyny iki esse ýaly artdyrmagy başardy. Her gektardan alynan hasyl ortaça 12-15 tonna bolup, bu Türkmenistandaky ortaça ýaş alma bagyndan 25 göterim ýokary bolup durýar.

Ýaňy-ýakynda, 2021-nji ýylyň mart aýynda USAID Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasy (UNDP) bilen bilelikde Türkmenistanda bagbançylygyň öňdebaryjy tejribesini giňden paýlaşmaga gönükdirilen ýenede bir işini geçirdi. USAID bu geçirilen onlaýn çäräniň üsti bilen Aşgabatdaky spikerleri hem-de welaýatdaky alma ýetişdirijilerini birleşdirdi. Bu çärä ýurdyň Lebap we Daşoguz welaýatlarynyň oba daýhanlaryny, ýerli häkimiýetleri, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary we Daşoguzda ýerleşýän Döwlet oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymlaryndan 50-den gowrak gatnaşyjy gantaşyp alma baglaryny zyýankeşlerden, haşal otlardan we kesellerden goramagyň halkara tejribesini öwrendiler.

Indi, Türkmenistanyň çägindäki 100-den gowrak daýhan alma hasylynyň has ýokary bolmagyny üpjün edýän yzygiderli we netijeli agrotehniki mümkinçikleri bilen üpjün edilendir. Türkmenistanyň käbir alma baglarynyň hasyllygy ýakyn ýyllarda iki esse artar.

Bu taslama barada
USAID-iň Merkezi Aziýadaky bäsdeşlige ukyplylyk, söwda we täze iş orunlary döretmek taslamasynyň maksady, Merkezi Aziýanyň bäş döwletiniň eksport ukybyny kämilleşdirmek hem-de miwe we bakja, syýahatçylyk, ulag we logistika pudaklarynda täze iş orunlary döretmek bolup durýar. USAID, sebitde kärhanalaryň bäsdeşlige ukyplylygyny kämilleşdirip hem-de söwdada bolan päsgelçilikleri aýyryp, hususy pudagyň has durnukly we bäsdeşlige ukyply bolmagyna ýardam berýär.

Bellikler
Taýýarlan: Assel Çoýbekowa, USAID-iň bäsdeşlige ukyplylyk, söwda we täze iş orunlary döretmek taslamasy Aragatnaşyk müdiri.
Ahal welaýaty, Turkmenistan